Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe parahatçylygyň şäheri diýlip ykrar edilýän gözel paýtagtymyz Aşgabat hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen taryhy ösüşleri başdan geçirýär. Ähli özgertmeleriň nusgalyk keşbinde gözel paýtagtymyzyň şähergurluşyk keşbini görmek bolýar. Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasaty we taýsyz tagallasy netijesinde Aşgabat şäheri düýpli özgerişlere eýe boldy. Paýtagtymyzyň dürli künjeginde dünýä ülňülerine laýyk gelýän ýaşaýyş jaýlarynyň, ýokary we orta okuw mekdepleriniň, çagalar baglarynyň, edara-kärhanalaryň we beýleki möhüm ähmiýetli desgalaryň gurluşyklarynyň ýokary depginde dowam etmegi şähergurluşyk-binagärlik keşbiniň özgermegine ýardam edýär. Paýtagtymyzda ajaýyp binalaryň ençemesiniň gurulmagy, halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy üçin bina edilýän ýaşaýyş jaýlary, dünýä ülňülerine laýyk gelýän awtomobil ýollary merjen şäherimizi dünýäniň döwrebap hem-de nusgalyk şäherleriniň birine öwürmek babatda alnyp barylýan işleriň ajaýyp miwesidir.
Ýurdumyzda her ýylyň maý aýynyň 25-ine Aşgabat şäheriniň güni hem-de «Soňky jaň» dabarasy uly şatlyk-şowhun bilen bellenilip geçilýär. Şanly seneleriň senenamasynda indi birnäçe ýyl bäri 25-nji maý Aşgabat şäheriniň güni hökmünde dabaraly bellenilýär. Munuň özi halkymyzyň gözel paýtagtymyza goýýan hormat-sarpasynyň nyşanydyr.