Dünýäde iň ygtybarly awtoulaglaryň sanawy yglan edildi

24 Maý 2024
312

Dünýäde iň ygtybarly awtoulaglaryň sanawy belli boldy. Sanawy «HotCars» portaly düzdi diýip, «Gazeta.ru» ýazýar. Oňa hiç hili kynçylyksyz 805 müň kilometrden köp menzil geçmäge ukyply ulaglar girdi.

Sanawyň başyny 2010–2015-nji ýyllarda çykarylan Hyundai Elantra kysymly ulaglar çekdi. Ol 1,6 litrlik 132 at güýjüne deň hereketlendirijili bolup, 1,6 million kilometrlik aralygy geçmäge ukyplydyr.