60 ýyl­dan soň ar­zu­wy­na ýet­di

24 Maý 2024
230

At­mos­fe­ra­nyň da­şy­na sy­ýa­ha­ty ama­la aşyr­ýan «Blue Ori­gin» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň soň­ky sy­ýa­ha­tyn­da­ky ýo­lag­çy­la­ryň bi­ri aý­ra­tyn hor­ma­ta my­na­syp adam­la­ryň bi­ri­di. 1960-njy ýyl­lar­da NA­SA-da kos­mo­sa çyk­mak üçin tür­gen­le­şik sa­pa­gy­ny ge­çen, em­ma kos­mo­sa çy­kyp bil­me­dik Ed Dwaýt 60 ýyl­dan soň­ra kos­mo­sa çyk­dy. 90 ýaş­ly Dwaýt kos­mo­sa çyk­mak üçin saý­la­nyp al­nan il­kin­ji ga­ra­ýa­gyz bo­lup­dy.

«Blue Ori­gin» kom­pa­ni­ýa­sy tä­jir­çi­lik mak­sat­ly kos­mos uçuş­la­ry­ny ama­la aşyr­ýar. «New She­pard» at­ly gä­mi ar­ka­ly ama­la aşy­ryl­ýan uçuş­lar­da kos­mos gä­mi­si at­mos­fe­ra­nyň gu­ta­ryp, kos­mos gi­ňiş­li­gi­niň baş­lan ýe­ri­ne çen­li ba­ryp, gys­ga wagt­lyk Ýe­riň dar­tyş güý­ji bol­ma­dyk çä­gin­de sak­lan­ýar. Soň­ra bol­sa yzy­na do­lan­ýar. Dwaýt bu uçu­şy­nyň ja­dy­laý­jy täsiriniň bo­lan­dy­gy­ny bel­le­ýär.