Jemgyýetiň sagdynlygy – döwrüň bagtyýarlygy

24 Maý 2024
180

Soň­ky ýyl­lar­da dün­ýä­de to­zan­ly ho­wa akym­la­ry güýç­len­ýär. Bu ýag­daý Ýer ýü­zün­de gu­rak­çy­ly­gyň art­ma­gy hem-de ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi bi­len bag­ly bo­lup, bu möw­süm­le­ýin te­bi­gy ha­dy­sa ha­sap­lan­ýar. To­zan­ly ýel­ler, esa­san hem, De­mir­ga­zyk Af­ri­ka­da, Ýa­kyn Gün­do­gar­da we Azi­ýa ýurt­la­ryn­da has köp bo­lup geç­ýär. Ho­wa­nyň ha­pa­lan­ma­gy sag­lyk üçin zy­ýan­ly bo­lup, ýa­şa­ýan se­bi­tiň ho­wa şert­le­ri ba­ra­da ha­bar­ly bol­mak örän mö­hüm­dir. Da­şa­ryk çyk­maz­dan ozal ho­wa mag­lu­ma­ty bi­len ýa­kyn­dan ta­nyş bol­ma­ly. Ho­wa­nyň ha­pa­lan­ma­gy – to­zan­ly ýel ýa-da ha­ra­sat adam sag­ly­gy­na oňaý­syz tä­sir et­me­gi müm­kin. Eý­sem, to­zan­ly ho­wa­dan nä­dip go­ran­ma­ly?

Ör­tük da­kyn­mak. To­zan­ly ho­wa­da da­şa­ry çyk­ma­ly bol­sa­ňyz, ör­tük da­kyn­ma­gy ýat­dan çy­kar­ma­ly däl. Ör­tük da­kyn­mak to­zan­ly ho­wa­dan go­ran­ma­gyň iň amat­ly usu­ly­dyr. Çün­ki ör­tük ha­pa ho­wa­ny sü­züp, aras­sa ho­wa­ny ge­çir­ýär.