Täsirli geçen duşuşyk

23 Maý 2024
240

Şu ýylyň 14-nji maýynda Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň, Balkan welaýat kazyýetiniň hem-de Magtymguly etrap häkimliginiň bilelikde guramagynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabyndaky Magtymguly Pyragy müzeýinde döredijilik duşuşygy geçirildi. Maslahata ýurdumyzyň kazyýetleriniň kazylary, kazyýet işgärleri, görnükli şahyrlary, ýazyjylary, bagşylary gatnaşdylar.

Döredijilik duşuşygy ilki bilen Magtymguly Pyragy muzeýine gezelenç etmekden başlandy. Muzeýde ýerleşdirilen eksponatlar gelen myhmanlarda uly täsir galdyrdy.

Myrat GARAÝEW,
Gyzylarbat etrap kazyýetiniň kazysy.