Milli gymmatlyklar — terbiýäniň çeşmesi

24 Maý 2024
276

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe zenanlaryň kanuny bähbitlerini we hukuklaryny goramak, gender deňligini üpjün etmek, durmuş ýeňilliklerini döretmek, maşgala gymmatlyklaryny rowaçlandyrmak arkaly jemgyýetimiz durnukly ösýär. Adamyň we raýatyň binýatlaýyn hukuklaryny amal etmek, zenanlaryň we erkekleriň deňhukuklylygyny konstitusion esasda pugtalandyrmak boýunça köpugurly çäreler durmuşa geçirilýär. Zenanlaryň, şol sanda gelin-gyzlaryň zähmet çekmegi, bilim almagy, hünär öwrenmegi, perzent terbiýelemegi üçin ähli şertler döredilýär. Olar milli ykdysadyýetiň kuwwatyny artdyrmak, watançy nesilleri terbiýelemek ugrunda göwün galkyndyryjy işleri amala aşyrýarlar. Düýn Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde geçirilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen zenanlarynyň el hünäriniň we nesil terbiýesiniň dünýäde dabaralanmasy» atly maslahatda-da bular barada giňişleýin gürrüň edildi.

Milli Liderimiz hem-de hormatly Prezidentimiz durmuş mekdebine öwrülen mähriban enelerimiziň, mähek daşyna deňelýän gelin-gyzlarymyzyň sarpasyny hemişe belent tutýar. Şeýle üns-aladadan göwni galkynýan gelin-gyzlarymyz manyly ömrüni il-ýurduna, mähriban ojagyna, nesil terbiýesine bagyş eden zenanlarymyzyň, aýratyn-da, milletiň käbesi, keşde we haly dokamagyň ussady Ogulabat enäniň ýörelgesine eýerip, müňýyllyklaryň jümmüşine aralaşýan milli ýörelgelerimizi, maşgala mukaddesliklerini yhlasly zähmet, egsilmez zehin bilen mynasyp dowam etdirýärler. Häzirki wagtda Ogulabat enäniň bary-ýogy 20 günüň içinde taýýarlan hem-de nagyşlary milli öwüşgini, asyrlaryň we döwürleriň beýik sazlaşygyny, nesilleriň arabaglanyşygyny özünde jemleýän nepis kürtesi Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň iň ajaýyp gymmatlyklarynyň hatarynda orun aldy.

Baýramgül ORAZDURDYÝEWA,
Türkmenistanyň bilim ministri.