22-nji maýda paýtagtymyzdaky Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezine Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdelerine satyn alnan, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň lukmançylyk enjamlaryny öndürýän meşhur «B.Braun» kompaniýasynyň iki sany «Dialog+» kysymly gemodializ enjamy sowgat berildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy ösüşiň ýokary derejelerine ýetýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda alnyp barylýan syýasatyň esasy ugurlary demokratiýanyň, kanunyň, adalatlylygyň dabaralanýandygy bilen bagly bolup durýar. Şuňa laýyklykda, ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynyň adam hukuklary boýunça Konwensiýasyndan gelip çykýan öz üstüne alan ähli halkara borçnamalaryny gyşarnyksyz ýerine ýetirýär. Döwlet derejesinde ilatyň saglygyny goramagyň işjeň syýasaty we strategiýasy «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň esasy bolup durýar.