Suw damjasy — altyn dänesi

23 Maý 2024
231

Türkmen halky hemişe tebigy baýlyklary, aýratyn-da, suwy aýawly peýdalanypdyr. Suw serişdeleriniň rejeli peýdalanylmagy bu günki gün Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuş-ykdysady strategiýasynda obasenagat toplumyny okgunly ösdürmegiň, daşky gurşawy goramagyň, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmagyň möhüm şertleriniň biri hökmünde kesgitlenendir. Häzirki döwürde arassa agyz suwy bilen ilaty ýeterlik üpjün etmek Durnukly ösüşiň maksatlarynyň esasylarynyň biridir. Ýurdumyzda suw arassalaýjy ulgamlaryny döretmäge, oba hojalygynda we önümçilikde suw tygşytlaýjy tehnologiýalary we täzeçil usullary peýdalanmaga aýratyn ähmiýet berilýär.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde şu ýylyň 8-nji maýynda Ýaşlyk şäherçesinde kuwwaty bir gije-gündizde 30 müň kub metre deň bolan suw arassalaýjy desganyň, 22-nji maýda bolsa paýtagtymyzda kuwwaty bir gije-gündizde 150 müň kub metr bolan «Bagtyýarlyk» agyz suwuny arassalaýjy desgasynyň açylyp ulanylmaga berilmegi munuň aýdyň mysallarydyr.

Nurmyrat SOLTYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň harby gullukçysy, kapitan.