25 mi­nut maşk et­me­giň peý­da­sy

24 Maý 2024
282

Gü­nu­zyn otu­ryp iş­le­me­giň we he­re­ket et­mez­li­giň sag­lyk üçin oňaý­syz ta­rap­la­ry­nyň bar­dy­gy mä­lim­dir. Bi­ler­men­ler her gün­ 25 mi­nut maşk et­me­giň otu­ryp iş­le­mek ze­rar­ly ýü­ze çyk­jak ke­sel­le­riň öňü­ni alyp bil­jek­di­gi­ni bel­le­ýär­ler. Has köp fi­zi­ki he­re­ke­tiň has köp peý­da­ly­dy­gy bel­le­nil­ýär. Köp adam işi se­bäp­li gü­nüň do­wa­myn­da 9-10 sa­ga­dy­ny sto­luň ba­şyn­da ge­çir­me­li bol­ýar. Bu bol­sa, bir­nä­çe ke­se­liň döremegine ge­ti­rip bil­ýär. «Bri­tish Jo­ur­nal of Sports Me­dicine» žur­na­lyn­da çap edi­len ma­ka­la­da gün­de­lik 20-25 mi­nut­lyk fi­zi­ki he­re­ke­tiň aşa köp he­re­ket­siz­li­giň ýü­ze çy­ka­ryp bil­jek tö­wek­gel­çi­li­gi­ni ara­dan aýyr­ýan­dy­gy bel­le­nil­ýär. Bu ba­ra­da ge­çi­ri­len yl­my işe Nor­we­gi­ýa­nyň Ark­ti­ka uni­wer­si­te­ti­niň alym­la­ry hem gat­na­şyp­dyr. Bi­ler­men­ler fi­zi­ki he­re­ket bi­len he­re­ket­siz otu­ryl­ýan wag­ty de­ňeş­di­rip, ola­ryň öz ara­la­ryn­da­ky tä­si­ri­ni öw­re­nip­dir­ler.

Yl­my bar­la­gyň çä­gin­de ýa­şy el­li­den ýo­ka­ry 12 mü­ňe go­laý ada­ma iki ýyl­lap gö­zeg­çi­lik edi­lip­dir. Ge­çi­ri­len bar­lag­da 12 sa­gat­dan köp otur­ma­gyň has zy­ýan­ly­dy­gy ýü­ze çy­ka­ry­lyp­dyr.