Te­bi­ga­ta zy­ýan­syz bul­gur

24 Maý 2024
194

Bir ge­zek ula­nyl­ýan plas­tik bul­gur­lar gün­de­lik dur­muş­da ula­nyl­ýan önüm­le­riň ha­ta­ry­na go­şul­dy. ABŞ-nyň ko­fe­ha­na zyn­jyr­la­ry­nyň bi­ri plas­tik we ka­gyz bul­gur­la­ryň ýe­ri­ne has ar­zan gör­nü­şi­ni ula­nyp baş­la­dy. Bu bul­gur­lar te­bi­ga­ta taş­la­nan ýag­da­ýyn­da-da zy­ýan ýe­tir­me­ýär. Se­bä­bi bu bul­gu­ry ön­dür­mek üçin çig mal hök­mün­de to­ýun ula­nyl­ýar. Şeý­le bo­lan­soň, bul­gur gys­ga wagt­dan pyt­rap top­ra­ga ga­ryş­ýar. Mag­lu­mat­la­ra gö­rä, her ýyl­da 500 mil­liard­dan gow­rak bir ge­zek ula­nyl­ýan bul­gur zi­bi­le taş­lan­ýar. Ka­gyz­dan ön­dü­ri­len bul­gur­la­ryň iç ýü­zün­de ýu­ka plas­tik gat­lak bol­ýar. Şeý­le bo­lan­soň, ola­ry çig mal hök­mün­de gaý­ta­dan ulan­mak kyn bol­ýar. To­ýun­dan ön­dü­ri­len bul­gur­lar bol­sa daş­ky gur­şa­wa ýe­ti­ril­ýän zy­ýa­ny azalt­ma­ga ýar­dam eder.

Tyl­la­gö­zel NU­RY­ÝE­WA,