"Rysgal" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi
Salgysy: Aşgabat şäheri, A.Nyýazow şaýoly, 174
Telefon belgileri:21-23-57

Habarlar

Iri sport baýramçylygyna ýokary taýýarlyk bilen!

23 — 28-nji noýabrda paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda geçiriljek Kuraş boýunça XIV dünýä çempionaty Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary, Arkadagly Serdarymyzyň tagallalary esasynda döwletimiziň sport babatdaky syýasatynyň, sport diplomatiýasynyň ösüşiň täze belentliklerine çykýandygynyň nobatdaky dabaralanmasy bolar. BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň ştab-kwartirasyndan Türkmenistanyň 2023 — 2027-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň agzalygyna biragyzdan saýlanandygy baradaky hoş habaryň gelip gowuşmagy bolsa iri sport baýramçylygynyň öňüsyrasynda ählimiziň göwnümizi joşduryp, täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrdy. Her bir abraýly sport ýaryşynyň guramaçylyk işlerinde bolşy ýaly, Kuraş boýunça XIV dünýä çempionatyny ýokary derejede geçirmek üçin hem ýurdumyzda giňden taýýarlyk işleri alnyp baryldy. Döwlet Baştutanymyzyň şu ýylyň 12-nji iýulynda gol çeken Kararyna laýyklykda, 23 — 28-nji noýabrda paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda Kuraş boýunça dünýä çempionatyny geçirmek bellenildi. 16-njy awgustda bolsa bu iri ýaryşy Aşgabat şäherinde geçirmek hakynda Ylalaşyga gol çekmek hem-de Halkara kuraş assosiasiýasynyň baýdagynyň Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetine gowşurylyş dabarasy

Aşgabat dünýä çempionatyny garşylaýar (Kuraş — 2023)

23-nji noýabrda türkmen paýtagtynda Kuraş boýunça dünýä çempionaty badalga alar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ýokary derejeli sporty ösdürmek babatynda alnyp barylýan işler özüniň oňyn netijelerini berip, halkara derejede ykrar edilýär. 23 — 28-nji noýabrda paýtagtymyzda geçiriljek iri sport baýramçylygy — Kuraş boýunça XIV dünýä çempionaty hem ata Watanymyzyň sport abraýynyň nobatdaky gezek dabaralanmasy bolar.

Sport diplomatiýamyz rowaçlanýar

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary esasynda ýurdumyzda bedenterbiýäniň we sportuň ösdürilmegi hem-de halkara sport hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegi döwletimiziň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Garaşsyz Türkmenistan häzirki wagtda ösen sport ulgamyna eýe bolan, dünýä derejesindäki ýaryşlary üstünlikli geçirmekde baý tejribe toplan, halkara sport hyzmatdaşlygy ulgamyna işjeň gatnaşýan ýurt hökmünde tanalýar. Häzirki wagta çenli Türkmenistan daşary ýurtlar bilen sport ulgamynda hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça dürli hökümetara we pudagara derejedäki ylalaşyklaryň onlarçasyna gol çekişdi. Ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasy, ÝUNESKO, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy, Halkara Olimpiýa Komiteti, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi we beýleki abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär. Şeýle hyzmatdaşlygyň çäklerinde Türkmenistan Olimpiýa nyşanlaryny gorap saklamak baradaky Naýrobi ylalaşygyna goşuldy, ÝUNESKO-nyň sportda doping serişdelerini ulanmaga garşy göreşi boýunça Halkara Konwensiýasyny tassyklady, Milli antidoping agentligini döretdi.

Kuraş boýunça dünýä çempionaty — parahatçylygyň we dostlugyň baýramy

Ýer ýüzüniň çar künjünde ýaşaýan, dürli dillerde gepleýän, pikir-garaýyşlary we ynanç-ygtykatlary tapawutly adamlaryň bir ýere jemlenip, bir maksada ymtylmagy diňe bir akyldarlaryň asyrlarboýy arzuwlan bagty däl, eýsem, halkara sport ýaryşlaryna mahsus aýratynlykdyr. Şeýle güýje eýe bolan sportuň ýurdumyzda-da sarpalanyp, yzygiderli ösdürilmegi hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda berkarar döwletimiziň amala aşyrýan asylly syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Merjen paýtagtymyz Aşgabatda — sagdynlygyň, bagtyýarlygyň, dost-doganlygyň nurana şäherinde ozal geçirilen halkara sport baýramçylyklarynyň dabarasy daglary aşyp, eziz Watanymyzyň sebit we yklym derejesindäki abraýly ýaryşlary ýokary derejede guramaga ukyplydygyny Ýer ýüzüne äşgär etdi. 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary, 2018-nji ýylda Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty, «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisi ýaly iri ýaryşlary üstünlikli geçiren ýurdumyzda 23-nji noýabrda başlanjak Kuraş boýunça dünýä çempionaty türkmen sportunyň abraýyny has-da artdyrar. Iri ýaryşyň öňüsyrasynda kuraşyň taryhy, aýratynlyklary we düzgünleri barada söhbet etmek hem-ä ýakymly, hemem peýdalydyr.

Döwrebap desga

Iri halkara ýaryşynyň üstünlikli geçirilmegi üçin ähli amatlyklar bilen üpjün edilen sport desgasynyň bolmagy esasy zerurlyklaryň biridir. Abraýly halkara ýaryşlaryny üstünlikli guramakda baý tejribesi bolan paýtagtymyzyň gözel künjeginde gurlan Olimpiýa şäherçesiniň çäginde ýerleşýän Başa-baş söweş sungaty sport toplumy hem Kuraş boýunça dünýä çempionatyny ýokary derejede geçirmek üçin iňňän oňaýly sport desgadyr. Olimpiýa şäherçesiniň günorta böleginde ýerleşýän desga birbada 5 müňden gowrak janköýere sport ýaryşlaryna tomaşa etmäge mümkinçilik berýär. Bu ýerde mümkinçiligi çäkli adamlar üçinem bäsleşiklere tomaşa etmäge zerur şertler döredilendir. Şeýle hem desgada metbugat wekilleriniň işlemegi üçin ýörite zal, 430 orunlyk garbanyşhana, 200 orunlyk mejlisler zaly, türgenler we eminler üçin niýetlenen geýim çalşyrylýan otaglar, döwrebap fitnes merkezi, iş we tehniki otaglar bar.

Düzgünler we adalgalar

Kuraş göreşiniň ýönekeý düzgünleri bolup, olar asyrlaryň dowamynda dilden-dile geçirilip gelnipdir. 1991-nji ýylda özbegistanly pälwan, halkara derejeli sport ussady Komil Ýusupow kuraşyň düzgünlerini halkara standartlaryna laýyk getirýär. Sportuň kuraş görnüşinde göreş düşekçesine çykýan pälwanlar ak jalbar we ýaşyl ýa-da gök reňkli ýuka halat — «ýahtak» geýýärler, şeýle hem billerine galyňlygy 4-5 santimetr bolan gyzyl reňkli mata guşagy guşanýarlar. Tutluşyklar ölçegi 14x14 ýa-da 16x16 metr ululykda, üç zolaga bölünen göreş düşekçelerinde geçirilýär. Olar «gilam» diýlip atlandyrylýar.

Altyn medalyň arzuwynda

Döwlet Hemrakulyýew 2002-nji ýylyň 28-nji maýynda Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň Farap şäherçesinde dogulýar. Başlangyç bilimi Farap şäherçesindäki häzirki 61-nji orta mekdepde alýar. Orta mekdebi tamamlap, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň hatarynda çagyryş boýunça harby gullugy geçýär. 2022-nji ýylda bolsa birnäçe ýaryşlarda üstünlikli çykyş eden ezber pälwana Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport fakultetine okuwa girmek miýesser edýär. Sport ýaryşlarynda üstünlikli çykyş edip, Watanyň Baýdagyny belentde parlatmak her bir türgen üçin uly bagt. Şol ýaryş dünýä çempionaty, onda-da, öz ýurduňda guralýan bolsa şeýle üstünligiň gymmaty has-da artýar. Bizem Aşgabatda geçiriljek Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda geljegine uly umyt bildirilýän türgenlerimiziň biri Döwlet Hemrakulyýew bilen söhbetdeş bolduk.

Aşgabat Kuraş boýunça dünýä çempionatyny kabul eder

23 — 28-nji noýabr aralygynda ak şäherimiz Aşgabat ýene bir sport baýramçylygyny — Kuraş boýunça 14-nji dünýä çempionatyny kabul eder. Ýaryşa gatnaşmak üçin 53 döwletden 491 myhmanyň gelmegine garaşylýar. Olaryň agramly bölegi türgenlerdir. Çempionatda medallaryň 60-sy üçin göreşiler. Dünýä çempionaty agram derejeleriniň 15-si boýunça — 7-si erkekleriň, 8-si bolsa zenanlaryň arasynda geçiriler. Has takygy, erkekleriň arasynda 60, 66, 73, 81, 90 we 100 kilograma çenli hem-de 100 kilogramdan ýokary; zenanlaryň arasynda 48, 52, 57, 63, 70, 78 we 87 kilograma çenli we 87 kilogramdan ýokary agram derejelerinde bäsleşikler guralar.

Belent ykrarnama kalbymyzy ganatlandyrdy

Ýurdumyzyň 2023 ― 2027-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň agzalygyna biragyzdan saýlanylandygy baradaky hoş habary bilim işgärleri hem uly begenç bilen kabul etdiler. Bu hoş habaryň Diýarymyzda sanlyja günden badalga aljak dünýä derejeli sport baýramçylygynyň ― kuraş boýunça dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda gelip gowuşmagy bolsa şatlygymyzy goşalandyrýar. Soňky ýyllarda Türkmenistan ― ÝUNESKO gatnaşyklarynyň gerimi barha giňelýär. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň maddy we maddy däl gymmatlyklarynyň birnäçesi bu guramanyň abraýly sanawlaryndan orun aldylar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň geçen hepdäniň anna güni geçirilen mejlisinde hem nygtaýşy ýaly, ÝUNESKO-nyň nobatdaky ykrarnamasy ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyk ýörelgeleri esasynda alyp barýan daşary syýasatynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden goldaw tapýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Sport gimnastikasy boýunça welaýat birinjiligi geçirildi

Biziň sport mekdebimizde sport gimnastikasy boýunça welaýat birinjiligi geçirildi. Ýaryşlar sport ussatlygyna dalaşgär hem-de sport ussady derejesi berlen türgenleriň arasynda aýry-aýrylykda guraldy. Sport ussatlygyna dalaşgär gyzlaryň arasynda geçirilen ýaryşda Arzuw Kuwwatowa taý tapylmady. Ol owadan we sazlaşykly hereketleri bilen bäsdeşleriniň ählisinden köp utuk ýygnamagy başardy. Şu ýaryşda Gülbahar Seýitberdiýewa ikinji, Gülnara Jumaýewa bolsa üçünji orunlary eýelediler.

Türgenlerimiz dünýä çempionatyna taýýar!

Ýene üç günden ak şäherimiz Aşgabatda iri sport baýramçylygy — Kuraş boýunça dünýä çempionaty başlanar. Ýakynlaşdygyça tolgunmalary artdyrýan ýaryşa türkmen türgenleri ýokary derejedäki taýýarlyk bilen geldiler. Çempionatyň başlanmagyna birnäçe gün galanda, ýurdumyzyň erkekler we zenanlar ýygyndylarynyň baş tälimçileri Dörtguly Tejenow bilen Şirin Kubaýewa oňa gatnaşjak türgenlerimizi kesgitlediler. Ýeri gelende aýtsak, dünýä çempionaty agram derejeleriniň 15-si boýunça geçirilip, şolaryň 7-si erkekleriň, 8-si bolsa zenanlaryň arasyndaky ýaryşlara degişlidir. Has takygy, ýaryşlar erkekleriň arasynda 60, 66, 73, 81, 90, 100 kilograma çenli hem-de 100 kilogramdan ýokary; zenanlaryň arasynda 48, 52, 57, 63, 70, 78, 87 kilograma çenli we 87 kilogramdan ýokary agram derejelerinde guralar.

Ku­ra­şyň ösüş ta­ry­hyn­dan

«7/24. tm» № 48 (183) 20.11.2023 23 — 28-nji no­ýabr ara­ly­gyn­da paý­tag­ty­myz­da­ky Olim­pi­ýa şä­her­çe­si­niň Ba­şa-baş sö­weş sun­ga­ty sport top­lu­myn­da ge­çi­ril­jek Ku­raş bo­ýun­ça dün­ýä çem­pio­na­ty­na taý­ýar­lyk iş­le­ri ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­sin­de al­nyp ba­ryl­ýar.

Meşhur göreşiň düýni we şu güni

«7/24. tm» № 48 (183) 20.11.2023 Ku­raş ga­dy­my sport gö­reş­le­ri­niň bi­ri ha­sap edil­ýär. Yl­my mag­lu­mat­la­ra gö­rä, onuň ýü­ze çy­kan dö­wür­le­ri üç ýa­rym müň ýyl ta­ry­ha uza­ýar.

Dün­ýä çem­pio­na­ty­nyň me­da­ly ga­za­nyl­dy

«7/24. tm» № 48 (183) 20.11.2023 Türk­me­nis­tan­ly tür­gen Be­genç Bal­ta­ýew Ýe­re­wan­da ge­çi­ri­len sam­bo bo­ýun­ça dün­ýä çem­pio­na­tyn­da bü­rünç me­dal ga­zan­dy. Le­bap we­la­ýa­ty­nyň Be­den­ter­bi­ýe we sport ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti­niň 2-nji sport mek­de­bi­niň 28 ýaş­ly tä­lim­çi­si bu üs­tün­li­gi­ni 79 kilograma çen­li ag­ram de­re­je­sin­de ga­zan­dy. Ýa­ryş­da 24 päl­wan me­dal­lar ug­run­da gö­reş­di.

Dün­ýä de­re­je­li ýa­ryş­lar

«7/24. tm» № 48 (183) 20.11.2023 Hä­zir­ki gün­ler­de Türkmenistanda ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­sin­de taý­ýar­lyk­ly ge­len çä­rä­miz bo­lan Ku­raş bo­ýun­ça XIV dün­ýä çem­pio­na­ty dün­ýä­de dost­lu­gyň, do­gan­ly­gyň, ag­zy­bir­li­giň, je­bis­li­giň bar­ha ber­ke­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len çä­re­le­riň bi­ri hök­mün­de taryhyň al­tyn sa­hy­pa­la­ry­na gi­rip gi­der. Mil­li tür­gen­le­ri­miz bu ab­raý­ly hal­ka­ra bäs­le­şi­gin­de üs­tün­lik­li çy­kyş edip, döw­le­ti­mi­ziň ýa­şyl Tu­gu­ny ýe­ne-de bir mer­te­be be­lent­de par­la­dar­lar.

Iri sport çä­re­si­ne taý­ýar­lyk

«7/24. tm» № 48 (183) 20.11.2023 Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň be­ýik baş­lan­gyç­la­ry bi­len ba­dal­ga ber­len tä­ze eý­ýam­da, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Serdarymy­zyň ta­gal­lala­ry bi­len, ýur­du­my­zyň hal­ka­ra sport ab­ra­ýy tä­ze de­re­je­le­re çyk­ýar. Dün­ýä de­re­je­li iri sport ýa­ryş­la­ry­ny özün­de ka­bul et­mä­ge ukyp­ly döw­let hök­mün­de yk­rar edi­len Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan döw­le­ti­miz­de dür­li, şol san­da hal­ka­ra de­re­je­dä­ki ýa­ryş­la­ryň ge­çi­ril­me­gi sport bo­ýun­ça mil­li stra­te­gi­ýa­my­zyň iş ýü­zün­de ama­la aş­ýan­dy­gy­na aý­dyň şa­ýat­lyk ed­ýär.

Mö­hüm okuw — usu­ly gol­lan­ma

«7/24. tm» № 48 (183) 20.11.2023 Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan döw­le­ti­miz iri sport çä­re­le­ri­niň, hal­ka­ra ýa­ryş­la­ryň we çem­pio­nat­la­ryň ge­çi­ril­ýän ýe­ri­ne öw­rül­ýär. Paý­tag­ty­my­zyň gö­zel­li­gi­ne görk goş­ýan, se­bit­de, bel­ki-de dün­ýä­de özü­niň aja­ýyp­ly­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýan Olimp­iýa şä­her­çe­sin­de ge­çi­ril­jek Ku­raş bo­ýun­ça XIV dün­ýä çem­pio­na­ty bu aý­dy­lan­la­ra aý­dyň my­sal­la­ryň bi­ri­dir.

Saý­la­ma ýa­ry­şyň il­kin­ji oý­ny

«7/24. tm» № 48 (183) 20.11.2023 Türk­me­nis­ta­nyň fut­bol bo­ýun­ça mil­li ýy­gyn­dy­sy dün­ýä çem­pio­na­ty­nyň saý­la­ma ýa­ry­şy­na yk­jam taý­ýar­lyk gör­di. Mer­gen Ora­zo­wyň tä­lim ber­ýän­ oýunçylary Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň çem­pio­na­ty­na gat­naş­dy­lar, bir­nä­çe ýol­daş­lyk oýun­la­ry­ny ge­çir­di­ler. Mil­li ýy­gyn­da ça­ky­lyk alan ýaş oýun­çy­la­ryň uly to­pa­ry ýol­daş­lyk du­şu­şyk­la­ry­nyň, okuw-tür­gen­le­şik­le­ri­niň sy­na­gyn­dan geç­di­ler. 2023-nji ýy­lyň 16-njy no­ýab­ryn­da bol­sa Türk­me­nis­ta­nyň ýy­gyn­dy­sy «Aş­ga­bat» kö­pu­gur­ly sta­dio­nyn­da Öz­be­gis­ta­nyň ýy­gyn­dy­sy­ny ka­bul et­di. Bu oýun 1:3 hasabynda myhmanlaryň peýdasyna tamamlandy.

Sport we bedenterbiýe

«7/24. tm» № 48 (183) 20.11.2023 Te­jen et­ra­by­nyň Aga­laň ge­ňeş­li­gin­dä­ki 5-nji ça­ga­lar ba­gyn­da TDP-niň Te­jen et­rap ko­mi­te­ti­niň gu­ra­ma­gyn­da et­ra­byň ça­ga­lar ba­gyn­da zäh­met çek­ýän ter­bi­ýe­çi­le­riň gat­naş­ma­gyn­da «Ber­ka­rar döw­le­tiň bag­ty­ýar ça­ga­la­ry» at­ly şy­gar as­tyn­da wa­gyz-ne­si­hat mas­la­ha­ty ge­çi­ril­di. Oňa et­rap hä­kim­li­gi­niň we­kil­le­ri, jem­gy­ýet­çi­lik gur­ama­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry gat­naş­dy­lar.

Spor­tuň ta­ry­hyn­da nä­me­ler bol­dy?

«7/24. tm» № 48 (183) 20.11.2023 Mil­li bas­ket­bol li­ga­sy­nyň (MBA) ady­gan we­kil­le­ri­niň bi­ri bo­lan Kar­los Bu­zer hem şu gün dog­lan gü­nü­ni bel­le­ýär.