Magtymguly ile ýaýdyň nesihat

12 Aprel 2024
195

Ahal welaýat kitaphanasynda “Magtymguly ile ýaýdyň nesihat” ady bilen okyjy ýaşlaryň gatnaşmagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly, şeýle-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan duşuşygy welaýat kitaphanasynyň neşirleri saklamak bölümi gurady.

Duşuşykda üstümizdäki ýylda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň baý many-mazmunly çärelere beslenip bellenilýändigi, welaýat kitaphanasy tarapyndan hem ajaýyp senä bagyşlanan “tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlikleriň, bäsleşikleriň, edebiýat agşamlarynyň, maslahatlardyr duşuşyklaryň geçirilýändigi barada ýaşlara täsirli gürrüň berildi. Onuň barşynda türkmen we dünýä edebiýatynyň baý hazynasyna uly goşant goşan akyldar şahyrymyzyň ajaýyp şygyrlarynyň, öňe süren taglymatlarynyň, öwüt-ündewleriniň terbiýeçilik ähmiýeti barada aýdylanlar ýakymly duýgulary döretdi.

Täzegül MYRADALYÝEWA,
Ahal welaýat kitaphanasynyň neşirleri saklamak bölüminiň müdiri.