Bagtyýarlygyň binýady

12 Aprel 2024
218

Bütindünýä saglyk gününe bagyşlanan baýramçylyk dabaralary ýurdumyzda sport ulgamynyň yzygiderli ösdürilmegi, onuň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegi, halkymyzyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesiniň barha giňden ornaşdyrylmagy barada edilýän işleriň özboluşly beýanyna öwrüldi.

Bütindünýä saglyk güni mynasybetli paýtagtymyzda geçirilen welosipedli ýöriş hem-de aýdym-sazly dabaralar diýseň ýatda galyjy boldy. Bu çärelere ýokary okuw mekdebimiziň mugallymlarydyr talyplary hem işjeň gatnaşdylar.