40 ýyl­dan soň 24-nji ku­bok

12 Aprel 2024
160

Is­pa­ni­ýa­nyň Şa Ku­bo­gy ýa­ry­şy­nyň fi­na­lyn­da «At­le­tik Bil­bao» bi­len «Mal­ýor­ka» to­par­la­ry du­şuş­dy. Se­wil­ýa şä­he­rin­dä­ki «La Kar­tu­ha» sta­dio­nyn­da ge­çi­ri­len fi­nal­da il­kin­ji bo­lup, ha­sa­by «Mal­ýor­ka» to­pa­ry aç­dy. Oý­nuň 21-nji mi­nu­tyn­da Da­ni­el Rod­ri­ge­siň go­ly bi­len «Mal­ýor­ka» 1–0 öňe saý­lan­dy. Şon­dan soň hü­jüm­le­ri­niň sa­ny­ny ha­sam art­dy­ran «At­le­tik» to­pa­ry­na 1-nji ýa­rym­da ha­sa­by deň­le­mek ba­şar­tmady. Ni­ko Wil­li­am­syň ge­çi­ren go­ly of­saýt se­bäp­li ha­sa­ba alyn­ma­dy.

2-nji ýa­ry­ma gol bi­len baş­lan «At­le­tik Bil­bao» to­pa­ry 50-nji mi­nut­da Oi­han San­se­tiň go­ly esa­syn­da ha­sa­by deň­le­di. Oýun­dan soň­ky pe­nal­ti ur­gu­la­ryn­da-da 4–2 ha­sa­byn­da üs­tün çy­kan «At­le­tik Bil­bao» to­pa­ry 40 ýyl­dan soň 24-nji Şa Ku­bo­gy­ny ga­zan­dy. Bil­bao şä­he­ri­niň we­ki­li soň­ky ge­zek 1983/84 möw­sü­min­de ku­bo­gy eýe­läp, şon­dan soň çy­kan 6 fi­na­lyn­da-da ýeň­li­şe se­ze­war bo­lup­dy. «At­le­tik» to­pa­ry Is­pa­ni­ýa­nyň Şa Ku­bo­gy­ny ga­zan­mak­da 31 ku­bok­ly «Bar­se­lo­na­dan» soň 2-nji ýe­ri eýe­le­ýär. Bu ugur­da «Re­al Mad­rid» 20 ku­bok bi­len 3-nji orun­da bar­ýar.