Ýaş tennisçiler bäsleşdi

12 Aprel 2024
214

Bäherden etrabynyň sport mekdebinde “Sagdyn durmuş ýörelgeleri, watansöýüjilik, ahlaklylyk we ynsanperwerlik dana Pyragynyň edebi-pelsepeleýin döredijilik esaslaryny düzüji gymmatlyklardyr” ady bilen sportuň stoluň üstünde oýnalýan tennis görnüşi boýunça 2011-2012-nji ýyllarda doglan oglan-gyzlaryň arasynda ýaryş geçirildi. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylyna bagyşlanan ýaryşy etrabyň bedenterbiýe we sport bölümi hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşi bilelikde gurady.

Çekeleşikli ýagdaýda geçen ýaryşda etrapdaky 17-nji orta mekdebiň okuwçylary Wepa Nazarow, Ahmetýar Gurbangulyýew, Mähriban Gündogdyýewa dagydan ybarat topar birinji orny eýeledi. Ikinji orna 27-nji orta mekdebiň, üçünji orna bolsa 28-nji orta mekdebiň toparlary mynasyp boldy. Ýaryşda ýeňiş gazanan toparlara hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Hurmagül ANNAGURBANOWA,
Bäherden etrabynyň bedenterbiýe we sport bölüminiň Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy.