Çempionlyga 3 utuk galdy

12 Aprel 2024
127

Ger­ma­ni­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da «Ba­ýe­riň» ta­ry­hy çem­pi­on­ly­gy­na bir ýe­ňiş gal­dy. Ýeň­liş­siz ýö­ri­şi­ni Ber­lin­de hem do­wam et­di­ren Ha­bi Alon­so­nyň şä­girt­le­ri «Union» to­pa­ry­ny Wirt­siň 45+8-nji mi­nut­da penaltiden ge­çi­ren go­ly esa­syn­da 1–0 ýe­ňip, ýeň­liş­siz­lik ýo­lu­ny 41 du­şu­şy­ga çy­kar­dy. Olar in­di­ki tap­gyr­da öz meý­dan­ça­syn­da «Wer­de­ri» ýe­ňen ýag­da­ýyn­da çem­pi­on­ly­gy­ny yg­lan eder­ler. Soň­ky 11 ýy­lyň çem­pio­ny «Ba­wa­ri­ýa» myh­man­çy­lyk­da «Haý­den­haým» bi­len du­şu­şyp, Keýn hem-de Gnab­ri­niň gol­la­ry bi­len öňe geç­se-de, 2-nji ýa­ry­myň baş­la­ryn­da 2 mi­nut­da 2 gol ge­çir­dip, ha­sa­byň deň­len­me­gi­niň öňü­ni alyp bil­me­di. Oý­nuň 79-njy mi­nu­tyn­da-da 2-nji go­luň aw­to­ry Klýaýn­dinst to­pa­ry­nyň 3-nji go­lu­ny ge­çi­rip, «Haý­den­haý­ma» ta­ry­hy ýe­ňiş ga­zan­dyr­dy. «Ba­wa­ri­ýa» şu möw­süm­de 6-njy ge­zek ýeň­li­şe se­ze­war bo­lup, mün­hen­liler mun­dan öň 2011/12 möw­sü­min­de 6 sa­par utu­lyp­dy­lar. 3-nji ýer üçin gö­reş­ýän «Bo­rus­si­ýa Dort­mund» bi­len «Ştut­gar­tyň» ara­syn­da­ky oýun­da myh­man­lar Gi­ras­si­niň ýe­ke-täk go­ly bi­len ýeň­şi­ni baý­ram et­di. Open­da­nyň 2 gol ge­çi­ren oý­nun­da «Fraý­bur­gy» 4–1 ha­sa­byn­da ýe­ňen «Le­ip­sig» 4-nji or­na beý­gel­di.