Taryhda şu gün

12 Aprel 2024
136

2003-nji ýy­lyň 13-nji ap­re­lin­de Lon­don şä­he­rin­de ge­çi­ri­len ma­ra­fon bäs­le­şi­gin­de çy­kyş eden ýer­li ýe­ňil at­le­ti­ka­çy Po­la Redk­lif ze­nan ma­ra­fon­çy­la­ryň ara­syn­da dün­ýä re­kor­dy­ny goý­ma­gy ba­şar­dy.

42 ki­lo­metr 195 metr ara­ly­gy geç­mek üçin P.Redk­lif­fiň 2 sa­gat 15 mi­nut 25 se­kunt sarp eden­di­gi­ni bel­le­mek ge­rek. Bu ma­ra­fon­çy ze­nan dört ge­zek (1996, 2000, 2004, 2008) to­mus­ky Olim­pi­ýa oýun­la­ry­na gat­naş­sa-da, baý­rak­ly or­na dü­şüp bil­me­di. 2005-nji ýyl­da ge­çi­ri­len dün­ýä çem­pio­na­tyn­da uzak ara­ly­ga yl­ga­mak gör­nü­şin­de al­tyn me­da­la my­na­syp bo­lan ang­li­ýa­ly ýe­ňil at­le­ti­ka­çy Lon­don (2002, 2003, 2005) hem-de Nýu-Ýork (2004, 2007, 2008) ma­ra­fon­la­ryn­da 3 ge­zek­den ýe­ňiş ga­zan­ma­gy ba­şar­dy.

Ars­lan ORA­ZOW,
sport syn­çy­sy.