«Aýak­syň» ta­ry­hy ýeň­li­şi

12 Aprel 2024
123

Ni­der­land­la­ryň çem­pio­na­ty «Ere­divisie»-de kem-kem­den no­bat­da­ky çem­pi­on­ly­gy­na golaýlaýan PSW to­pa­ry öz meý­dan­ça­syn­da 29-njy tap­gy­ryň çä­gin­de 4-nji ýer­dä­ki «AZ Alk­ma­ar» to­pa­ryn­dan 4–1 ha­sa­byn­da üs­tün çyk­dy. Eýd­ho­wen­li­le­riň do­ly ar­tyk­maç­ly­gyn­da ge­çen oýun­da ýer eýe­le­ri­niň gol­la­ry­ny Ba­ka­ýo­ko (9), De Ýong (23, 53), Wer­man (80) hem-de Une­ken (90+1) ge­çir­di. Şu möw­süm­de hä­zir­lik­çe 1 ge­zek utu­lan PSW to­pa­ry 78 utuk bi­len 2-nji ýer­dä­ki «Fe­ýe­noord­dan» 9 utuk öň­de bar­ýar.

«Fe­ýe­noord» to­pa­ry soň­ky tap­gyr­da «Aýaks» bi­len du­şu­şyp, gar­şy­da­şy­ny ta­ry­hy ha­sap bi­len ýeň­li­şe se­ze­war et­di. 6–0 ha­sa­byn­da ýe­ňiş ga­za­nan rot­ter­dam­ly­la­ryň adyn­dan Paý­şao (34, 66), Min­teh (35, 56), Gans­ko (45+2) hem-de Tim­ber (62) ta­pa­wut­lan­dy. «Aýaks» to­pa­ry ta­ry­hyn­da çem­pio­nat­da il­kin­ji ge­zek 6 gol­ly ara­ta­pa­wut bi­len ýeň­li­şe se­ze­war bol­dy. 1-nji oýun­da-da 4–0 ha­sa­byn­da as­gyn ge­len «Aýaks» to­pa­ry kö­ne bäs­de­şin­den şu möw­süm­de jo­gap­syz 10 gol ge­çirt­di. «Aýaks» çem­pio­nat­da 45 utuk bi­len 2-nji ýer­de bar­ýar.