Hokkeý boýunça halkara ýaryş sportuň parahatçylygyň ilçisidigini jar edip, paýtagtymyz Aşgabatda dostlukly döwletleriň türgenlerini duşurar

12 Aprel 2024
374

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan döwletimizde 15 — 20-nji aprelde hokkeý boýunça halkara ýaryş geçiriler. Güneşli Watanymyzda sportuň buzda oýnalýan görnüşi boýunça halkara ýaryşyň geçirilmegi ýurdumyzyň sport ulgamynda uly öňegidişlikleri gazanýandygyny, şeýle-de hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda sporta aýratyn ähmiýet berilýändigini subut edýär.

Ilkinji nobatda, ýurdumyzda hokkeý boýunça ýaryşlary geçirmek babatda ýeterlik tejribäniň bardygyny bellemek gerek. Çünki, ýadyňyzda bolsa, paýtagtymyzda Türkmenistanyň Prezidentiniň kubogy ugrundaky hokkeý ýaryşlarynyň ikisi geçirilipdi. Ol ýaryşlara dünýä döwletlerinden güýçli hokkeý toparlarynyň birnäçesi gatnaşypdy we olar biziň toparlarymyz üçin kämillik mekdebi bolupdy. Şu jähetden, bu gezekki hokkeý boýunça halkara ýaryşda hem milli toparlarymyzyň üstünlikli çykyş etjekdigine tüýs ýürekden ynanýarsyň.

«Nesil».