Şow­ly çy­kyş­lar

12 Aprel 2024
271

«Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­lyn­da köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýä­ni, spor­ty we sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni wa­gyz et­mek mak­sa­dy bi­len, şeý­le hem Bü­tin­dün­ýä sag­lyk gü­ni my­na­sy­bet­li ýur­du­my­zyň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň ta­lyp­la­ry­nyň we umu­my­bi­lim ber­ýän or­ta mek­dep­le­ri­niň okuw­çy­la­ry­nyň ara­syn­da «He­re­ket­li we san­ly sport – sport­da in­no­wa­si­ýa­lar» at­ly spor­tuň fi­ji­tal gör­nüş­le­ri bo­ýun­ça ýa­ryş­lar ge­çi­ril­di. Bu ýa­ryş­da or­ta sport mek­de­bi­mi­ziň to­pa­ry hem üs­tün­lik­li çy­kyş et­di. Ýaş tür­gen­le­ri­miz fi­ji­tal bas­ket­bol bo­ýun­ça 1-nji or­na my­na­syp bol­du­lar.

Türk­men döw­let be­den­ter­bi­ýe we sport ins­ti­tu­ty­nyň spor­tuň olim­pi­ýa gör­nüş­le­ri fa­kul­te­ti­niň kö­pu­gur­ly sport top­lu­myn­da gu­ra­lan bu ýa­ryş­lar ýaş­la­ra ukyp-ba­şar­nyk­la­ry­ny gör­kez­mä­ge giň müm­kin­çi­lik dö­ret­di.

Gur­ban­ýaz HAN­GEL­DI­ÝEW,
«Olimp» or­ta sport mek­de­bi­niň di­rek­to­ry­nyň orun­ba­sa­ry.