At üstündäki oýunlar

12 Aprel 2024
166

Türkmen halkynyň köp asyrlyk taryhy we ykbaly bedewler bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Halkymyzda milli at üstündäki oýunlar hem gadymy döwürlerden bäri meşhurdyr. Häzirki döwürde «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary hem uçar ganatymyz bolan ahalteke bedewlerini, şeýle hem özboluşly milli sungatymyzy dünýä ýaýmaga mynasyp goşant goşýar. Dünýäniň onlarça ýurtlarynda geçirilen abraýly festiwallara gatnaşmak bilen, bu topar sport arenasynda we sirk sahnasynda behişdi bedewlerimiziň ajaýyplyklaryny görkezýär. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Russiýa Federasiýasynyň Moskwa, Italiýanyň Latyna, Hytaý Halk Respublikasynyň Çžuhaý şäherlerinde geçirilen halkara sirk sungaty festiwallaryna gatnaşyp, baş baýraklara we altyn kuboklara mynasyp bolmagy hem türkmen bedewiniň dünýädäki at-abraýyny beýgeltdi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe atçylyk sportunyň we at üstündäki milli oýunlaryň ösdürilmegi nusgalyk gözelligi özünde jemlän milli gymmatlygymyzyň abraýyny has-da artdyrar.

Arslan MÄMMETORAZOW,
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň işgärler boýunça hünärmeni.