"Türkmenistanyň lukmançylygy" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-55
Email: t-lukmanchylyk-zurnaly@sanly.tm

Habarlar

Türkmenistan — Awstriýa: dostlukly gatnaşyklar pugtalandyrylýar

9-njy noýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistana sapar bilen gelen Awstriýa Respublikasynyň Ýewropa we halkara işler boýunça federal ministri Mihael Linharty kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Awstriýanyň Federal Prezidentiniň we Federal Kansleriniň salamyny ýetirdi. Hormatly Prezidentimiz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, birek-birege hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerinde guralýan döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesini hem-de dostlukly häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belledi. Milli Liderimiz Awstriýa Respublikasynyň ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan edip, iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň abraýly halkara guramalaryň we düzümleriň — BMG-niň, ÝHHG-niň we beýleki guramalaryň, şol sanda soňky ýyllarda has işjeň häsiýete eýe bolan Ýewropa Bileleşiginiň çäginde üstünlikli ösdürilýändigini nygtady.

Köpýyllyk hyzmatdaşlygyň ösüşli ýoly

9-njy noýabrda ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynda Awstriýa Respublikasynyň wekiliýetiniň Türkmenistana saparynyň çäklerinde iki ýurduň ykdysady gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen birnäçe duşuşyklar geçirildi. Şol gün geçirilen duşuşyklara gatnaşyjylaryň hatarynda hyzmatdaşlyk boýunça radioýaýlym enjamlaryny öndüriji «Heidelberger Druckmaschinen Eastern Europe GmbH» kompaniýasynyň, ýangyna garşy enjamlary we ýörite awtomobilleri getirýän «Rosenbauer International AG» kompaniýasynyň, ulag düzümleriniň gurluşygy boýunça «Waagner Biro Bridge System» kompaniýasynyň, lukmançylyk edaralary üçin önümleri getirýän «VAMED» kompaniýasynyň, «Europe Consult GmbH» konsalting-maslahat beriş kompaniýasynyň, saglygy goraýyş ulgamy üçin tehnologik çözgütleri taýýarlaýan «AME International», elektroenergiýanyň durnukly önümçiligi üçin täzeçil çözgütleri öňe sürýän «Geppert GmbH» kompaniýasynyň, şeýle hem «Osterreichische Kontrollbank AG» kompaniýasynyň we iki ýurduň ykdysady gatnaşyklaryna işjeň goldaw berýän Awstriýanyň Federal ykdysady palatasynyň wekilleri bar.

Netijeli hyzmatdaşlyk

9-njy noýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistana sapar bilen gelen Awstriýa Respublikasynyň Ýewropa we halkara işler boýunça federal ministri Mihael Linharty kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Awstriýanyň Federal Prezidentiniň we Federal Kansleriniň salamyny ýetirdi. Şunuň bilen baglylykda, awstriýaly hyzmatdaşlaryň hemişelik Bitaraplyk derejesine esaslanýan hem-de giň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen daşary syýasy ugry amala aşyrýan Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmäge çalyşýandygy tassyklanyldy.

Türkmenistan — Awstriýa: netijeli hyzmatdaşlyk işjeňleşdirilýär

Aşgabat, 9-njy noýabr (TDH). Şu gün ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynda Awstriýa Respublikasynyň wekiliýetiniň Türkmenistana saparynyň çäklerinde iki ýurduň ykdysady gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen birnäçe duşuşyklar geçirildi. Awstriýanyň wekiliýetiniň düzümine dostlukly ýurduň iri kompaniýalarynyň wekilleri girdi. Şeýlelikde, şu gün geçirilen duşuşyklara gatnaşyjylaryň hatarynda hyzmatdaşlyk boýunça radioýaýlym enjamlaryny öndüriji “Heidelberger Druckmaschinen Eastern Europe GmbH” kompaniýasynyň, ýangyna garşy enjamlary we ýörite awtomobilleri getirýän “Rosenbauer International AG” kompaniýasynyň, ulag düzümleriniň gurluşygy boýunça “Waagner Biro Bridge System” kompaniýasynyň, lukmançylyk edaralary üçin önümleri getirýän “VAMED” kompaniýasynyň, “Europe Consult GmbH” konsalting-maslahat beriş kompaniýasynyň, saglygy goraýyş ulgamy üçin tehnologik çözgütleri taýýarlaýan “AME International”, elektroenergiýanyň durnukly önümçiligi üçin täzeçil çözgütleri öňe sürýän “Geppert GmbH” kompaniýasynyň, şeýle hem “Osterreichische Kontrollbank AG” kompaniýasynyň we iki ýurduň ykdysady gatnaşyklaryna işjeň goldaw berýän Awstriýanyň Federal ykdysady palatasynyň wekilleri bar.

Bilelikdäki tagallalary pugtalandyryp

Düýn paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylary bilen Awstriýa Respublikasynyň kompaniýalarynyň wekilleriniň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Olaryň çäklerinde işewür gatnaşyklary ösdürmegiň ugurlary we bilelikde durmuşa geçirilýän taslamalaryň barşy hakynda pikir alşyldy. Gepleşiklere gatnaşyjylaryň käbiriniň çykyşlaryny okyjylara ýetirýäris. Fişer GERHARD,«Heidelberger Druckmaschinen Eastern Europe GmbH» kompaniýasynyň Baş direktory:

Eşretli durmuşyň kepili

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe rowaçlygyň, parahatçylygyň, abadanlygyň bagtyýar ösüşli menzilleri halkymyzy guwandyrýar. Gyş pasly ýetip gelýär. Gyşyň aňzagynda ojaklarymyzyň ody ýanyp, öýlerimiz ýylap dursa, ýurdumyzyň abadanlygy şol ýerden başlanmaýarmy, eýsem? Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda ýurdumyzda raýatlaryň ýaşaýyş-durmuşyny gowulandyrmak, halkymyzy ösüşiň täze belentliklerine atarmak döwletimiziň esasy aladalarynyň birine öwrüldi. Altyn güýzüň dowam edýän häzirki günlerinde ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladylmagy möhüm işleriň biri bolup durýar. Gyş möwsümini taýýarlykly garşylamak babatynda welaýat jemagat hojalygy birleşiginiň “Maryşäherýylylyk” müdirliginde hem işler oňat ýola goýlupdyr. Şäheriň çägindäki edara-kärhanalary, döwlet we hususy eýeçiligindäki ýaşaýyş jaýlaryny, myhmanhanalary, saglyk, bilim, medeniýet, sport desgalaryny, mekdepdir çagalar baglaryny ýylylyk bilen üpjün etmegi müdirligiň agzybir işgärleri öz wagtynda ýola goýdular. Olar şäher boýunça ýylylyk desgalarynyň içindäki ýylylyk beriji enjamlary birlaý gözden geçirdiler. Ýylylyk beriji gazanlarda bejeriş işleri geçirilip, güýz-gyş möwsümi taýýarlykly garşylanyldy. Bejeriş işleriniň talabalaýyk ýola goýulmagynda müdirligiň agzybir işgärlerinden “Maryşäherýylylyk” müdirliginiň 2-nji bölüminiň başlygy Myrat Ataýew, müdirligiň bug-gazan operatory Begenç Sähedow, müdirligiň enjamlary bejeriji us

Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi – Mer­ke­zi Azi­ýa bi­rin­ji Yk­dy­sa­dy fo­ru­my

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz 4-nji noýabrda san­ly ul­gam ar­ka­ly söw­da top­lu­my­nyň ýol­baş­çy­la­ry­nyň gat­naş­ma­gyn­da geçiren iş mas­la­ha­ty­nda Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry Ç.Gy­ly­jo­wy Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy­nyň paý­tag­ty Biş­kek şä­he­rin­de ge­çi­ril­ýän Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi — Mer­ke­zi Azi­ýa bi­rin­ji Yk­dy­sa­dy fo­ru­my­na gat­naş­mak üçin gul­luk iş sa­pa­ry­na ug­rat­mak ba­ra­da Buý­ru­ga gol çek­di. Oňa la­ýyk­lyk­da, wi­se-prem­ýer 5-nji no­ýabr­da Biş­kek şä­he­rin­de iş sa­pa­ryn­da bol­dy. Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi — Mer­ke­zi Azi­ýa bi­rin­ji Yk­dy­sa­dy fo­ru­my se­bi­tiň ýurt­la­ry­nyň Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi bi­len söw­da-yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ry­ny pug­ta­lan­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­lip, onuň çä­gin­de, esa­san, pan­de­mi­ýa­dan soň­ra ýurt­la­ryň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň çök­gün­li­gi ýe­ňip ge­çip, dur­nuk­ly ös­me­gi­ni üp­jün et­mek­de ta­gal­la­la­ry bir­leş­dir­mek, ýa­şyl yk­dy­sa­dy­ýe­te geç­me­giň dep­gi­ni­ni güýç­len­dir­mek, ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi­ne gar­şy çä­re­le­ri dur­mu­şa ge­çir­mek, yn­san­la­ryň sag­ly­gyna we eko­lo­gi­ýa zy­ýan­syz iş gur­şa­wy­ny dö­ret­mek ýa­ly mö­hüm ugur­lar ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň prem­ýer-mi­nistr­le­ri­niň we Hö­kü­met ýol­baş­çy­la­ry­nyň de­re­je­sin­de ge­çi­ri­len bu fo­ru­ma söw­da top­lu­my­na gö­zeg­çi­lik ed­ýän wi­se-prem­ýe

Paýtagtdan üstünliklere tarap uzaýan ýol

Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da bi­ze hä­li-şin­di tä­ze sep­git­le­riň şa­ýa­dy bol­mak bag­ty mi­ýes­ser ed­ýär. Biz ýa­kyn­da şeý­le şöhrat­ly wa­ka­la­ryň ýe­ne bi­ri­niň — hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň gat­naş­ma­gyn­da Aş­ga­bat — Türk­me­na­bat ýo­ka­ry tiz­lik­li aw­to­ba­nynyň Aş­ga­bat — Te­jen bö­le­gi­niň açy­lyş da­ba­ra­sy­nyň ta­ry­hy pur­sat­la­ry­nyň şa­ýa­dy bol­duk. Hal­ka­ra de­re­je­sin­de gur­lan bu ýo­ka­ry tiz­lik­li aw­to­ba­nyň mil­li hü­här­men­le­ri­miz, ýer­li te­le­ke­çi­le­ri­miz ta­ra­pyn­dan gu­rul­ma­gy bi­zi has-da buý­san­dyr­ýar. Şeýle-de milli Liderimiziň «Döw­let adam üçin­dir!» di­ýen baş şy­ga­ry bi­len alyp bar­ýan tu­tum­ly iş­le­ri­niň bar­ha ro­waç­lan­ýan­dy­gy­na şa­ýat­lyk ed­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň hut özü­niň baş­lan­gy­jy bi­len, ýur­du­myz­da Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­le­şmesi dö­re­dil­di. Şeý­le­lik­de, ýur­du­my­zy yk­dy­sa­dy taý­dan be­lent de­re­je­le­re ýe­tir­mek­de hu­su­sy­ýet­çi­lik ul­ga­my­na giň ýol­lar açyl­dy. Hu­su­sy­ýet­çi­lik ul­ga­my­nyň uly müm­kin­çi­lik­le­ri Di­ýa­ry­my­zyň be­lent ösüş­le­ri­ne gö­nük­di­ril­di. Şon­dan bä­ri ge­çi­len gys­ga ta­ry­hy dö­wür­de hu­su­sy te­le­ke­çi­le­ri­miz mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­miziň dür­li ugur­la­ryn­da — gur­lu­şyk­da, oba ho­ja­ly­gyn­da,

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy

Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let ha­ryt-çig mal bir­ža­sy­nyň ge­çen hep­de­dä­ki söw­da­la­ryn­da ge­le­şik­le­riň 55-si ha­sa­ba alyn­dy. Da­şa­ry ýurt wal­ýu­ta­sy­na Tür­ki­ýe­den, Öz­be­gis­tan­dan, Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­syn­dan, Ow­ga­nys­tan­dan, BAE-den we Gon­kong­dan ge­len işe­wür­ler Türk­men­ba­şy­da­ky ne­bi­ti gaý­ta­dan iş­le­ýän za­wod­lar top­lu­myn­da ön­dü­ri­len aras­sa­la­nan di­zel ýan­gy­jy­ny, awia­ke­ro­si­ni we po­lip­ro­pi­le­ni sa­tyn al­dy­lar. Şeý­le-de Dok­ma se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi­niň dok­ma top­lum­la­ryn­da ön­dü­ri­len dür­li gör­nüş­li dok­ma önüm­le­ri hem-de Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat we gur­lu­şyk önüm­çi­li­gi mi­nistr­li­gi­niň kär­ha­na­la­ryn­da ön­dü­ri­len reňk­siz aý­na önüm­le­ri­ sa­tyl­dy. Ge­le­şik­le­riň je­mi ba­ha­sy ABŞ-nyň 39 mil­li­on 474 müň 400 dol­la­ryn­dan gow­rak bol­dy.

Özara bähbitli hyzmatdaşlykda täzeçe çemeleşmeler

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň, sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmagyň hatyrasyna alnyp barylýan işler taryhy ähmiýete eýedir. Bu işler Bitarap döwletimiziň daşary syýasy strategiýasynyň binýatlaýyn ýörelgelerine doly kybap gelýär. Iri işewürlik taslamalarynyň başynyň başlanmagy sebitde hil taýdan täze hyzmatdaşlygyň emele gelmegine oňyn şertleri döredýär. Bu tagallalaryň netijeleri sebit ýurtlarynyň arasynda halkara söwdanyň ep-esli artmagynda hem aýdyň görünýär. Türkmenistanda ykdysadyýetiň bazar gatnaşyklarynyň ösdürilýän häzirki döwründe geçirilýän iri halkara forumlar halkara hyzmatdaşlyga goşmaça badalga berýär. Bilşimiz ýaly, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň 6-njy awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy boldy. Hormatly Prezidentimiziň döwletli başlangyjy bilen guralan çärä Gazagystan, Gyrgyz, Täjigistan hem-de Özbegistan Respublikalarynyň Prezidentleri hem-de dostlukly döwletlerden ýokary wezipeli myhmanlar, medeni we ylmy intelligensiýanyň wekilleri gatnaşdylar. Duşuşygyň gün tertibine, hususan-da, ykdysadyýeti innowasiýa we senagat ýoly bilen ösdürmek, sanly ykdysadyýetde özara maglumat, tejribe alyşmak, sebit we sebitara ulag-logistika hem-de ü

Türkmenistan howanyň üýtgemegi babatdaky meselelerde dünýä jemgyýetçiligi bilen tagallalary birleşdirýär

Glazgo şäherinde Şotlandiýanyň maslahatlar merkezinde BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 26-njy maslahatyna (COP26) hormatly Prezidentimiziň tabşyrmagy boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy. Wise-premýer forumda türkmen tarapynyň howanyň üýtgemeginiň täsirlerine uýgunlaşmak hem-de onuň ýaramaz täsirlerini peseltmek meselelerinde halkara jemgyýetçiligiň tagallalaryny birleşdirmäge gönükdirilen birnäçe anyk başlangyçlar bilen çykyş etdi. Serdar Berdimuhamedow çykyşynda türkmen wekiliýetiniň adyndan forumy guraýjylara — Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Hökümetine mähirli myhmansöýerlik hem-de maslahatyň netijeli işlemegine döredilen şertler üçin hoşallyk bildirip, ählumumy Durnukly ösüş maksatlarynyň kabul edilmegi bilen, Türkmenistanyň olara ýetmek ugrunda netijeli işleri alyp barýandygyny nygtady.

Türkmenistan howanyň üýtgemegi babatdaky meselelerde dünýä jemgyýetçiligi bilen tagallalary birleşdirýär

Glazgo şäherinde Şotlandiýanyň maslahatlar merkezinde BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 26-njy maslahatyna (COP26) hormatly Prezidentimiziň tabşyrmagy boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy. Wise-premýer forumda türkmen tarapynyň howanyň üýtgemeginiň täsirlerine uýgunlaşmak hem-de onuň ýaramaz täsirlerini peseltmek meselelerinde halkara jemgyýetçiligiň tagallalaryny birleşdirmäge gönükdirilen birnäçe anyk başlangyçlar bilen çykyş etdi. Serdar Berdimuhamedow çykyşynda türkmen wekiliýetiniň adyndan forumy guraýjylara — Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Hökümetine mähirli myhmansöýerlik hem-de maslahatyň netijeli işlemegine döredilen şertler üçin hoşallyk bildirip, ählumumy Durnukly ösüş maksatlarynyň kabul edilmegi bilen, Türkmenistanyň olara ýetmek ugrunda netijeli işleri alyp barýandygyny nygtady.

Howanyň üýtgemegi – döwrüň wajyp wezipesi

Glazgo şäherinde Şotlandiýanyň maslahatlar merkezinde BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 26-njy maslahatyna (COP26) hormatly Prezidentimiziň tabşyrmagy boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky ýurdumyzyň wekiliýeti gatnaşdy. Wise-premýer forumda türkmen tarapynyň howanyň üýtgemeginiň täsirlerine uýgunlaşmak hem-de onuň ýaramaz täsirlerini peseltmek meselelerinde halkara jemgyýetçiliginiň tagallalaryny birleşdirmäge gönükdirilen birnäçe anyk başlangyçlar bilen çykyş etdi. Serdar Berdimuhamedow çykyşynda türkmen wekiliýetiniň adyndan forumy guraýjylara – Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň hökümetine mähirli myhmansöýerlik hem-de maslahatyň netijeli işlemegine döredilen şertler üçin hoşallyk bildirip, ählumumy durnukly ösüş maksatlarynyň kabul edilmegi bilen Türkmenistanyň olara ýetmek ugrunda işjeň işleri alyp barýandygyny nygtady.

Türkmenistan – Gazagystan: strategik hyzmatdaşlygyň binýady pugtalandyrylýar

Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistana döwlet sapary bilen geldi. Paýtagtymyzyň iki dostlukly ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Halkara howa menzilinde Gazagystanyň Baştutanyny Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S. Berdimuhamedow garşylady. Şol gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna baryp, öz gazagystanly kärdeşini ýurdumyzyň iň iri atçylyk sport merkezleriniň biri bolan bu topluma çagyrdy. Bu ýerde tohum ahalteke atlaryna ideg etmek, olary türgenleşdirmek, ýaryşlary geçirmek üçin ähli şertler bar. Köp sanly halkara ýaryşlaryň we festiwallaryň ýeňijisi bolan «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň bu ýerdäki çykyşy belent mertebeli myhmanda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy.

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen onlaýn duşuşyklar

Berkarar Watanym – buýsanjym

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda asyrlara barabar işler amala aşyrylýar. Dünýä ykdysadyýetinde emele gelen häzirki çylşyrymly ýagdaýlara garamazdan, eziz Diýarymyzyň ähli ugurlarda durnukly ösüşi saklap, häzirki we geljekki nesillerimiziň abadan, parahat durmuşynyň ygtybarly binýadyny emele getirýän okgunly ösüşi bizi has-da buýsandyrýar we okuwda hem işde täze üstünliklere ruhlandyrýar. Halkara gatnaşyklarynda düýpli çäklendirmeleriň dowam edýän döwründe hem Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli, oýlanyşykly syýasaty netijesinde, daşary ýurtlar, esasan-da, goňşy döwletler bilen köpugurly gatnaşyklaryň barha işjeňleşdirilýändigi berkarar Watanymyzyň öňe ynamly hereket etmegi üçin ygtybarly, syýasy, ykdysady, hukuk binýadynyň döredilendigini görkezýär.

Arkadagyň beýik başlangyçlary hoşniýetli diplomatiýanyň dünýä nusgalyk çelgileridir

Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hasaplanýan energetika diplomatiýasy hakynda gürrüň gozgalanda, ozaly bilen, energiýanyň däp bolan we gaýtadan dikeldilýän görnüşleriniň arasynda kabul ederlikli çözgütleri tapmak, şol bir wagtda-da howanyň hapalanmagyna garşy göreşmek ýaly häzirki zaman dünýäsinde dowam edýän meýillerden ugur almak ýerlikli bolar. Ýer ýüzüniň döwletleriniň geografik, çäk, demografik taýdan biri-birinden düýpli tapawutlanyşy ýaly, olaryň tebigy çig mal gorlarynyň paýlanylyşynda-da örän uly aýratynlyklar bar. Hut şol aýratynlyklar hem ýurtlaryň ykdysady syýasatynda, milli strategiýalarynyň amala aşyrylyşynda mese-mälim ýüze çykýar. Biz, köplenç, çeperleşdirip, öz ýurdumyza «Hakyň nazary düşen toprak» diýip buýsanýarys. Şuny diýmek bilen, Diýarymyzyň ýerüsti we ýerasty baýlyklaryny, maddy hem ruhy gymmatlyklaryny... bir jümlede jemleýäris. XXI asyryň täze taryhy şertlerinde öz tebigy baýlyklaryny bütin adamzadyň hyzmatynda goýýandygy bolsa Bitarap Türkmenistanyň dünýäniň syýasy giňişliginde eýeleýän abraýly ornuny pugta berkidýär. Ol türkmen Lideriniň köpşahaly energiýa geçirijileri çekmek arkaly, goňşy öýünden başlap, has alysdaky ýurtlara-da nur paýlamagy nazarlaýan energetika diplomatiýasynyň mazmunynda dolulygyna açylýar.

Žurnalyň täze sany

Daşary işler ministrliginiň çärýekde bir gezek neşir edilýän «Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy» atly ylmy-tejribe žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Žurnalyň syn beriş makalalaryna girizilen şu ýylyň iýul aýyndan sentýabr aýy aralygyndaky döwürde ýurdumyzyň syýasy durmuşynyň wajyp wakalary şanly sene — türkmen döwletiniň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramy bilen baglanyşykly boldy. Žurnalyň daşky sahabyny «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly täze kitabyny elinde saklap duran hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň suraty bezeýär. Bu kitabyň neşir edilmegi iň täze taryhymyzyň şöhratly senesiniň öň ýanynda milli Liderimiziň öz halkyna sowgady boldy. Neşiriň «Türkmenistanyň Prezidentiniň halkara syýasy işjeňligi» bölüminde käbir döwletler hem-de abraýly halkara guramalar bilen gatnaşyklary ösdürmegiň esasy ugurlary we ýagdaýlary beýan edildi. Bular barada milli Liderimiziň Eýran Yslam Respublikasynyň saýlanan Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan hem-de Ýewropa Geňeşiniň Başlygy Şarl Mişel bilen telefon arkaly geçirilen söhbetdeşlikleriniň barşynda ara alnyp maslahatlaşyldy.

Netijeli hyzmatdaşlyga daýanyp

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň nebitgaz pudagy uly ösüşlere eýe boldy. Döwlet Baştutanymyz: «Türkmenistan tebigy gazyň gorlaryna baý bolmak bilen, ony dünýä bazarlaryna diňe gazgeçirijiler arkaly ibermek bilen çäklenmän, düýpli gaýtadan işlemäge hem uly ähmiýet berýär» diýip belleýär. Şol maksatdan ugur alnyp, ýurdumyzda nebitgaz pudagynda düýpli özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar. Dünýäniň iri kompaniýalary bilen işjeň hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy, pudagy ösdürmäge degişli ugurlaryň köptaraplaýyn özleşdirilýändiginiň beýanydyr. Golaýda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2021» atly XXVI Halkara maslahatyň geçirilmegi alnyp barylýan işleriň gerimini giňeltmekde, netijeliligini ýokarlandyrmakda ähmiýeti örän ýokarydyr. Halkara maslahatynyň geçirilmeginiň özi diňe bir bu ugra degişli işlerde birek-birek bilen pikir alyşmaga ýardam etmek bilen çäklenmän, eýsem, zerur hasaplanýan ugurlarda hünärmenleri alyşmaklyga, taýýarlamaklyga bagly meseleleriň oňyn çözgüdine hem uly ýardam edýär. Bulardan başga-da, bu ugra degişli iri kompaniýalaryň öndürýän tehnologiýalarynyň gurluş aýratynlygyny özleşdirmäge, olarda amala aşyrylýan tehnologiýa hadysalarynyň yzygiderliligini seljermäge, olary ýurdumyzda ornaşdyrmaklygyň mümkinçiliklerini öwrenmäge şert döredýär. Şeýle-de, ýurdumyzda gurluşygy güýçli depginde

Möhüm halkara forum

Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekilçilikli topary Beýik Britaniýanyň Glazgo şäherinde öz işine başlan BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça her ýyl geçirilýän maslahatyna gatnaşýar. BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşýan taraplaryň maslahatynyň 26-njy mejlisinde tutuş dünýäden döwlet we Hökümet baştutanlary duşuşyp, howanyň ählumumy maýlamagyna garşy durmak boýunça bilelikdäki çäreleri ara alyp maslahatlaşarlar hem-de özara hereketleri ylalaşarlar.