Berkarar Watanym – buýsanjym

5 Noýabr 2021
1133

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda asyrlara barabar işler amala aşyrylýar. Dünýä ykdysadyýetinde emele gelen häzirki çylşyrymly ýagdaýlara garamazdan, eziz Diýarymyzyň ähli ugurlarda durnukly ösüşi saklap, häzirki we geljekki nesillerimiziň abadan, parahat durmuşynyň ygtybarly binýadyny emele getirýän okgunly ösüşi bizi has-da buýsandyrýar we okuwda hem işde täze üstünliklere ruhlandyrýar.

Halkara gatnaşyklarynda düýpli çäklendirmeleriň dowam edýän döwründe hem Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli, oýlanyşykly syýasaty netijesinde, daşary ýurtlar, esasan-da, goňşy döwletler bilen köpugurly gatnaşyklaryň barha işjeňleşdirilýändigi berkarar Watanymyzyň öňe ynamly hereket etmegi üçin ygtybarly, syýasy, ykdysady, hukuk binýadynyň döredilendigini görkezýär.

Muhammet GELDIMYRADOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.
Beýleki habarlar