Žurnalyň täze sany

3 Noýabr 2021
1215

Daşary işler ministrliginiň çärýekde bir gezek neşir edilýän «Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy» atly ylmy-tejribe žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Žurnalyň syn beriş makalalaryna girizilen şu ýylyň iýul aýyndan sentýabr aýy aralygyndaky döwürde ýurdumyzyň syýasy durmuşynyň wajyp wakalary şanly sene — türkmen döwletiniň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramy bilen baglanyşykly boldy. Žurnalyň daşky sahabyny «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly täze kitabyny elinde saklap duran hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň suraty bezeýär. Bu kitabyň neşir edilmegi iň täze taryhymyzyň şöhratly senesiniň öň ýanynda milli Liderimiziň öz halkyna sowgady boldy.

Neşiriň «Türkmenistanyň Prezidentiniň halkara syýasy işjeňligi» bölüminde käbir döwletler hem-de abraýly halkara guramalar bilen gatnaşyklary ösdürmegiň esasy ugurlary we ýagdaýlary beýan edildi. Bular barada milli Liderimiziň Eýran Yslam Respublikasynyň saýlanan Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan hem-de Ýewropa Geňeşiniň Başlygy Şarl Mişel bilen telefon arkaly geçirilen söhbetdeşlikleriniň barşynda ara alnyp maslahatlaşyldy.

Beýleki habarlar