Türkmenistan – Gazagystan: strategik hyzmatdaşlygyň binýady pugtalandyrylýar

5 Noýabr 2021
1069

Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistana döwlet sapary bilen geldi. Paýtagtymyzyň iki dostlukly ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Halkara howa menzilinde Gazagystanyň Baştutanyny Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S. Berdimuhamedow garşylady.

Şol gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna baryp, öz gazagystanly kärdeşini ýurdumyzyň iň iri atçylyk sport merkezleriniň biri bolan bu topluma çagyrdy. Bu ýerde tohum ahalteke atlaryna ideg etmek, olary türgenleşdirmek, ýaryşlary geçirmek üçin ähli şertler bar. Köp sanly halkara ýaryşlaryň we festiwallaryň ýeňijisi bolan «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň bu ýerdäki çykyşy belent mertebeli myhmanda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy.

Beýleki habarlar