Özara bähbitli hyzmatdaşlykda täzeçe çemeleşmeler

6 Noýabr 2021
1255

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň, sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmagyň hatyrasyna alnyp barylýan işler taryhy ähmiýete eýedir. Bu işler Bitarap döwletimiziň daşary syýasy strategiýasynyň binýatlaýyn ýörelgelerine doly kybap gelýär. Iri işewürlik taslamalarynyň başynyň başlanmagy sebitde hil taýdan täze hyzmatdaşlygyň emele gelmegine oňyn şertleri döredýär. Bu tagallalaryň netijeleri sebit ýurtlarynyň arasynda halkara söwdanyň ep-esli artmagynda hem aýdyň görünýär. Türkmenistanda ykdysadyýetiň bazar gatnaşyklarynyň ösdürilýän häzirki döwründe geçirilýän iri halkara forumlar halkara hyzmatdaşlyga goşmaça badalga berýär.

Bilşimiz ýaly, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň 6-njy awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy boldy. Hormatly Prezidentimiziň döwletli başlangyjy bilen guralan çärä Gazagystan, Gyrgyz, Täjigistan hem-de Özbegistan Respublikalarynyň Prezidentleri hem-de dostlukly döwletlerden ýokary wezipeli myhmanlar, medeni we ylmy intelligensiýanyň wekilleri gatnaşdylar. Duşuşygyň gün tertibine, hususan-da, ykdysadyýeti innowasiýa we senagat ýoly bilen ösdürmek, sanly ykdysadyýetde özara maglumat, tejribe alyşmak, sebit we sebitara ulag-logistika hem-de üstaşyr konteýner gatnawlar ulgamyny giňeltmek, maşyngurluşyk pudagyny çalt depginde ösdürmek, oba we suw hojalygynda öňdebaryjy, serişde tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň örüsini giňeltmek, halkara kooperasiýanyň görnüşlerini artdyrmak, döwletleriň arasynda parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak, daşky gurşawy gorap saklamak ýaly möhüm ähmiýetli ugurlar boýunça meseleleriň toplumyna garaldy.

Hangeldi GURBANGELDIÝEW.
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi.
Beýleki habarlar