Paýtagtdan üstünliklere tarap uzaýan ýol

7 Noýabr 2021
1106

Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da bi­ze hä­li-şin­di tä­ze sep­git­le­riň şa­ýa­dy bol­mak bag­ty mi­ýes­ser ed­ýär. Biz ýa­kyn­da şeý­le şöhrat­ly wa­ka­la­ryň ýe­ne bi­ri­niň — hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň gat­naş­ma­gyn­da Aş­ga­bat — Türk­me­na­bat ýo­ka­ry tiz­lik­li aw­to­ba­nynyň Aş­ga­bat — Te­jen bö­le­gi­niň açy­lyş da­ba­ra­sy­nyň ta­ry­hy pur­sat­la­ry­nyň şa­ýa­dy bol­duk. Hal­ka­ra de­re­je­sin­de gur­lan bu ýo­ka­ry tiz­lik­li aw­to­ba­nyň mil­li hü­här­men­le­ri­miz, ýer­li te­le­ke­çi­le­ri­miz ta­ra­pyn­dan gu­rul­ma­gy bi­zi has-da buý­san­dyr­ýar. Şeýle-de milli Liderimiziň «Döw­let adam üçin­dir!» di­ýen baş şy­ga­ry bi­len alyp bar­ýan tu­tum­ly iş­le­ri­niň bar­ha ro­waç­lan­ýan­dy­gy­na şa­ýat­lyk ed­ýär.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň hut özü­niň baş­lan­gy­jy bi­len, ýur­du­myz­da Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­le­şmesi dö­re­dil­di. Şeý­le­lik­de, ýur­du­my­zy yk­dy­sa­dy taý­dan be­lent de­re­je­le­re ýe­tir­mek­de hu­su­sy­ýet­çi­lik ul­ga­my­na giň ýol­lar açyl­dy. Hu­su­sy­ýet­çi­lik ul­ga­my­nyň uly müm­kin­çi­lik­le­ri Di­ýa­ry­my­zyň be­lent ösüş­le­ri­ne gö­nük­di­ril­di. Şon­dan bä­ri ge­çi­len gys­ga ta­ry­hy dö­wür­de hu­su­sy te­le­ke­çi­le­ri­miz mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­miziň dür­li ugur­la­ryn­da — gur­lu­şyk­da, oba ho­ja­ly­gyn­da, se­na­gat­da we beý­le­ki ugur­lar­da ägirt uly iş­le­ri ama­la aşy­ryp, ýur­du­my­zyň ösüş­le­ri­ne öz­le­ri­niň my­na­syp go­şant­la­ry­ny goş­du­lar. Ine, bu gün bol­sa ýer­li te­le­ke­çi­le­ri­miz hal­ka­ra de­re­je­sin­dä­ki Aş­ga­bat — Türk­me­na­bat ýo­ka­ry tiz­lik­li aw­to­ba­nynyň Aş­ga­bat — Te­jen bö­le­gi­ni ula­ny­şa gi­riz­di­ler. Ne­sip bol­sa, san­ly­ja ýyl­lar­dan bu hal­ka­ra de­re­je­sin­dä­ki Aş­ga­bat — Türk­me­na­bat ýo­ka­ry tiz­lik­li aw­to­ba­nyň gur­lu­şy­gy do­lu­ly­gy­na ta­mam­la­nylar. Şo­nuň ne­ti­je­sin­de bol­sa, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň öňe sür­ýän Beýik Ýü­pek ýo­lu­ny döw­re­bap de­re­je­de di­kel­dip, geog­ra­fik taý­dan amat­ly ýer­leş­ýän ýur­du­myz­da adam­zat bäh­bi­di­ne, hyz­mat­daş­ly­ga, ösü­şe hyz­mat et­jek üs­ta­şyr ge­çel­ge­le­ri­ni ama­la aşyr­mak­da ägirt uly äh­mi­ýe­te eýe bo­lar.

An­na­mu­ham­met Mom­my­ýew,
Türk­men döw­let yk­dy­sa­dy­ýet we do­lan­dy­ryş ins­ti­tu­ty­nyň mu­gal­ly­my.
Beýleki habarlar