Netijeli hyzmatdaşlyga daýanyp

3 Noýabr 2021
1206

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň nebitgaz pudagy uly ösüşlere eýe boldy. Döwlet Baştutanymyz: «Türkmenistan tebigy gazyň gorlaryna baý bolmak bilen, ony dünýä bazarlaryna diňe gazgeçirijiler arkaly ibermek bilen çäklenmän, düýpli gaýtadan işlemäge hem uly ähmiýet berýär» diýip belleýär. Şol maksatdan ugur alnyp, ýurdumyzda nebitgaz pudagynda düýpli özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar. Dünýäniň iri kompaniýalary bilen işjeň hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy, pudagy ösdürmäge degişli ugurlaryň köptaraplaýyn özleşdirilýändiginiň beýanydyr.

Golaýda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2021» atly XXVI Halkara maslahatyň geçirilmegi alnyp barylýan işleriň gerimini giňeltmekde, netijeliligini ýokarlandyrmakda ähmiýeti örän ýokarydyr. Halkara maslahatynyň geçirilmeginiň özi diňe bir bu ugra degişli işlerde birek-birek bilen pikir alyşmaga ýardam etmek bilen çäklenmän, eýsem, zerur hasaplanýan ugurlarda hünärmenleri alyşmaklyga, taýýarlamaklyga bagly meseleleriň oňyn çözgüdine hem uly ýardam edýär. Bulardan başga-da, bu ugra degişli iri kompaniýalaryň öndürýän tehnologiýalarynyň gurluş aýratynlygyny özleşdirmäge, olarda amala aşyrylýan tehnologiýa hadysalarynyň yzygiderliligini seljermäge, olary ýurdumyzda ornaşdyrmaklygyň mümkinçiliklerini öwrenmäge şert döredýär. Şeýle-de, ýurdumyzda gurluşygy güýçli depginde alnyp barylýan «Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan» halkara gazgeçirijisiniň gurluşygyna, şonuň ýaly-da Hazaryň türkmen bölegini özleşdirmäge maýa goýum serişdelerini çekmäge mümkinçilikleri artdyrýar. Halkara derejesindäki foruma Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň professor mugallymlarydyr talyp ýaşlarynyň gatnaşdyrylmagy aýratyn guwandyryjydyr. Bu bolsa öňdebaryjy tejribäni öwrenmekde, dünýädäki iri kompaniýalaryň bu ugra degişli öndürýän tehniki enjamlary bilen tanyşmaga, olaryň tehniki we ykdysady görkezijilerini öwrenmäge şert döredýär.

Myratmuhammet MYRADOW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň uly mugallymy.
Beýleki habarlar