Arkadagyň beýik başlangyçlary hoşniýetli diplomatiýanyň dünýä nusgalyk çelgileridir

4 Noýabr 2021
1384

Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hasaplanýan energetika diplomatiýasy hakynda gürrüň gozgalanda, ozaly bilen, energiýanyň däp bolan we gaýtadan dikeldilýän görnüşleriniň arasynda kabul ederlikli çözgütleri tapmak, şol bir wagtda-da howanyň hapalanmagyna garşy göreşmek ýaly häzirki zaman dünýäsinde dowam edýän meýillerden ugur almak ýerlikli bolar. Ýer ýüzüniň döwletleriniň geografik, çäk, demografik taýdan biri-birinden düýpli tapawutlanyşy ýaly, olaryň tebigy çig mal gorlarynyň paýlanylyşynda-da örän uly aýratynlyklar bar. Hut şol aýratynlyklar hem ýurtlaryň ykdysady syýasatynda, milli strategiýalarynyň amala aşyrylyşynda mese-mälim ýüze çykýar.

Biz, köplenç, çeperleşdirip, öz ýurdumyza «Hakyň nazary düşen toprak» diýip buýsanýarys. Şuny diýmek bilen, Diýarymyzyň ýerüsti we ýerasty baýlyklaryny, maddy hem ruhy gymmatlyklaryny... bir jümlede jemleýäris. XXI asyryň täze taryhy şertlerinde öz tebigy baýlyklaryny bütin adamzadyň hyzmatynda goýýandygy bolsa Bitarap Türkmenistanyň dünýäniň syýasy giňişliginde eýeleýän abraýly ornuny pugta berkidýär. Ol türkmen Lideriniň köpşahaly energiýa geçirijileri çekmek arkaly, goňşy öýünden başlap, has alysdaky ýurtlara-da nur paýlamagy nazarlaýan energetika diplomatiýasynyň mazmunynda dolulygyna açylýar.

Aýgül RAHYMOWA.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar