Türkmenistan — Awstriýa: dostlukly gatnaşyklar pugtalandyrylýar

10 Noýabr 2021
1112

9-njy noýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistana sapar bilen gelen Awstriýa Respublikasynyň Ýewropa we halkara işler boýunça federal ministri Mihael Linharty kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Awstriýanyň Federal Prezidentiniň we Federal Kansleriniň salamyny ýetirdi.

Hormatly Prezidentimiz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, birek-birege hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerinde guralýan döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesini hem-de dostlukly häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belledi. Milli Liderimiz Awstriýa Respublikasynyň ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan edip, iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň abraýly halkara guramalaryň we düzümleriň — BMG-niň, ÝHHG-niň we beýleki guramalaryň, şol sanda soňky ýyllarda has işjeň häsiýete eýe bolan Ýewropa Bileleşiginiň çäginde üstünlikli ösdürilýändigini nygtady.

"Nesil".
Beýleki habarlar