Howanyň üýtgemegi – döwrüň wajyp wezipesi

5 Noýabr 2021
1169

Glazgo şäherinde Şotlandiýanyň maslahatlar merkezinde BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 26-njy maslahatyna (COP26) hormatly Prezidentimiziň tabşyrmagy boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky ýurdumyzyň wekiliýeti gatnaşdy. Wise-premýer forumda türkmen tarapynyň howanyň üýtgemeginiň täsirlerine uýgunlaşmak hem-de onuň ýaramaz täsirlerini peseltmek meselelerinde halkara jemgyýetçiliginiň tagallalaryny birleşdirmäge gönükdirilen birnäçe anyk başlangyçlar bilen çykyş etdi.

Serdar Berdimuhamedow çykyşynda türkmen wekiliýetiniň adyndan forumy guraýjylara – Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň hökümetine mähirli myhmansöýerlik hem-de maslahatyň netijeli işlemegine döredilen şertler üçin hoşallyk bildirip, ählumumy durnukly ösüş maksatlarynyň kabul edilmegi bilen Türkmenistanyň olara ýetmek ugrunda işjeň işleri alyp barýandygyny nygtady.

Beýleki habarlar