"Türkmen gündogary" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Lebap welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Türkmenabat şäheri, S.A.Nyýazow şaýoly, 42
Telefon belgileri: 3-14-36, 3-26-83, 3-26-82
Email: turkmengundogary-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Jümle-jahan habarlary

Işçileriň ornuna robotlar Soňky ýyllarda senagat kärhanalarynda robotlaryň hyzmatyndan has giňden peýdalanylýar. Olaryň köp ulanylýan ýurtlarynyň sanawynda Koreýa Respublikasy ynamly öňdeligi eýeleýär. Soňra sanawy Singapur, Hytaý, Germaniýa we Ýaponiýa ýaly döwletler dowam etdirýärler. Hasaplamalara görä, Koreýada 10 müň işçä derek senagat robotlarynyň 1012-si işledilýär. Singapurda 10 müň işçä derek 770 robot, Hytaýda bolsa 470 robot işledilýär. Robotlaryň artýan sany dünýäniň senagat taýdan ösen döwletlerinde önümçiligiň awtomatlaşdyryş derejesiniň barha ýokarlanýandygyny görkezýär.

Bildirişler

Romankul Permanowiç Babakuliýewiň ABC derejeli, TM-0917051 belgili sürüjilik şahadatnamasynyň ýitirilendigi habar berilýär. ***

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça komitetiniň Ýerine ýetiriji direktoratynyň Ýerine ýetiriji direktoryny kabul etdi

10-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça komitetiniň Ýerine ýetiriji direktoratynyň Ýerine ýetiriji direktory hanym Natalýa Germany kabul etdi. Iri halkara guramanyň wekili duşuşmaga wagt tapandygy üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirdi hem-de Halkara Bitaraplyk güni bilen gutlap, ähli türkmenistanlylara bagtyýarlyk, abadançylyk, saýlap alan ösüş ýolunda üstünlikleri arzuw etdi. Şeýle-de ol özüne Gündogaryň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ýokary sylagyň — ýubileý medalynyň gowşurylandygy üçin hoşallyk bildirdi. Hanym Natalýa German mümkinçilikden peýdalanyp, Türkmenistanyň halkara abraýyny belende göteren, parahatçylygy, ählumumy howpsuzlygy üpjün etmek boýunça umumy tagallalara uly goşant goşan parahatçylyk söýüji syýasatyň başyny başlan we ösdüren türkmen halkynyň Milli Liderine mähirli salamyny beýan etdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Mälikgulyýewiç BERDIMUHAMEDOWY Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda maksatnamalaýyn özgertmeleri durmuşa geçirmekde, dünýä döwletleri, halkara guramalar bilen medeni-ynsanperwer gatnaşyklary täze derejä çykarmakda, halklaryň arasynda parahatçylyk, dost-doganlyk köprülerini gurmakda, medeni diplomatiýany üstünlikli ösdürmekde, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistany dünýäde abraýly döwletleriň hataryna goşmakda, türkmen halkynyň asyrlaryň dowamynda döreden we toplan ruhy we maddy gymmatlyklaryny, durmuş gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän kadalaryny ylmy taýdan esaslandyrmakda, dikeltmekde, türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň bütindünýä medeni gymmatlyklarynyň hatarynda, dünýä halklarynyň edebiýatynda, jemgyýetçilik durmuşynda tutýan ornuny, onuň milli döwletlilik taglymatyny, öwüt-nesihat, dünýewi häsiýetli ynsanperwer garaýyşlaryny öwrenmek boýunça ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň alymlarynyň, döredijilik işgärleriniň, dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalaryny birleşdirmekde, halkara ylmy maslahatlary geçirmekde, ýurdumyzda ylmy, medeniýeti, edebiýaty ösdürmekde, öz ýiti zehininden

Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY

Türkmenistanda ýerleşýän daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylaryny Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýadygärlik nyşany bilen sylaglamak hakynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň medeni mirasyny, asyrlardan gözbaş alýan ruhy gymmatlyklaryny dikeltmekde, türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry, beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny öwrenmekde, ony aýawly saklamakda, wagyz etmekde we geljek nesillere ýetirmekde, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň dünýä döwletleri, halkara guramalar bilen medeni gatnaşyklaryny ösdürmekde, medeniýetleri ýakynlaşdyrmakda we baýlaşdyrmakda, halklaryň arasynda dostlugy, hyzmatdaşlygy berkitmekde görkezen aýratyn hyzmatlary üçin, şeýle hem nusgawy türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli, karar edýärin:

Ýaşulular — ýaş nesiller üçin nusgalyk görelde mekdebi

10-njy dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmegiň meselelerine, welaýatlarda alnyp barylýan işleriň ýagdaýyna garaldy. Gahryman Arkadagymyz mejlisi açyp, häzirki döwürde ýurdumyzda paýhasly pederlerimiziň dünýä nusgalyk işleriniň mynasyp dowam etdirilýändigini belledi. Milli senenamamyzda möhüm orun eýeleýän we halkymyzyň durmuşynda aýratyn ähmiýeti bolan şanly seneleriň hormatyna guralýan dabaralarda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, ýurdumyzyň sazlaşykly ösüşi öz beýanyny tapýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri hemmeleri 2024-nji ýylyň üstünlikli jemlenmegi we Garaşsyz döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň 29 ýyllygy bilen gutlady. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly döwletimiziň hem-de halkymyzyň durmuşynda ýatdan çykmajak köp sanly wakalara beslendi. Garaşsyzlyk baýramynyň öň ýanynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi üstünlikli geçdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy bilen duşuşygy

10-njy dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrym bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda taryhy asyrlaryň jümmüşine uzaýan türkmen-türk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Türki Döwletleriň Guramasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykarylýandygy nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, bu guramanyň düzüm birlikleri, hususan-da, TÜRKSOÝ-nyň çäklerinde amala aşyrylýan bilelikdäki taslamalaryň we maksatnamalaryň gerimini giňeltmek maksadalaýykdyr. Şunda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynda biragyzdan kabul edilen “2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Kararnamanyň ähmiýeti hem bellenildi.

Resmi habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna Daniýanyň Patyşasy Frederik X-denhat geldi. Onda: “Daniýa Patyşalygy bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostlukly, hoşniýetli gatnaşyklary ösdürmek hem-de pugtalandyrmak maksady bilen, men jenap Ýesper Wary — Dannebrog ordeniniň birinji derejeli rysaryny Daniýa Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek kararyna geldim. Jenap Waryň ýokary şahsy häsiýetleri onuň öz üstüne ýüklenilen wezipäni Siziň makullamagyňyza mynasyp derejede ýerine ýetirjekdigine ynam döredýär” diýlip bellenilýär. ***

Türkmenistanda Daniýa Patyşalygynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady

10-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Daniýa Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ýesper Wardan ynanç hatyny kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda ilçi döwlet Baştutanymyzyň içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bilen tanyşdyryldy. Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde daşary ýurtlar bilen netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek bu syýasatyň möhüm ugrudyr. Diplomata okgunly durmuş-ykdysady ösüşi, halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmagy maksat edinýän düýpli özgertmeleriň durmuşa geçirilmeginiň kanunçylyk binýadyny üpjün etmek babatda Mejlisiň alyp barýan işi barada gürrüň berildi. Dünýäniň syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer, hukuk giňişligine işjeň goşulyşmak bilen, Türkmenistan demokratik institutlaryň ösdürilmegine, milli kanunçylygyň kämilleşdirilmegine, onuň umumy kabul edilen halkara hukuk kadalaryna laýyk getirilmegine aýratyn üns berýär.

Türkmenistanda Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady

10-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Marsel Fortuna Biatodan ynanç hatyny kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekiline ýurdumyzda durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeler we iri möçberli taslamalar barada giňişleýin gürrüň berildi. Şeýle-de ol milli parlamentiň alyp barýan işi bilen giňişleýin tanyşdyryldy.

Türkmenistanda Belgiýa Patyşalygynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady

10-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Belgiýa Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Žýulen de Fraýpondan ynanç hatyny kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda ilçi döwletimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bilen giňişleýin tanyşdyryldy. Milli parlamentiň ýolbaşçysy ýurdumyzda alnyp barylýan giň gerimli özgertmelere daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň gyzyklanmalaryny göz öňünde tutup, halkymyzyň bagtyýarlygynyň, rowaçlygynyň bähbidine durmuşa geçirilýän giň gerimli işleriň esasy maksatlary we wezipeleri barada gürrüň berdi. Durmuş ugurly döwlet syýasatyna aýratyn üns çekildi. Söhbetdeşligiň dowamynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, iri halkara guramalaryň çäklerinde üstünlikli alnyp barylýan döwletara hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary barada pikir alşyldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmeniň beýik akyldar ogly we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragy jöwher sözüň gudraty bilen şygryýet äleminde öçmejek yz galdyrdy. Onuň juda giň mazmunly şygyrlary kalbyňy heýjana salyp, ajaýyp durmuşy söýmäge, ynsan mertebesini belent tutmaga, adalatlylyga çagyrýar. Ähli döwürleriň nusgawy şahyrynyň il-ýurt, durmuş, adam ykbaly, söýgi baradaky örän düýpli pelsepä ýugrulan ölmez-ýitmez şygyrlary diňe bir türkmen halkyna däl, eýsem, külli adamzada ençeme asyrlaryň dowamynda ruhy lezzet berip gelýär. Şoňa görä-de, milli şahyrymyz we buýsanjymyz her bir türkmeniň öý-ojagynda, kalbynda we aňynda hemişelik ýaşaýar. Häzirki döwürde ynsanperwer beýik söz ussadynyň düýpsüz döredijilik dünýäsi hemmetaraplaýyn içgin öwrenilýär hem-de halk köpçüligine giňden ýetirilýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY

Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe nusgawy türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny öwrenmäge, dünýä ýaýmaga, ösüp gelýän ýaş nesilleri halkymyzyň asyrlaryň dowamynda emele gelen milli gymmatlyklaryna, däp-dessurlaryna hormat goýmak ruhunda, watançylyk, ýokary ahlaklylyk, zähmetsöýerlik, ynsanperwerlik, edermenlik we mertlik häsiýetlerinde terbiýelemäge goşan uly şahsy goşantlaryny nazara alyp, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli, karar edýärin:

Bildirişler

Köýtendag etrabyndaky 19-njy orta mekdepden Kuwandyk Işnazarowiç Karşyýewe berlen A № 0932200 belgili orta bilim hakynda şahadatnamanyň ýitirilendigi habar berilýär. ***

Döwlet sylaglarynyň gowşurylyş dabarasy

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýen şygar astynda geçýän üstümizdäki ýylda ýurdumyzyň döwlet we jemgyýetçilik işgärleri, alymlarymyz, medeniýet, sungat ussatlary tarapyndan akyldar şahyrymyzyň ömür we döredijilik ýoluny ylmy esasda çuňňur öwrenmek, onuň edebi mirasyny dünýä ýaýmak boýunça köp işler edildi. Hemişelik Bitaraplygymyzyň 29 ýyllygynyň toýlanylýan günlerinde hormatly Prezidentimiz şu ugurda aýratyn uly hyzmatlary bitiren watandaşlarymyzyň birnäçesini Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly we ýadygärlik nyşanlar toplumy bilen sylaglamak hakyndaky resminamalara gol çekdi. Şolaryň hatarynda welaýatymyzyň wekilleriniň hem birnäçesiniň bardygy buýsandyryjydyr.

Bitaraplyk — dünýäniň ýürek aýdymy

Her güni toý-baýrama beslenýän Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda ýene-de bir şanly baýramyň — baky bagtyýarlygyň badalgasy bolan Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanan dabaralaryň şatlygy her bir adama, her bir öýe egsilmez bagt eçilýär. Şu günler eziz Watanymyzyň ähli obadyr şäherleri toý lybasyna beslendi. Türkmenabat şäher häkimliginde «Bitaraplyk ýoly — parahatlyk ýoly» ady bilen geçirilen dabaraly maslahat hem şanly senä bagyşlandy. Oňa kümüş saçly eneler, bilim, medeniýet, saglygy goraýyş ulgamlarynyň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Bitarap ülkäniň merdana nesli

Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň bilelikde yglan eden «Merdana nesil — 2024» atly şadyýan bäsleşiginiň döwlet tapgyry geçirildi. Oňa bäsleşigiň deslapky tapgyrlarynda ýeňiji bolan oglanlar gatnaşdylar. Bäsleşigiň döwlet tapgyrynda Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiň 4-nji synp okuwçysy Umyt Töräýew üçünji orna mynasyp boldy. Ol bäsleşikde «Arkadagly Serdarym» atly aýdymy ýerine ýetirmek bilen, öz deň-duşlarynyň arasynda tapawutlanmagy başardy. Umydyň şirin, labyzly ýerine ýetiren aýdymynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen durmuşa geçirilýän düýpli özgerişliklere bolan buýsanjy, berkarar döwletimize bolan söýgüsi, röwşen ertirlere ynamyň, bagtyýar çagalygyň waspy öz beýanyny tapdy.

Bitaraplyk — bagtymyzyň binýady

Ata-babalarymyz hoşniýetli goňşuçylyk däplerini ileri tutup, ýakyn we alys ýurtlar bilen dostlukly gatnaşyklary dowamly ösdüripdirler. Häzirki döwürde bu ýörelge, dostana gatnaşyklarymyz has-da ýokary derejä göterildi. Ýurdumyz daşary syýasat ugry bilen dünýä giňişliginde netijeli hyzmatdaş hökmünde tanalýar. Güneşli Diýarymyzyň ähli pudaklary bilen birlikde saglygy goraýyş ulgamyny döwrebap ösdürmekde halkara tejribesinden ugur alynmagy, saglygy goraýyş edaralarymyza dünýäniň senagat taýdan ösen döwletleriniň iň kämil lukmançylyk enjamlarynyň ornaşdyrylmagy ynsan saglygyny dikeltmek, bejermek ýaly mukaddes kärde zähmet çekýän lukmanlar üçin hem guwandyryjy ýagdaýdyr. Ajaýyp döwrümizde biz ― lukmanlara arman-ýadaman, yhlasly zähmet çekmek galýar. Çünki dünýäniň ösen lukmançylyk enjamlary bilen takyk bejergileri ýola goýup, raýatlaryň saglygyny öz wagtynda netijeli goramak mümkinçiligi artýar. Şeýle-de Garaşsyzlyk ýyllarynda döwletimiziň bagtyýar hünärmenleri iş tejribesini artdyrmak maksady bilen daşary döwletlerde okuw saparlarynda bolýarlar. Ynha, ýaňy-ýakynda hem Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde hünär tejribämizi artdyrmak maksady bilen okuw saparynda bolup geldik. Moskwa şäheriniň Milli ylmy-amaly simulýasion türgenleşik merkezinde professor Wladimir Totaçenkonyň we birnäçe tejribeli lukmanlaryň ýolbaşçylygynda öz hünär tejribelerimizi artdyrdyk. Nesip bolsa, öw

Bitaraplyk buýsanjydyr türkmeniň

Şu günler ýurdumyzyň çar künjeginde Halkara Bitaraplyk güni giňden bellenilýär. Watanymyzyň baky Bitaraplygy ata-babalarymyzyň wysal bolan arzuwy, halkyň çüwen bagty, ýurduň alyp barýan hoşniýetli goňşuçylyk, parahatçylyksöýüjilik syýasatynyň özenidir. Onuň esaslary öňe sürýän garaýyşlarymyzyň binýatlyk ölçeglerine eýermäge bize giň mümkinçilik berdi. Şeýle-de halkymyzyň parahatçylyksöýüjilik, beýleki halklara, olaryň medeniýetine hem-de däp-dessurlaryna, garaýyşlaryna we dini ynançlaryna hormat goýmak ýaly düşünjeleriniň has-da berkemegine esas bolup durýar. Bitaraplyk syýasatynyň esasy maksady bolsa ýurduň daşary we içeri syýasatyny gülletmekden, goňşuçylyk gatnaşyklaryny berkitmekden ybaratdyr. Biziň institutymyzda bu şanly sene mynasybetli talyplaryň arasynda «Bitaraplyk buýsanjydyr türkmeniň» ady bilen döredijilik bäsleşigi geçirildi. Ýaryşda talyplar Watanymyzyň Bitaraplyk syýasatyny wasp edýän goşgudyr makalalary, hekaýalary ýazmakda özara bäsleşdiler. Bäsleşige gatnaşanlar öz eserlerinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýetilen belent sepgitleri, Bitaraplyk syýasatynyň ähmiýetini wasp edýän eserlerini okadylar. Ýeňiji bolanlara institutyň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasy we ilkinji ýaşlar guramasy tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Täze kitaplar gelip gowuşdy

Kitap adamzat durmuşynda möhüm ähmiýete eýe bolan gymmatlykdyr. Şu sebäpli ata-babalarymyz kitaba aýratyn hormat goýupdyrlar. Kitap maglumat almak üçin hem wajyp serişde. Bu gymmatly baýlygyň halkymyza has elýeterli bolmagy üçin ýurdumyzda uly tagallalar edilýär. Kitaba uly hormat goýýan mähriban Arkadagymyzyň gurduryp beren welaýat kitaphanasynda hem okyjylaryň ösen isleglerini kanagatlandyrmak üçin giň mümkinçilikler, amatly şertler döredilen. Şeýle binada zähmet çekmek, okyjylara hyzmat etmek uly bagt. Ilat arasynda wagyz-nesihat işlerini geçirmek, ýaşlarda kitaba bolan söýgini döretmek, täze gelen kitaplar bilen şäher, etrap merkezi kitaphanalaryny we olaryň şahamçalaryny üpjün etmek, neşirleriň gysga wagtyň içinde okyjylaryň ellerine gowuşmagyny gazanmak biziň esasy wezipämiz bolup durýar. Golaýda kitaphanamyza «Galkynyş» kitap merkezinden täze kitaplar gelip gowuşdy. Şolaryň hatarynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň şanly menzilleri» atly türkmen, iňlis, rus dillerinde neşir edilen kitabynyň II jiltiniň 689 sanysy, Gahryman Arkadagymyz, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabynyň XVI jiltiniň 710 sanysy bar. Şeýle-de çagalar üçin niýetlenilen «Bir bar eken...», «Ertekiler dünýäsinde», «Dostlugyň miwesi» atly k