"Türkmen gündogary" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Lebap welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Türkmenabat şäheri, S.A.Nyýazow şaýoly, 42
Telefon belgileri: 3-14-36, 3-26-83, 3-26-82
Email: turkmengundogary-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Täze ýylyň arzyly myhmany

Täze ýyl baýramçylygy diýlende, ilki bilen, al-ýaşyl öwüşginli arça, Aýazbaba bilen Garpamyk göz öňüňe gelýär. Eýsem, bu baýramçylykda hemmeleriň garaşýan arzyly myhmany — Aýazbabasy kim? Aýazbabanyň keşbinde çagalara şatlyk paýlamagyň ýakymy neneňsi? Ynha, şu sowallara jogap tapmak maksady bilen biz eýýäm birnäçe ýyldan bäri Täze ýyl baýramçylygynda baş gahrymanyň keşbinde çykyş edýän Lebabyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynyň baýry aktýory Jelaletdin Sultyýew bilen söhbetdeş bolduk. — Jelaletdin, seni teatr sungatynyň muşdaklary zehinli aktýor hökmünde tanaýarlar. Ýöne welaýatymyzyň ýaşaýjylary üçin sen, ilkinji nobatda, Aýazbaba. Bu meşhurlyga özüň nähili garaýarsyň?

Hoş geldiň, Täze ýyl!

Dünýäniň hoşzyban kelamy bolup,Hoş geldiň, Täze ýyl, eziz Diýara!Barlygyň bezemen jemaly bolup,Hoş geldiň, Täze ýyl, eziz Diýara! Uýup beýik Pyragynyň pähmine,Eýlenip zamanaň gyzgyn mährine,Watan gujagyna — tylla tagtynaHoş geldiň, Täze ýyl, eziz Diýara!

Başagaýlyk

Täze ýyl baýramynda maşgala agzalarymyz bolup, naz-nygmatlar bilen bezelen saçagyň başyna jemlendik. Her kim dürli-dümen tagamlardan dadyşdyryp, birek-birege süýji arzuwlaryny ýollaýardy. Kiçi agtygym Maýsajygyň welin, saçak bilenem, daşyndaky myhman-mediwanlar bilenem seri ýokdy. Irgözinden bezenip beslenensoň ol otagda diken arçamyzyň daşynda aýlanyp, çagalar bagynda öwrenen goşgudyr aýdymlaryny zol-zol gaýtalaýardy. Soňabaka ol howlugyp: — Aýazbaba haçan gelerkä? — diýip, kä penjireden jyklap, käte gapynyň ýanyna baryp, diňşirgenip başlady. Men:

Tymsallar

Gözýetim Bilesigeliji ýaş ýigitde gözýetimiň aňyrsynda nämeleriň bardygyny bilmek höwesi döräpdir. Ol şoňa ýetmek üçin ýola düşüpdir. Ýigit öňe ýöredigiçe gözýetim hem ondan daşlaşypdyr. Ol ylgapdyr, ýöne gözýetime golaýlaşmak başartmandyr. Ýigit otla münüp, has çalt hereket edipdir, ýöne ýene-de onuň tagallalary ýerine düşmändir. Soňra ol gämide ýüzüpdir, şonda-da ol gözýetimiň yzyndan ýetip bilmändir. Şol wagtlar gözýetim oňa örän täsin we şu döwre çenli hiç kim tarapyndan üsti açylmadyk syrlara baý ýaly bolup görnüpdir. Ol ýolda paýhasly adamlar bilen gürrüňdeş bolupdyr, köp syrlara akyl ýetiripdir, ýöne gözýetime bir ädimlik hem golaýlaşmandyr.

Parasatly pikirler

Her bir işiň gadyryny bilgin hem sarpa goýgun, şonda seniň hem gadyryň bilner, sarpa-da goýlar. * * *

Jümle-jahan habarlary

Täze ýyl rekordy

Sagdynlyk kadalary

Gyş paslynda bedeniň kesele garşy göreşijilik ukybyny ýokarlandyrmak üçin sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermeli. Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaly. Açyk howada gezelenç etmeli.

Bildiriş

Bahtiýar Ýoldaşowiç Taşbaýewiň BC derejeli sürüjilik okuwyny tamamlandygy hakyndaky № 169339 belgili şahadatnamasynyň ýitirilendigi habar berilýär. ***

Islegimiz rowaçlyga telwasdyr

2024-nji ýyl meniň üçin juda düşümli ýyl boldy. Şu ýyl maňa biologiýa dersi boýunça geçirilen bäsleşikleriň birnäçesinde öňdäki orunlara mynasyp bolmak başartdy. Şolaryň hatarynda iňlis dilinde geçirilýän FISO halkara internet olimpiadasyny, UNIPO halkara taslama bäsleşigini, «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşiginiň jemleýji tapgyryny we ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesi tarapyndan geçirilen internet olimpiadalaryny görkezip bolar. Täze ýylda ak mekdepden uçurym bolmaga taýýarlanýaryn. Nesip bolsa, bu üstünlikleri dowam etdirip, lukmançylyk hünäri boýunça okuwa girmegi meýilleşdirýärin. Goý, Täze ýyl her kim üçin düşümli ýyllaryň biri bolsun! Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda täze üstünlikler täze ýylyň her gününi bezesin!

Arzuwlar hasyl bolýar

Täze ýylyň öňüsyrasyndaky günlerde oba-şäherlerimizdäki baş arçalaryň daş-töwereginde baýramçylyk dabaralary guralyp, il-ulsuň şatlygyna şatlyk goşýar. Dänew etrabynyň Seýdi şäherindäki baş arçanyň ýanyndaky şatlykly aýdym-sazly çykyşlaryň hem arasy üzülmeýär. Mekdebimiziň höwesjeň ýaşlary üçin bu günler aýratyn ýakymly. Olar dabaralarda aýdym-sazlar, tanslar bilen çykyş edip, şäheriň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna hezil berýärler. Şonuň bilen birlikde ýaşlar halypalaryň beren bilimlerini näderejede özleşdirendiklerini, kämillikde öz ýeten sepgitlerini barlap görýärler hem-de zehinlerini synagdan geçirýärler. Mekdebimizde ýaşlaryň zehinleriniň taplanmagy üçin sapakdan daşary döredijilik agşamlary, söhbetdeşlikler, konsertler yzygiderli guralyp durulýar welin, ýöne köpçüligiň arasynda çykyş edip, tomaşaçylaryň hormat-sarpasyny, hoşallygyny gazanmak ýaşlarymyzyň kämillik basgançaklaryny üstünlikli özleşdirmeklerine has güýçli täsirini ýetirýär.

Zergärlerimiz hormatly adyň eýesi boldular

Welaýatymyzyň zergärleriniň ikisi ― Saýat etrabyndaky 28-nji orta mekdebiň mugallymy Ogulnur Öräýewa bilen Hojambaz etrabynyň Döwletli şäherçesiniň medeniýet merkeziniň suratkeş-bezegçisi Hemra Taganow «Çeper döredijiligiň halk ussady» diýen hormatly adyň eýesi boldular. Bu at her ýyl Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan pederlerimizden gelýän el işlerimizi häzirki günlerde hem kämil dowam etdirýän we ýaş nesle geçirmekde uly tagalla edýän ildeşlerimize berilýär. Lebaply zergärler bilen birlikde ýurdumyzyň beýleki sebitlerinde ýaşaýan, işleýän amaly-haşam sungatynyň ussatlarynyň hem 8-si bu hormatly adyň eýesi boldular.

Küştçülerimiz ― milli birinjiligiň ýeňijileri

Welaýatymyzyň küştçüleri 16 ― 22-nji dekabrda geçirilen 7 ― 17 ýaş aralygyndaky çagalaryň we ýetginjekleriň milli birinjiliginde toparlaýyn hasapda birinji orny eýelediler. Ýaryş ýaş derejeleriniň altysy boýunça geçirildi. Milli birinjilige lebaply küştçülerden başga-da, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň, Ahal, Mary we Daşoguz welaýatlarynyň hem-de ilkinji gezek «Küşt älemi» akademiýasynyň türgenleri gatnaşdylar. Mümkin bolan 108 medal üçin 350-den gowrak küştçi ýaryşdy. Şunda medallaryň agramly bölegine ― 67-sine welaýatymyzyň küştçüleriniň mynasyp bolandygy bellenilmäge mynasypdyr. Şol medallaryň 27-si bolsa altyn medaldyr.

Baýramçylyk dabarasy geçirildi

Saýat etrabynyň merkezindäki «Balsaýat» toý mekanynda geçirilen baýramçylyk dabarasy «Hoş gelipsiň, Täze ýyl, gül Diýara!» diýlip atlandyryldy. Ony etrap häkimligi syýasy partiýalaryň we iri jemgyýetçilik guramalarynyň ýerli edaralary hem-de medeniýet bölümi bilen bilelikde gurady. Baýramçylyk dabarasyna etrabyň çägindäki edara-kärhanalaryň öňdebaryjylary hormatly myhman boldular. Aýdym-sazly çykyşlaryň arasynda olaryň baýramçylyk gutlaglary hem diňlenildi. Çykyşlarda aýdylyşy ýaly, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly Saýat etraby üçin düşümli ýyllaryň biri boldy. Etrabyň zähmetkeşleri iki ýylyň sepgidindäki baýrama öz sowgatlary bilen geldiler. Şu ýyl etrapda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen täze umumybilim berýän orta mekdep hem açylyp, ulanylmaga berildi.

Ýürekdeş duşuşyklar

Welaýat adalat bölüminiň mejlisler jaýynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň gatnaşmaklarynda ýygy-ýygydan geçirilýän duşuşyklar ildeşlerimiziň uly gyzyklanmasyna eýe bolýar. Bu duşuşyklara Türkmenabat şäher prokuraturasynyň işgärleri hem işjeň gatnaşýarlar. Her aýda iki gezek geçirilýän duşuşyklarda dürli meseleler we ugurlar boýunça kanuny gözükdirmeler berilýär. Şunda milli parlamentimiz tarapyndan üsti ýetirilen we täze kabul edilen kanunçylyk namalaryndan aýratyn ugur alynýar. Şeýle hem bu duşuşyklarda ildeşlerimiz degişli gulluklaryň işgärlerine özlerini gyzyklandyrýan sowallar bilen ýüzlenip, olara kanagatlanarly jogap alýarlar. Bu duşuşyklar berkarar döwletimizde bagtyýar ýaşaýşy we kanunçylyk namalarynyň berk goraglylygyny üpjün edýär.

«Hakyda göwheri» ― milli mertebä buýsanç

Gahryman Arkadagymyzyň dürdäne paýhasyndan kemal bolan «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň çapdan çykmagy Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň bilim işgärlerinde we talyplarynda hem uly şatlyk döretdi. Bu eseriň ylmy maglumatlara baýdygy bolsa baýry ýokary okuw mekdebimiziň aspirantlarydyr magistrantlary üçin hem gymmatly gollanma bolup hyzmat edýär. Taryhy çynlakaý öwrenmek we onuň şan-şöhratyny geljekki nesillere ýetirmek Gahryman Arkadagymyzyň alymlardan edýän esasy talaplarynyň biri. Bu işde Milli Liderimiziň hut özi belent göreldäni görkezýär. Dürdäne eserde getirilýän taryhy maglumatlar biziň alyp barýan ylmy işlerimiz üçin ajaýyp çeşmedir. Gahryman Arkadagymyz milli gymmatlyklarymyzdan ybarat dünýäni «Hakyda göwherinde» bir akaba jemledi. Ýaş alymlar hökmünde biz bolsa, şol akabadan özümize gerekli gymmatlyklary susup alyp, şöhratly taryhymyzy, milli mirasymyzyň inçeliklerini dünýä ýaýmak we geljekki nesillere ýetirmek üçin yhlasymyzy gaýgyrman okarys, öwreneris.

Suratlarda körpeleriň buýsanjy

Çärjew etrabyndaky 23-nji çagalar bakja-bagynda etrap bilim bölüminiň guramagynda etrabyň mekdebe çenli çagalar edaralarynyň körpeleriniň arasynda «Bitarap Watanyň körpe nesli biz» atly bäsleşik geçirildi. Oňa etrabyň çagalar bakja-baglarynyň mekdebe çenli taýýarlaýyş toparynyň zehinli körpeleri gatnaşdylar. Bäsleşigiň esasy maksady çagalarda suratlaryň üsti bilen Watanymyza, gözel tebigatymyza söýgini artdyrmakdan, maşgala mukaddesligi bilen bagly düşünjeleri berkitmekden ybarat bolup, onda başarjaň körpeler öz döredijilik ukyplaryny görkezdiler.

Göwher sözüň ýakymy

Welaýat kitaphanasynda Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Oňa Türkmenabat şäherindäki bilim-terbiýeçilik edaralarynyň işgärleri, orta hünär okuw mekdepleriniň talyp ýaşlary, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň wekilleri gatnaşdylar. Çykyşlarda Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitabynyň akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň dünýä derejesinde uludan bellenilýän günlerinde halkymyza sowgat berilmeginiň uly many-mazmuna eýedigi bellenildi. Kitaba salgylanylyp, Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň adamzat gymmatlyklaryna ýetiren täsiri, şöhratly taryhymyzyň beýany, milli medeniýetimiziň dünýä siwilizasiýasyna goşan goşandy barada getirilen maglumatlar dabaranyň täsirini has-da artdyrdy. Dabaranyň dowamynda oňa gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň mundan beýläk-de döwet galamynyň ýiti bolmagyny, ajaýyp eserleriniň höwrüniň köp bolmagyny arzuw etdiler.

Täze ýyl — ýagşy arzuwlaryň baýramy

Welaýat kitaphanasynda kitaphana işgärleriniň we «Türkmen gündogary» gazetiniň redaksiýasynyň bilelikde guramaklarynda «Täze ýyl — ýagşy arzuwlaryň baýramy» atly «tegelek stoluň başynda» söhbetdeşlik geçirildi. Oňa welaýatymyzyň iri edara-kärhanalarynyň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri, şeýle-de çeper döredijilik bilen meşgullanýan mekdep okuwçylary gatnaşdylar. Söhbetdeşlikde güneşli Diýarymyzda tamamlanyp barýan 2024-nji ýylda gazanylan üstünlikler we ýetilen belent sepgitler barada giňişleýin gürrüň edildi. Çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzyň ähli sebitleri bilen bir hatarda welaýatymyzda hem düýpli özgertmeleriň durmuşa geçirilendigini, möhüm ähmiýetli desgalaryň we binalaryň açylyp, ulanylmaga berlendigini uly buýsanç bilen bellediler.

Bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyk

Her bir halk öz medeniýetiniň, sungatynyň özboluşlylygy, ýeten kämillik derejesi bilen tanalýar. Muňa Milli Liderimiziň halkymyzyň taryhynyň we medeniýetiniň gadymy köklerinden we aýratynlyklaryndan söz açýan «Hakyda göwheri» atly kitabyny okanyňda has-da aýdyň göz ýetirýärsiň. Gahryman Arkadagymyz taryhda öçmejek yz goýan beýik şahsyýetlerimiziň gahrymançylygyndan, edermenliginden nusga almak, olaryň merdi-merdanalygyny, pähim-parasatlylygyny dünýä ýaýmak boýunça bimöçber uly işleri durmuşa geçirip, halkymyzyň däp-dessurlaryny, medeniýetini inçelik bilen duýmagy başarýan, onuň barha ösmegi üçin goşandyny goşjak nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekligi häzirki döwrüň wajyp wezipeleriniň biri hökmünde kesgitleýär. Bu möhüm wezipäni ýerine ýetirmekde Gahryman Arkadagymyzyň täze kitaby bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr. Täze kitabyň söz ussady Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň dünýä derejesinde bellenilýän ýylynda elimize gowuşmagy ildeşlerimiziň her biriniň baýramçylyk şatlygyny goşalandyrdy. Bu kitaby okap, pederlerimiziň müňýyllyklaryň jümmüşinde döreden, kämilleşdiren, baýlaşdyran medeniýetiniň çuňňur pelsepä ýugrulandygyna doly göz ýetirýärsiň. Her bir milli ýörelgäniň, ruhy däp-dessuryň manysynyň, nazaryýetine siňdirilen pelsepewi mazmunyň biziň pikir edişimizden we çaklaýşymyzdan hem çuňdugyna düşünýärsiň. Gahryman Arkadagymyzyň çeper söz ussatlygy, pähim-

Gülläp ösüşiň we abadançylygyň hatyrasyna

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiz daşary syýasatynda parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmek ýörelgelerine eýermek bilen jogapkärli we ygtybarly hyzmatdaş hökmünde dünýäde tutýan ornuny barha berkidýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň kabul eden Kararnamalaryna laýyklykda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň dünýä bileleşigi tarapyndan iki gezek ykrar edilmegi hem halkymyzyň ençeme müňýyllyklaryň dowamynda toplanan taryhy tejribesini, ynsanperwer taglymatlaryny özünde jemleýän bitaraplyk ýörelgämize berlen ýokary bahadyr. Hut şunuň esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan üstümizdäki ýylda ýurdumyzyň teklibi esasynda «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi. Bu bolsa ata Watanymyzyň ählumumy gülläp ösüşiň we abadançylygyň hatyrasyna Milletler Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy giňden ýaýbaňlandyrýandygyny, diňe bir sebitde däl, eýsem, tutuş dünýäde parahatçylygyň, asudalygyň üpjün edilmegi ugrunda tagalla edýändigini ýene-de bir gezek tassyklaýar we dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde ýurdumyzyň abraýyny öňküden-de belende galdyrýar. Hormatly Prezidentimiziň umumadamzat bähbitli öňe sürýän başlangyçlarynyň dünýä jemgyýetçiliginde giň goldaw tapyp, güneşli Diýarymyzyň halkara abraýynyň has-da belende göter