"Türkmen gündogary" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Lebap welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Türkmenabat şäheri, S.A.Nyýazow şaýoly, 42
Telefon belgileri: 3-14-36, 3-26-83, 3-26-82
Email: turkmengundogary-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Bildirişler

Dänew etrabyndaky 22-nji orta mekdepden Şemşat Syýarowna Karýagdyýewa berlen A № 0261754 belgili orta bilim hakynda şahadatnamanyň ýitirilendigi habar berilýär. ***

Diller ― dostluk köprüsi

Şeýle at bilen biziň çagalar bakja-bagymyzda bäsleşik geçirildi. Etrap bilim bölüminiň guramagyndaky bu bäsleşige etrabymyzdaky çagalar baglarynyň mekdebe taýýarlaýyş toparlarynyň körpeleri gatnaşdylar. Çagalarda daşary ýurt dillerini öwrenmäge höwes döretmek, olaryň sözleýiş dilini ösdürmek hem-de ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmak maksady bilen geçirilen bäsleşikde körpeler daşary ýurt dillerinde özlerini tanyşdyrmak, labyzly goşgy okamak bilen birlikde aýdymlary we sahna oýunlaryny ýerine ýetirdiler.

Ýaş maşgalalaryň hukuklary düşündirilýär

Darganata etrabynyň Raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysy bölüminde etrabymyzyň ýaşaýjylarynyň gatnaşmaklarynda «Raýat hukuklarynyň goraglylygyny üpjün etmek mukaddes borçdur» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Oňa syýasy partiýalaryň we iri jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hem-de kümüş saçly eneler gatnaşdylar. Duşuşygyň dowamynda ýaş maşgalalaryň raýatlyk hukuklary barada gürrüň edildi. Aýdylyşy ýaly, ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyz we Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan ýaş maşgalalaryň ösüp-örňäp, durmuşda ornuny tapyp gitmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Şol mümkinçiliklerdir hukuklar kanunçylyk namalary arkaly berkidilýär. Duşuşykda çykyş eden harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri ýaş maşgalalaryň agzalaryna şol hukuklar barada giňişleýin düşündiriş berdiler. Özara alşylan sowal-jogaplar has-da netijeli boldy.

Ýokary okuw mekdebimiz ― abraýly sanawda

Biziň baýry ýokary okuw mekdebimiz 2024-nji ýylyň netijeleri boýunça «UI GreenMetric World University Ranking» reýtingine girdi. Bu reýting ýokary okuw mekdepleriniň daşky gurşawy goramak, energetika, howanyň üýtgemegi, galyndylary dolandyrmak, ulag we durnukly ösüş babatdaky gazananlaryny bahalandyrýar. Şu ýyl reýtinge 95 döwletden ýokary okuw mekdepleriniň 1477-si girizildi. «UI GreenMetric World University Ranking» ýokary okuw mekdeplerine durnukly ösüş maksatlaryna esaslanýan birnäçe görkeziji boýunça baha berýär. Hususan-da, ol ýokary okuw mekdebiniň infrastrukturasyny, ylmyň we gözlegleriň alnyp barlyşyny göz öňünde tutýar. Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda bu ugurlar boýunça netijeli işler alnyp barylýar, bu bolsa institutyň halkara reýtingde mynasyp orny eýelemegine mümkinçilik berdi.

Bilim işgärlerimiz ― döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan yglan edilen Elektron okuw toplumlarynyň bäsleşiginiň jemi jemlenildi. Ministrligiň resmi saýtynyň habar berşi ýaly, ýeňijileriň arasynda biziň welaýatymyzyň wekilleri hem bar. Has takygy, bäsleşik Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde geçirilen Bilim ulgamynda innowasion tehnologiýalarynyñ festiwalynyň çäklerinde jemlenildi. Onda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymy Diýar Yhtyýarow ýeňijileriň hataryndan orun almagy başardy.

Futzal ýaryşynda ýarym finalçylar belli boldy

Futzal boýunça Türkmenabat şäheriniň kubogy ugrundaky ýaryşda dördünji we bäşinji tapgyryň duşuşyklary geçirilip, ýarym finalçylar belli edildi. Dördünji tapgyrda «A» toparçada «Bäş dogan» topary «Amuly» 10:9 hasabynda, «Köpetdag — Lebap» bolsa «Faraby» 6:2 hasabynda ýeňdi. «B» toparçanyň duşuşyklarynda «Bagtyýarlyk» «Amyderýadan» 10:5, «Jeýhun» bolsa «Kerki» toparyndan 4:1 hasabynda üstün çykdy.

Dünýä dilleriniň hepdeligi geçirildi

Türkmenabat şäherindäki 9-njy orta mekdebiň ýanyndaky internatda dünýä dilleriniň hepdeligi geçirildi. Hepdeligiň dowamynda okuwçylar diňe bir bilim ojagymyzda öwrenilýän rus we iňlis dillerinde däl, eýsem, beýleki daşary ýurt dillerinde hem täsirli çykyşlary etdiler. Hepdeligiň dowamynda maňa 11-nji synpyň okuwçylary bilen göreldeli okuw sapagyny geçmek ynanyldy. Oňa şäherimiziň ähli mekdeplerinden kärdeşlerimiz gatnaşdylar.

Kalba dolan buýsanjyň beýany

Okuw ýyllary bahar bilen tomsuň sepgidinde tamamlansa-da, her ýylyň çalşygynda bilim işgärleri geçilen menzillere syn salyp, ýetilen sepgitleri, edilen işleri seljerýärler. Şol seljermeler «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň, edil şahyryň öz şygyrlary ýaly, hümmetli we gymmatly ýyl bolandygyny görkezýär. Munuň şeýledigini ýurdumyzyň bilim işgärleriniň uly toparynyň hormatly Prezidentimiziň gol çeken resminamalaryna laýyklykda «Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalyna hem-de ýadygärlik nyşanlaryna mynasyp bolmagy hem görkezýär. Şanly ýylda akyldar şahyryň mertebesine döredilen medalyň eýesi bolmak her bir watandaşymyz, şol sanda, bilim işgärleri üçin hem belent mertebedir.

Sport täzelikleri

Türkmenabat şäherindäki 7-nji sport mekdebinde erkin göreş boýunça 17 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda Türkmenistanyň çempionaty geçirildi. Ýaryşa jemi toparlaryň 8-sinden 210 türgen gatnaşyp, welaýatlaryň, Aşgabat şäheriniň we paýtagtymyzdaky Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň, şeýle-de «Olimp» orta sport mekdebiniň türgenleri dürli agram derejelerinde güýç synanyşdylar. Ýaş pälwanlaryň arasynda guralan çekeleşikli ýaryşlar ökdeleri öňe çykardy. Çempionatyň jemleri boýunça Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatymyzyň toparlary has-da tapawutlanyp, degişlilikde birinji, ikinji we üçünji orunlara mynasyp boldular. Şahsy we toparlaýyn görkezijileri boýunça ýeňijilere Hormat hatlary we medallar gowşuryldy. ***

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň “Türkmenistan — ABŞ” işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşygy

17-nji dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen-amerikan işewürlik maslahatyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen “Türkmenistan — ABŞ” işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart bilen duşuşdy. Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny bildirip, ABŞ-nyň işewür toparlarynyň wekilleriniň daşary ýurt kompaniýalary üçin netijeli işlemäge amatly şertler döredilen, geljegi uly türkmen bazarynda iş alyp barmaga uly gyzyklanma bildirýändiklerini tassyklady.

Göwher sözüň ýakymy

Şu gün welaýat häkimliginde Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Oňa milli parlamentimiziň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň, edara-kärhanalaryň, syýasy partiýalardyr iri jemgyýetçilik guramalarynyň, bilim we terbiýeçilik edaralarynyň wekilleri, ýaşulular, kümüş saçly eneler hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Durnukly ösüş üpjün edilýär

16-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmaklarynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň welaýatlarynda we oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işlere, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Ilki bilen, welaýatlaryň häkimlerine söz berildi. Olar sebitlerde möwsümleýin oba hojalyk işlerini talaba laýyk guramak, ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek, ilaty elektrik energiýasy, tebigy gaz, agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça, şeýle-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda alnyp barylýan işler barada hasabat berdiler.

Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY

Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýadygärlik nyşany bilen sylaglamak hakynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiligini, edebi mirasyny, akyldar şahyryň arzuwlan ajaýyp zamanasyny döwrebap aýdym-sazlaryň üsti bilen mynasyp wasp etmäge goşan uly goşantlaryny nazara alyp, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli, karar edýärin:

Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň başlygyny kabul etdi

16-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «ITOCHU Corporation» kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň agzasy, ýerine ýetiriji wise-prezidenti, maşyn we enjamlar kompaniýasynyň prezidenti, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň başlygy Hiroýuki Subaýy kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan Aziýa — Ýuwaş umman sebitinde ýerleşýän Ýaponiýa bilen hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Mälim bolşy ýaly, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar uzak möhletleýin strategik häsiýete eýedir. Döwletara gatnaşyklar deňhukuklylyk, özara hormat goýmak, ynanyşmak esasynda işjeň ösdürilýär hem-de kämilleşdirilýär. Ýurtlarymyz diňe bir ikitaraplaýyn däl, eýsem, köptaraplaýyn görnüşde, ýagny «Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» dialogynyň çäklerinde hem üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler. Häzirki wagtda ikitaraplaýyn gatnaşyklar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, durmuş, medeni-ynsanperwer ugurlary öz içine alýar.

Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň işewür toparlarynyň wekillerini kabul etdi

16-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmen-amerikan işewürlik maslahatyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen “Türkmenistan — ABŞ” işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuarty, “John Deere” kompaniýasynyň Merkezi Aziýada strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça ýolbaşçysy Çaba Leýkony we “Westport Trading Europe Limited” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Nikolaý Ýurçenkony kabul etdi. Söhbetdeşligiň dowamynda nebitgaz pudagy, elektroenergetika, gaýtadan dikeldilýän energetika, ulag-aragatnaşyk, oba hojalygy, ýokary tehnologiýalar ýaly ulgamlar bilelikdäki işiň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň amerikan kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine gyzyklanma bildirýändigini we olaryň anyk tekliplerine seretmäge taýýardygyny tassyklady.

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetiniň mejlisi

16-njy dekabrda paýtagtymyzda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetiniň 15-nji mejlisi geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin «ITOCHU Corporation» kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň agzasy, ýerine ýetiriji wise-prezidenti, maşyn we enjamlar kompaniýasynyň prezidenti, bu komitetiň ýapon böleginiň başlygy Hiroýuki Subaýyň ýolbaşçylygyndaky Ýaponiýanyň işewür toparlarynyň uly wekiliýeti ýurdumyza geldi. Duşuşygyň dowamynda taraplar döwletara dialogyň täze tapgyrynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny, maliýe-maýa goýum gatnaşyklaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Geljegi uly bilelikdäki taslamalar, önümçilik hyzmatdaşlygynyň ugurlary barada pikir alyşdylar. Foruma iki ýurduň dürli ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary, iki tarapdan hem işewürlik düzümleriniň ýolbaşçylary wekilçilik etdi.

Lebapda Täze ýyl arçasynyň yşyklary ýakyldy

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýen şygar astynda geçýän üstümizdäki ýylymyz tamamlanyp barýar. Häzirki günlerde ýurdumyzyň çar künjeginde bolşy ýaly, Lebap ilinde-de Täze, 2025-nji ýyly garşylamaklyga uludan taýýarlyk görülýär.

Bildirişler

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugyndan Zamira Narkulyýewna Açilowanyň adyna resmileşdirilen A-0620255 belgili Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasportynyň ýitirilendigi habar berilýär. ***

Bol hasyly bilen tanalan gadymy toprak

Tamamlanyp barýan ýyl biziň bilime teşne, giň gözýetimli, şöhratly geçmişimize we taryhymyza uly sarpa goýýan ýaşlarymyz üçin ýatdan çykmajak ýyllaryň biri boldy. TÜRKSOÝ-yň çözgüdi esasynda şu ýylyň «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmegi, şeýle hem «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýen şygar astynda geçmegi bilen ýurdumyzyň gülläp ösüşlerine oňyn täsirini ýetirýän baý many-mazmunly joşgunly işleriň sakasyny açyp goýberdi. Hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitaby bolsa türkmen halkyna örän ajaýyp sowgat bolup, gadymy topragymyzyň dünýä ekerançylygynyň irki ojaklarynyň biri bolup durýandygyna bolan buýsanjymyza buýsanç goşdy. Men taryh mugallymy bolandygym üçin bu kitaba yzygiderli ýüzlenýärin. Mukaddes toprakda Änewiň ak bugdaýyň gadymy Watanydygyny tassyklaýan bugdaý we arpa däneleriniň ýüze çykarylmagy bilen baglanyşykly açyş tutuş Merkezi Aziýanyň däneli ekinleri ösdürip ýetişdirmekde ilkinji sebitleriň biri bolandygyny öňe sürmäge şert döretdi. Biziň ata-babalarymyz adamzat taryhynda däneli ekinleri ýetişdiren we bugdaý unundan çörek taýýarlan ilkinji halklaryň biri hökmünde taryhda ykrar edildi. «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitap bu taryhy bilimleri ýene-de baýlaşdyrdy. Kitap gadymy Ahal topragynyň köpasyrlyk taryhy barada

Kalplary gandyrýan dury çeşme

Gahryman Arkadagymyz her şanly senäniň, toý-dabaranyň öň ýanynda halkymyzyň ruhy dünýäsini baýlaşdyrýan ajaýyp kitaplary sowgat edýär. Ynha, Halkara Bitaraplyk gününiň öň ýanynda Milli Liderimiziň jöwher paýhasyndan kemal tapan «Hakyda göwheri» atly ajaýyp kitaby ellerimize gowuşdy. Bu şatlykly waka mynasybetli etrabymyzdaky edara-kärhanalarda, bilim-terbiýe ojaklarynda guralýan dabaraly çäreler ildeşlerimizde uly ruhubelentlik döredýär. Bu ajaýyp kitap ýaş nesli ata-babalarymyzyň milli ýol-ýörelgesi esasynda, ruhy-ahlak taýdan terbiýelemekde iňňän uly ähmiýete eýe bolmak bilen, pähim-parasatly sözlere, jaýdar jümlelere gadyr goýýan halkymyzyň akyl-paýhasa teşne kalbyny gandyrýan dury çeşmedir. Bu ajaýyp kitabyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda çap edilip, okyjylara gowuşmagynda özboluşly many bar. Täze neşirde halkymyzyň taryhy şahslarynyň birnäçesiniň çeper döredijiliginiň we ata-babalarymyzyň asyrlaryň synagyndan geçen durmuş tejribesiniň öz beýanyny tapmagy onuň ähmiýetini has-da ýokarlandyrýar. Güneşli ýurdumyzy öň görlüp-eşidilmedik derejede özgertmek bilen birlikde il-günümiziň ruhy islegini kanagatlandyrmak hem-de içki dünýäsini gözelleşdirmek barada ýadawsyz alada edýän Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, başynyň dik, döwletli işleriniň mydama oňuna bolmagyny arzuw edýäris.