"Türkmen gündogary" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Lebap welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Türkmenabat şäheri, S.A.Nyýazow şaýoly, 42
Telefon belgileri: 3-14-36, 3-26-83, 3-26-82
Email: turkmengundogary-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Geljekki özgerişleriň açary

Ösen tehnologiýalar geljek dünýä bilen gatnaşygymyzda we çylşyrymly meseleleri çözmekde täze özgerişleri wada berýär. Geljegi emele getirýän, durmuşyň dürli ugurlarynda özgertmelere sebäp boljak esasy sanly tehnologiýalar barada bilmek gyzyklydyr. Emeli aň: Emeli aň gündelik durmuşymyzyň aýrylmaz bölegine öwrülýär. Geljekde ol saglygy goraýyşda, bilimde, işewürlikde we ylymda has giňden ulanylar. Maşynlaýyn öwrenmek we neýron ulgamlary maglumatlary has takyk seljermek we netijeli kararlary bermek üçin ulanylar.

Sanly bank ulgamy halkyň hyzmatynda

Türkmenistanyň Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän ykdysady strategiýasynda sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly ygtybarly milli bank ulgamynyň döredilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Bu wezipäni çözmek ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda kesgitlenildi, çünki karz edaralarynyň işiniň döwrüň talaplaryna laýyklykda guralmagy milli ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny, innowasion ösüşini, onuň ählumumy ykdysady gatnaşyklar ulgamyna işjeň goşulyşmagyny üpjün etmäge goşant goşýar. «Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň», «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» we beýleki maksatnamalaryň kabul edilmegi hem-de durmuşa geçirilmegi bu ugurda anyk netijeleri gazanmakda möhüm ädim boldy. Bu resminamalary durmuşa geçirmek üçin kesgitlenen çärelere laýyklykda, häzirki wagtda ýurdumyzda banklaryň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, ykdysadyýetiň pudaklaryna bölünip berilýän karz serişdeleriniň möçberini artdyrmak, bank-maliýe hasabatlaryny halkara standartlara laýyk getirmek, degişli kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek maksady bilen anyk işler ýerine ýetirilýär. Öňdebaryjy usullar, iň täze tehnologiýalar arkaly nagt däl tölegleriň amala aşyrylmagyna, d

Emeli aňyň mümkinçilikleri

Häzirki döwürde «emeli aň» adalgasy bütin dünýäde giň meşhurlyga eýe bolýar. Emeli aň jemgyýetçilik durmuşynyň hem-de ykdysadyýetiň ähli ugurlaryna has batyrgaý ornaşdyrylýar. Bu ýagdaý häzirki döwürde ylmyň we tehnologiýalaryň çalt depginler bilen ösýändigini görkezýär. Emeli aň 1956-njy ýylda amerikan alymy Jon Makkarti tarapyndan akademiki ylym hökmünde esaslandyryldy. Şol döwürden bäri bu ylym köp tapgyrlary geçdi. 2012-nji ýyldan başlap, bu ugruň maliýeleşdirilmegine gyzyklanmalar artdy. Şunda emeli aňy özleşdirmek we onuň mümkinçiliklerini peýdalanmak boýunça bar bolan usullary çuňňur öwrenmek meselelerine ähmiýet berildi. XXI asyryň 20-nji ýyllarynyň başynda dünýäniň dürli ýurtlarynyň iri kompaniýalary, ylmy edaralary we beýleki düzümler emeli aň boýunça giň gerimli işleri ýaýbaňlandyryp, onuň mümkinçiliklerine aýratyn üns berip başladylar. Bu bolsa jemgyýetçilik we ykdysady ösüşiň çaltlanmagyna giň ýol açdy. Şunuň bilen baglylykda, emeli aňyň mümkinçilikleri esasynda önümçilik kuwwatlyklary doly awtomatlaşdyryldy.

SIMSIZ TEHNOLOGIÝALARYŇ HÄZIRKI ZAMAN DEREJESI Li-Fi tehnologiýasynyň mümkinçilikleri

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň halkara derejesindäki at-abraýy barha artýar. Bilim işine sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy netijesinde ynsanperwer we takyk ugurlar boýunça ýokary bilimli hünärmenleri ýetişdirmek wezipesi netijeli häsiýete eýe bolýar. Simsiz aragatnaşyk – häzirki zaman enjamlarynyň iň möhüm funksiýalarynyň biri bolup, ol maglumatlary tiz, ygtybarly, tygşytly geçirmäge gönükdirilendir. Li-Fi tehnologiýasy hem simsiz aragatnaşygyň täze görnüşleriniň biridir. Li-Fi – bu näme? Li-Fi «Light fidelity» sözleriniň gysgaldylan görnüşi bolup, ýagtylygy maglumat geçirmek üçin ulanýan simsiz aragatnaşyk tehnologiýasydyr. Ol ýagtylyk aragatnaşyk ulgamy bolup, maglumaty ýokary tizlik bilen görünýän ýagtylygyň, ultramelewşe we infragyzyl spektriň üsti bilen geçirýär. Has ýönekeý sözler bilen aýdylanda, Li-Fi maglumat geçirmek üçin radiotolkunlarynyň ýerine ýagtylygy (optiki spektri) ulanýan, ýagtylyga esaslanýan Wi-Fi hasaplanýar. Li-Fi tehnologiýasy häzirki wagtda dünýäniň köp sanly aragatnaşyk kärhanalary tarapyndan işlenip düzülýär. Ol Edinburg uniwersitetiniň takyk ylymlarynyň doktory Harald Haasyň «TED Talk Global 2011» konferensiýasynda eden çykyşynda «Li-Fi» adalgasyny döretmegi bilen meşhurlyga eýe boldy. Haasyň gözlegleri optiki simsiz aragatnaşyk, gibrid optiki simsiz we radio ýygylyk (RF) aragat

Sanly tehnologiýalar: oňyn tejribe — bagtyýar geljek

Milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryna sanly ulgamlar, «akylly» we «ýaşyl» tehnologiýalar ornaşdyrylyp, emeli aň mümkinçilikleri giňden peýdalanylýar. Şonuň netijesinde halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertler döredilýär. Sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheri munuň aýdyň mysalydyr. 18-nji dekabrda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde «Akylly» şäher: dolandyrmak, sanly, «akylly» we emeli aň tehnologiýalary, howpsuzlygy, ykdysadyýeti» atly halkara ylmy-amaly maslahatyň geçirilmegi şu jähetden wajyp ähmiýete eýedir. Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekde ýerleşýän Arkadag şäheri «akylly» şäher gurluşygynyň milli nusgasy bolup, dünýä binagärliginiň öňdebaryjy gazananlaryny we tehniki üstünlikleri özünde jemleýär. Bu ýerde halkara ölçeglere gabat gelýän toplumlaýyn düzümler, şol sanda tebigaty goramak babatda netijeli çözgütler ilatyň abadan durmuşyny üpjün edýär. Onuň çäginde ekologiýa ýaly möhüm ugra aýratyn üns berlip, desgalaryň gurluşygynda ekologik taýdan arassa serişdelerden peýdalanylýar. Şu gezekki halkara ylmy-amaly maslahat hem bu ugurda ulgamlaýyn esasda işleri alyp barmak, milli tejribäni paýlaşmak, «akylly» şäher konsepsiýasyny yzygiderli ornaşdyrmak maksady bilen guraldy.

Saglygyň, ruhubelentligiň, döredijilikli zähmetiň özeni

Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlaryndan, hormatly Prezidentimiziň yhlas-aladalaryndan kemala gelen Arkadag şäheriniň ähli ulgamlaryna ornaşdyrylan innowasion tehnologiýalar ekologiýa abadançylygy babatda dünýäniň iň kämil nusgasy boldy. Sebitde ilkinji bina edilen häzirki zaman «akylly» şäher konsepsiýasynyň ähli ölçeglerine laýyk gelýän bu şäher Ýer ýüzüniň dürli künjeklerinde geçirilýän dünýä ýaryşlaryna hemişe çagyrylýar. Halkara sergileriň, ýaryşlaryň hemmesinde hem ähli ugurlar bilen birlikde, ekologiýa abadançylygy babatda baş baýraklara, diplomlardyr sertifikatlara yzygiderli mynasyp bolýar. Halkara Bitaraplyk gününiň bütin dünýäde baýram edilýän günlerinde Arkadag şäheriniň mynasyp bolan Ýewropanyň Hil barlaglary boýunça jemgyýetiniň hil boýunça baýragy we güwänamalary, binagärlik, ekologik derejesi bilen bagly baýragy hem-de degişli güwänamalary ýaly sylaglarynyň ýurdumyza getirilmegi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň şanly ýeňişlerine çuň mazmun berýär.

Bilim ulgamynda robototehnikanyň tutýan orny

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ylmyň hem-de tehnikanyň örän çalt depginler bilen ösmegi, bilim edaralarynda innowasion tehnologiýalaryň ulanylmagy netijesinde okatmagyň täze usullarynyň döremegi aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Şonuň üçin hem ýokary hem-de orta mekdeplerde we beýleki bilim edaralarynda sanly ulgamy ornaşdyrmak we ösdürmek işleri barha rowaçlanýar. Ýurdumyzyň dünýäniň bilim giňişligine goşulmagy tebigy we takyk ylmy ugurly dersleriň okadylyşyny kämilleşdirmek wezipelerini öňde goýýar. Ýurdumyzda geçirilýän bilim özgertmeleriniň baş maksady okatmagyň öňdebaryjy usullaryny peýdalanyp, ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, olaryň öwrenýän derslerini çuňňur özleşdirmeklerini gazanmakdyr. Häzirki döwürde ýurdumyzyň bilim ulgamynda beýleki täze ugurlar bilen bir hatarda robototehnika ugruna üns has hem güýçlendi. Robototehnika barada düşünje

Öýler üçin ýokary tizlikli AŞTU internet hyzmaty

Aşgabat şäher telefon ulgamy (AŞTU) öýlere berilýän ýokary tizlikli internet hyzmatyny hödürleýär. Bu barada Aşgabat şäher telefon ulgamy habar berýär. Öý üçin internet hyzmaty has ýokary tizlikler we has amatly bahalar bilen hemmelere elýeterli! 2 mbit/s internet bilen ulgamda gal, 4 mbit/s internet bilen wideo mazmunlaryň lezzetini gör, 6 mbit/s internet bilen bolsa tizligi tejribe edin.

Sanly ulgam — döwrebap ösüş

Ajaýyp ösüşlere beslenýän ýurdumyz innowasion ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýar. Milli ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda sanly ulgam ornaşdyrylýar. Bu ugurdaky tagallalar statistika ulgamynyň işinde hem öz beýanyny tapýar. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumuzy 2022—2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, döwlet statistika hyzmatlarynda, döwlet edaralarynyň statistiki hasabatlylygyny elektron kabul etmek, maglumatlary ýygnamagyň elektron usulyny, ýagny internet arkaly ýygnamak usulyny girizmek göz öňüne tutulýar. Şonuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti telekeçilere we ýuridiki şahslara statistiki hasabatlaryny elektron görnüşde tabşyrmaga mümkinçilik berýän «E-Stathasabat we işewür-registri» atly täze sanly platformasyny işe girizdi. Bu platforma Türkmenistanda statistiki maglumatlary ýygnamagyň we işläp taýýarlamagyň usulyny özgertmäge niýetlenilip, onuň üsti bilen ulanyjylar «Şahsy otagy» döretmek arkaly statistika edaralaryna barmazdan özleriniň resminamalaryny ugradyp bilýärler. Ýalňyşlyk bar bolanda, ulgam awtomatik ýagdaýda habarnama ugradyp, düzedişleri çalt girizmäge mümkinçilik berýär. Platforma täze ulanyjylar üçin ýazgy we wideo düşündirişli tehniki goldaw merkezini özünde jemläp, täze kärhanalary hasaba almak hem-de tölegleri geçirmek üçin gurallary hödürleýär. Resminamalaryň kagyz görnüşini a

«Marytelekom» WEAK-da «Sanly ulgama innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak» atly maslahat geçirildi

«Marytelekom» welaýat elektroaragatnaşyk kärhanasynda (WEAK) ýakynda «Sanly ulgama innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahat ýurdumyzdaky innowasion tehnologiýalary ösdürmek we täze ylmy tehnologiýalar barada pikir alyşmak maksady bilen guraldy. Ylmy-amaly maslahata şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymlary, welaýatyň telekeçileri gatnaşdylar. Çykyş edenler energetika pudagynda emeli aňy ulanmak arkaly aragatnaşyk ulgamynda alnyp barylýan işleri kämilleşdirmek we energiýa ulgamlarynyň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmak barada aýdyp geçdiler.

Iň çalt mobil internetli ýurtlar

Soňky bäş ýylda 1,5 milliarddan köpräk adam mobil internet torundan işjeň peýdalanyp başlady. Ýöne ýurtlaryň arasynda internet torunyň hilinde we tizliginde düýpli tapawutlar bar. Bütindünýä Bankynyň mälim etmegine görä, dünýäde iň çalt mobil internetli ýurt Birleşen Arap Emirlikleridir (179,6 Mbit/s). Bu görkezijide ikinji orunda Katar (160,3 Mbit/s), üçünji orunda Koreýa Respublikasy (138,5 Mbit/s) ýerleşýär. Sanawda galan öňdebaryjy ýurtlar şulardyr: Norwegiýa (131,2 Mbit/s), Kuweýt (119,8 Mbit/s), Hytaý (116,7 Mbit/s), Niderlandlar (114,3 Mbit/s), Saud Arabystany (101,9 Mbit/s), Bolgariýa (97,6 Mbit/s).

Russiýada iň gymmat «iPhone» çykaryldy

Meşhur smartfonlaryň iň gymmat görnüşlerini çykarýan «Cavair» kompaniýasy «iPhone 16 Pro Max» smartfonynyň 1 kilogram altyndan taýýarlanan ýörite wersiýasyny görkezdi. Smartfonuň bahasy 21 million rubl bolup, ol bary-ýogy üç nusgada çykary­lypdyr. Onuň bezeginiň esasy aýratynlygy üç patyşanyň (Iwan Groznyý, Süleýman Şa hem-de Beýik Karl) täçleri esasynda ýasalandyr. Şeýle-de smartfonuň arka tarapy 402 sany gymmatbaha daş bilen bezelipdir.

“SpaceX” dünýädäki iň gymmatly hususy startap kompaniýasy boldy

Dünýäniň iň baý işewüri Ilon Maskyň “SpaceX” kompaniýasy maýadarlaryň kompaniýasynyň aksiýalaryny satyn almagy teklip edenden siňra dünýäniň iň gymmatly hususy startap kompaniýasy boldy. Emeli hemra ulgamynda iş alyp barýan kompaniýanyň bazar bahasy 350 milliard dollara çenli ýokarlandy.

Türkmenistanyň bilim ulgamynda täze tehnologiýalary ornaşdyrylýar

Ýakynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň gurnamagynda Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen "Akylly hyzmat" hojalyk jemgyýetiniň bilelikdäki “Emeli aňy bilim ulgamynda netijeli peýdalanmak” atly webinar geçirildi. Çäre iki hepdäniň dowamynda ýurdymyzyň 160-dan gowrak orta hünär okuw mekdepleriniň mugallymlaryny we hünärmenlerini bir ýere jemledi.

Türkmenistanyñ Döwlet gümrük gullugy gümrük edaralarynda aragatnaşygyñ netijeliligini ýokarlandyrmak üçin enjamlary aldy

Türkmenistanyñ Döwlet gümrük gullugy Merkezi Aziýada serhetleri dolandyrmak boýunça Maksatnamasyndan (BOMKA 10) ýöriteleşdirilen kommunikasiýa enjamlaryny aldy. Ykjam radio enjamlary işiñ netijeliligini ýokarlandyrmak we merkezi apparatyñ, sebit bölümçeleriniñ hem-de gümrük edaralarynyñ arasynda bökdençsiz aragatnaşygy üpjün etmek üçin niýetlenen.

«Xiaomi» stolda goýulýan kir ýuwujy maşyn çykardy

«Xiaomi» kompaniýasy «Mijia Mini Washer Dryer» atly stolda goýulýan kir ýuwujy maşyn çykardy. Bu kir ýuwujy maşynda 20 sany kir ýuwmak we eşikleri guratmak funksiýalary bar. Onuň ölçegi bary-ýogy 328x461x452 millimetrdir. Kir ýuwujy maşyn bir wagtyň özünde 1 kilogram eşik ýuwup, 0,5 kilogram eşik guradyp bilýär. «Mijia Mini Washer Dryer» kir ýuwujy maşynyň bahasy 274 amerikan dollary möçberinde bolar.

Sekiz dili terjime edýän äýnek

Hytaýyň «Yingmu» kompaniýasy «Inmo Go 2 AR» «akylly» äýnegini tanyşdyrdy. Äýnegiň esasy aýratynlygy onuň internet toruna çatylmazdan sekiz sany dili terjime edip bilmegidir. «Inmo Go 2 AR» «akylly» äýnegiň bahasy Hytaýyň bazarynda 550 amerikan dollaryna deň bolar.

Iň köp ulanylan brauzerler mälim boldy

«Statcounter» seljermeler saýtynyň hünärmenleri noýabr aýynda iň köp ulanylan brauzerleriň sanawyny düzdi. Maglumata laýyklykda, «Google Chrome» öňdeligi saklamagy dowam edýär. Onuň paýyna 66,31 göterim düşýär. Ikinji orunda 11,23 göterim paý bilen «Microsoft Edge», üçünji orunda 9,13 göterim paý bilen «Safari», dördünji orunda 6,45 göterim paý bilen «Firefox», bäşinji orunda bolsa 2,81 göterim paý bilen «Opera» brauzerleri ýerleşýärler.

«Apple» displeýli kolonka çykarar

«Apple» kompaniýasy 2025-nji ýylda «HomePod» atly «akylly» kolonka çykarar. Bu barada «GSMArena» habar berýär. Kolonkanyň esasy aýratynlygy onuň displeýiniň bolmagydyr. Bilermenleriň aýtmagyna görä, «Apple» 500 müň töweregi «HomePod» kolonkasyny çykarar. Kompaniýa çykaryşlaryny 2025-nji ýylyň ikinji ýarymynda başlar.

«Akylly» şäher: sanly sepgitler

Arkadag şäheriniň ähli ulgamlaryny sazlaşykly we durnukly ösdürmek, ilatyň ýaşamagyna, zähmet çekmegine, dynç almagyna gönükdirilen amatlyklary yzygiderli üpjün etmek, ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen hormatly Prezidentimiz 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda «Arkadag şäherini 2024 — 2052-nji ýyllarda ösdürmegiň Konsepsiýasyny» tassyklady. Bu konsepsiýa Arkadag şäheriniň halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň hem-de durmuş ulgamynyň işiniň netijeliliginiň maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny giňden peýdalanmagyň hasabyna ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendir. Bu babatda şäherde bilim ulgamynda, saglygy goraýyşda, senagatda we beýleki pudaklarda dünýä ülňülerine laýyk gelýän «akylly» tehnologiýalar ornaşdyrylyp, senagaty sanlylaşdyrmak boýunça önjeýli işler amala aşyrylýar.