"Türkmen gündogary" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Lebap welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Türkmenabat şäheri, S.A.Nyýazow şaýoly, 42
Telefon belgileri: 3-14-36, 3-26-83, 3-26-82
Email: turkmengundogary-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Baýramçylyk owazlary

Ýakynda ak mermerli Aşgabat şäherindäki Gyşky oýunlar sport toplumynda Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli meşhur estrada aýdymçylarynyň konsertleriniň ilkinjisi geçirildi. Şeýle konsertlerde Türkmenistanyň hem-de daşary döwletleriň estrada ussatlarynyň birnäçesi çykyş edýärler. Şanly baýramçylyga bagyşlanan konsert dabaralary eýranly türkmen aýdymçysy Emin Raseniň, Türkmenistanyň at gazanan artistleri Nurýagdy Rejebowyň we Ahmet Atajanowyň, şonuň ýaly-da Annaberdi Orazmämmedowyň çykyşlaryndan badalga aldy.

Ruhy dünýämizi baýlaşdyrýan gymmatlyk

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň medeniýet we sungat ulgamynda uly üstünlikler gazanylyp, döwrebap, kämil ösüşlere eýe bolunýar. Munuň özi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen medeniýetini, sungatyny ösüşiň täze belentliklerine götermek babatdaky taýsyz tagallalary bilen berk baglanyşyklydyr. Medeni- -ruhy ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli kämilleşdirmekde, medeniýet we sungat işgärleriniň öndürijilikli hem-de döredijilikli zähmet çekmekleri üçin ähli şertleri döretmekde üstünlikli dowam etdirilýän maksatnamalaýyn tutumlar üstünlikleriň gözbaşydyr. Hormatly Prezidentimiziň döwletli başlangyçlaryndan ugur alnyp guralýan medeni çäreler, döredijilik bäsleşikleri ulgamda alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrýar. Medeniýet we sungat işgärleriniň hünär derejesini artdyryp, medeni-ruhy gymmatlyklarymyzy dünýä ýaýmaga ýardam berýär. Özboluşly ruhy-medeni gymmatlyklarymyzyň birnäçesiniň umumadamzat gymmatlyklarynyň genji-hazynasynda mynasyp orun almagy hem ulgamy ösdürmekdäki giň gerimli aladalaryň ajaýyp miweleridir. Medeniýetimize, sungatymyza uly sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize hoşallygymyz egsilmezdir.

Ýaş zehiniň üstünligi

Ajaýyp zamanamyzda medeniýete, sungata uly sarpa goýulýar. Ýurdumyzyň dürli ulgamlar bilen bir hatarda, medeniýet ulgamyndaky ösüşleri hem dünýä nusgalykdyr. Suratkeşlikde, aýdym-saz bilen meşgullanmakda diňe bir uly ýaşlylaryň däl, eýsem, çagalaryň, ýetginjekleriň arasynda-da dürli bäsleşikler geçirilip, türkmen ýaşlary üstünliklere eýe bolýarlar. Änew şäheriniň şu ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli TÜRKSOÝ tarapyndan «Ýaş suratkeşleriň gözi bilen Türkmenistan we türki dünýäsi» diýen at bilen golaýda ýaş suratkeşleriň arasynda geçirilen halkara bäsleşik hem muňa mysal bolup biler. Balkanabat şäherindäki 19-njy orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Begenç Hojagulyýew bu bäsleşige «Änew — 2024» atly heýkel işi bilen gatnaşdy. Ol alty döwletiň oglan-gyzlarynyň arasyndan saýlanyp, baýrakly üçünji orny eýeledi hem-de guramanyň diplomyna we gymmatbahaly sowgadyna mynasyp boldy. B.Hojagulyýew Balkanabat şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebinde tälim aldy. Ol çeperçilik mekdebinde okan döwründe mekdebiň heýkel mugallymy Durdymämmet Nuryýewden şekil ýasamagyň inçe syrlaryny öwrendi. Halypasyndan öwrenenlerini bäsleşige hödürlän sungat işine siňdirip, onda şöhratly geçmişi dünýä ýaň salan gadymy Änewiň ýaşaýyş-durmuş medeniýetini, taryhyny giňden açyp görkezmegi başardy we bu işi ýaş heýkeltaraşa üstünlik getirdi. Biz hem geljekde Begenje döredijilik

Küştdepdi

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 Türk­men halk dö­re­di­ji­li­gi­niň he­re­ket­li we söz­li gör­nü­şi bo­lan küşt­dep­di­le­riň dö­reý­şi öz göz­ba­şy­ny ta­ry­hyň çuň­luk­la­ryn­dan alyp gaýt­mak bi­len, bi­ziň hä­zir­ki aja­ýyp za­ma­na­myz­da bu tä­sin sun­gat ýur­du­myz­da ge­çi­ril­ýän toý­dur-baý­ram­la­ryň be­ze­gi­ne öw­rül­di. Türk­me­nis­ta­nyň Ga­raş­syz­ly­gy­na eýe bol­ma­gy bi­len, bu halk dö­re­di­ji­lik gör­nü­şi­niň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­liş or­nu­nyň çä­gi has hem gi­ňe­di. Küşt­dep­di hä­zir ýur­du­myz­da tu­tul­ýan ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki toý­la­ryň be­ze­gi­ne öw­rül­di. Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ýur­du­myz­da ge­çi­ril­ýän döw­let de­re­jes­in­dä­ki kon­sert­ler­de küşt­dep­di­ler uly şow­hun bi­len ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýär. Küşt­dep­di­niň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi öň­ki dö­wür­ler­de ýe­ke de­pim, üç de­pim gör­nüş­le­rin­de bo­lan bol­sa, hä­zir­ki gün­le­ri­miz­de onuň dür­li saz­la­şyk­ly de­pim­le­ri ýü­ze çyk­dy we olar sah­na­da tans­çy­la­ry­myz ta­ra­pyn­dan us­sat­lyk bi­len ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýär. Öň­ki dö­wür­ler­de ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji­le­riň sa­ny iki-üç adam­dan, on-ýig­ri­mi ada­ma çen­li bo­lan bol­sa, hä­zir­ki dö­wür­de açyk meý­dan­lar­da tu­tuş to­par­lar küşt­dep­di­niň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji­le­ri bo­lup çy­kyş ed­ýär­ler. Bu bol­sa küşt­dep­di­niň he­re­ket­li tans hök­mün­de bar­ha ro­waç­la

Ça­pak tan­sy — sag­dyn­ly­ga we ru­hu­be­lent­li­ge ça­gy­ryş

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 Tan­syň sag­dyn he­re­ket­ler üçin äh­mi­ýe­ti ba­ra­da köp iş­ler ýa­zy­lyp­dyr. Ta­ry­hy ýaz­gy­lar tan­syň örän ga­dy­my sun­gat­dy­gy­na gü­wä geç­ýär. Ça­ga­ly­gy­myz­dan türk­men ge­lin-gyz­la­ry­my­zyň toý-baý­ram­la­ry­my­zy be­ze­ýän tä­sin tan­sy aňym­da ga­lyp­dyr. Bu tä­sin­lik ça­pak tan­sy­dyr. Türk­me­nis­ta­nyň Gündogar künjegindäki ýa­şaý­jy­la­ry­nyň ara­syn­da giň­den ýaý­ran ça­pak tan­sy mil­li toý­la­ry­my­zyň be­ze­gi­dir. Ça­pak tan­sy ýaş ge­lin-gyz­lar ta­ra­pyn­dan ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýär. Tan­sy ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji­ler giň te­ge­le­gi eme­le ge­ti­rip, onuň mer­ke­zin­de iki ýa-da bir­nä­çe aýal maş­ga­la du­ran ýer­le­rin­de ýu­waş­ja bök­mek ar­ka­ly tan­syň il­kin­ji saz­la­şyk­ly he­re­ke­ti­ni ed­ýär­ler. Ola­ryň el­le­ri­niň aýa­la­ry bi­len ça­pak ça­lyş­la­ry tan­syň ru­hu­na öz­bo­luş­ly öwüş­gin ber­ýär. Bi­ler­men­ler tans he­re­ket­le­ri­niň as­man gi­ňiş­li­gin­de ga­nat ýaý­ýan guw­la­ry ýa­da sal­ýan­dy­gy­ny bel­le­ýär­ler.

«Peçiz» türkmen milli oýny

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 Türkmen pähimdar, ugurtapyjy, ynsanperwer milletdir. Halkymyz milli gymmatlyklarymyzy asyrlaryň dowamynda gorap saklap Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bagtyýar nesillerine miras goýupdyr. Dünýä alymlary türkmeniň bäş müň ýyllyk taryhy bar diýip belleýärler. Munuň dogrudygyny türkmeniň dünýä swilizasiýasynyň ösüşine täsir eden döwürlerine hem ser salsak, aýdanlarymyzyň dogrudygyny aýdyňlygy bilen görmek bolýar. Miras — bu ata-babalarymyzyň nesillere goýan ýadygärligi. Şol mirasyň biri hem türkmen milli oýunlarydyr. Ol oýunlar nesil terbiýesinde hem aýratyn orny eýeleýär.

“Aşgabada gelip, çagalygyma dolanýaryn”

Şu günler paýtagtymyzdaky Gyşky oýunlar sport toplumynda ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň aýdymçylarynyň Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli şowhunly çykyşlary uly ruhubelentlikde dowam edýär. Düýn russiýaly zehinli aýdymçy Olga Şultaýsyň hem-de özbegistanly estrada ýyldyzy Osman Nowruzowyň türkmen aýdymçy-sazandalary bilen bilelikdäki konserti boldy. Bizem Aşgabatda doglan russiýaly aýdymçy Olga Şultaýs bilen söhbetdeş bolup, onuň Täze ýyl gutlaglaryny we paýtagtymyz bilen bagly ýatlamalaryny okyjylar bilen paýlaşmagy makul bildik. — Aşgabat — durmuşymyň iň süýji günleriniň, çagalyk ýyllarymyň geçen ýeri. Men şu şäherde doguldym, önüp-ösdüm, sungat älemine-de ilkinji gezek şu ýerde gadam basdym. Şonuň üçin bu gözel mekanyň durmuşymdaky ornuny söz bilen beýan etmek mümkin däl. Aşgabat hakyndaky ýüregimde beslän arzuw-umytlarymy, küýseg-telwasymy «Paýtagt» atly aýdymymda jemlemäge çalyşdym. Geçen ýylky Täze ýyl baýramçylygynda-da ata Watanymda konsert maksatnamasy bilen çykyş etmek miýesser edipdi. Şonda bu aýdymy hut şu sahnada ähli zehin-yhlasymy siňdirip ýerine ýetirmäge çalyşdym. Ol tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylanyldy. Bu ýyl bolsa türkmen paýtagtyna bagyşlap «Ak şäherim Aşgabat» atly ýene bir aýdymy döretdim we ony türkmen dilinde ýerine ýetirdim. Bu aýdyma «Näzli» tans topary hem sazlaşykly çykyşy bilen bezeg berdi. Mundan başga-da, şu gezekki konsertd

Täze ýylyň täsin däpleri

Täze ýyl baýramy dünýäniň ähli ýerinde şatlyk-şagalaňa beslenip, uly arzuw-umytlar bilen bellenilýär. Bu baýrama sabyrsyzlyk bilen garaşyp, gapyňy, göwnüňi, gujagyňy açmagyň her ülkede dürli-dürli bolşy ýaly, Täze ýylda berjaý edilýän däp-dessurlar hem biri-birine meňzemeýär. Türkmenistan — bagtyýar mekan

«Owazasy dünýä dolan Magtymguly Pyragy» atly döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlendi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe akyldar şahyrymyzyň ähli arzuwlary wysal boldy. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda şahyryň sarpasynyň belent tutulmagy, onuň döredijiliginiň dünýäde giňden wagyz edilmegi türkmen halkyny buýsandyrýar. Şunuň bilen bagly düýn 23-nji dekabrda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylan 2024-nji ýylda türkmen halkynyň nusgawy şahyrynyň ömrüni we dürdäne eserlerini, parasatly pikirlerini täzeden öwrenmekde hem-de onuň at-owazasynyň waspyny giň okyjylar köpçüligine ýaýmak maksady bilen «Diýar» žurnalynyň redaksiýasy «Owazasy dünýä dolan Magtymguly Pyragy» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak çäresi geçirildi.

Täze ýyla göwün göteriji sowgatlar

Düýn paýtagtymyzdaky Gyşky oýunlar sport toplumynda Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň belli estrada aýdymçylarynyň konsertlerine badalga berildi. Ilkinji konsertiň maksatnamasynyň aglaba bölegini eýranly türkmen aýdymçysy Emin Raseniň, Türkmenistanyň at gazanan artistleri Nurýagdy Rejebowyň we Ahmet Atajanowyň, şeýle-de Annaberdi Orazmämmedowyň aýdymlary düzdi. Joşgunly çykyşlar Aşgabadyň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň baýramçylyk ruhuny belende göterdi. Eýranly estrada aýdymçysy Emin Rasen dabaranyň başynda ata Watany Türkmenistanda konsert bermegiň we ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmagyň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy. Onuň «Serkerde», «Turan», «Gaýgy etme» ýaly aýdymlary tomaşaçylarda watançylyk, mertlik, aslyňa buýsanmak ýaly belent duýgulary oýarmak bilen, aýratyn ruhubelentlik bagyşlady. Eýranly türkmen aýdymçysynyň Annaberdi Orazmämmedow bilen bilelikde ýerine ýetiren «Türkmenistan» we «Magtymguludyr» atly aýdymlary «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçýän şu ýylyň ajaýyp üstünlikleriniň waspnamasy bolup ýaňlandy. Ahmet Atajanow bilen bilelikde ýerine ýetirilen «Watannama» atly aýdym hem dünýä giňişligindäki halkara abraýy barha ýokarlanýan Bitarap Watanymyza bagyşlandy. Eýranly aýdymçynyň «Tans oýnalyň», «Başyňy yrama», «Eller ýokary» atly aýdymlaryny dabara gatnaşyjylar aýra

Aýdym-saz äleminiň parlak ýyldyzy

«Haýsy ýurtda aýdym-sazyň sesi belentden ýaňlanýan bolsa, şol ýurduň halky bagtyýardyr» diýlen aýtgy hut biziň ata Watanymyz, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan hakynda aýdylan ýaly. Çar ýanda ýaňlanýan aýdym-sazyň owazy abadan durmuşymyzyň waspyny giň jahana ýaýyp, göwünlerimize galkynyş, ýüreklerimize joşgun eçilýär. Ynsanyň sungata, edebiýata imrinmesi owalbaşda ruhunyň belentligi, şahsyýetiniň kämildigi hem-de öz durmuşyndan göwnühoşdugy bilen berk baglydyr. Çünki ylham diňe şeýle ajaýyp ahwally adamlara hemişelik hemra bolýar. Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen ýurdumyzda ýylyň-ýylyna geçirilýän döwlet derejeli döredijilik bäsleşikleri hem özboluşly ukyba eýe, aýratyn başarnykly, sungaty özüne ykbal saýlan täze-täze zehinleri ýüze çykarmakda edilýän tagallalardan gözbaş alýar. Onuň netijesinde bu gün milli aýdym-saz medeniýetimiz döwrebap öwüşginler bilen baýlaşyp, uly sahnalarda, şeýle-de dünýä derejeli dabaralarda diňlenmäge mynasyp sungat eserleri döreýär.

Şeýle bir adam bar...

Şeýle bir adam bar — daglaryň aňyrsynda. Ýöne ýüregi welin, bärde — ata Watanymyz Türkmenistanda. Muňa onuň ýürek yhlasy we gara zähmeti bilen bitiren işleri şaýatlyk edýär. Olar şeýle bir köp, barmak büküp, sanap tükeder ýaly däl. Begenýän ýerim, dörän mümkinçilige görä, maňa şolaryň käbiri bilen tanyşmak miýesser etdi. Dogrusy, daşyndan ýaşalýan öýe meňzäp duran jaýa girenimizde täsin bir dünýä düşen ýaly bolduk. Çene görä, ýetmişiň onlugyndaky ýaşuly adam öňümizden ylgap diýen ýaly çykdy-da, öwrenen endigi bolsa gerek, derrew gürrüňe başlamak bilen boldy. Onuň juda begenýändigini duýmak kyn däldi. Ýüzüni agraslyk gaplap alanam bolsa, juda begençli pursady başdan geçirýändigini çalaja titreýän sesi aýan edip durdy. Zol-zol «Alyň, çaý içip oturyň!» diýip, dürli-dümenden doly saçakdaky nygmatlardan hödür edýänem bolsa, onuň bar aladasy gürrüň bermek we özüniň berýän gyzykly gürrüňlerini diňletmekdi.

Çaga terbiýesi - mukaddes ýörelge

Halkymyz edep-terbiýä döwletliligiň esasy çeşmeleriniň biri hökmünde garaýar. Pederlerimizden miras galan nakyllar bolsa çagalarda irki ýaşdan başlap, oňat häsiýetleri terbiýelemäge ähmiýet berlendigini subut edýär. Ata-babalarymyzyň nesil terbiýelemek ýörelgesine ygrarly halkymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem bu ugura aýratyn üns berýär. Häzirki wagtda hem Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan bagtyýar nesillerimiz hakyndaky üns-alada barha rowaçlanýar. Türkmen halkynyň gadymdan gelýän milli ýörelgeleri, däp-dessurlary bu günki gün mynasyp dowam etdirilýär. Bu ýörelgeler pederlerimiziň kämilleşdiren edep kadalarydyr, durmuş ýoludyr. Şonuň üçin hem ata-babalarymyzyň asylly ýörelgeleri geljek nesillere geçirilýär, milli terbiýe ylmy esasda öwrenilýär hem-de ösdürilýär. Täze taryhy eýýamda ýurdumyzyň ähli künjeginde bilim-terbiýäniň başlangyç ojagy hasaplanylýan mekdebe çenli bilim hem terbiýe edaralarynda, çagalar bakja-baglarynda körpelere asylly terbiýe, dünýä ülňülerine laýyk gelýän bilim bermek ugrunda ähli zerur şertler döredilendir. Çünki, çaga terbiýesi mukaddes ýörelgeleriň biri hasaplanylýar. Terbiýe babatda aýdylanda, her bir ata-enäniň perzendine ünsli we jogapkärli çemeleşmegi gerek. Perzendine asylly terbiýe bermek ata-enäniň borjudyr. Şonuň üçin hem türkmen nakyllarynda “Edep - bergidir, bermedige - görgüdir” diýip bellenilýär. A

Ýaşlaryň döredijiligi — parahatçylygyň owazy

Ýakynda paýtagtymyzdaky Erkin döredijilik mekanynda Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň hem-de «Nesil» gazetiniň redaksiýasynyň bilelikde guramagynda «Ýaşlaryň döredijiligi — parahatçylygyň owazy» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Oňa halypa žurnalistler, gazet-žurnallaryň döredijilik işgärleri, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde žurnalistika hünäri boýunça bilim alýan talyplar, döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlar gatnaşdylar. Döredijilik duşuşygy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata-babalarymyzyň halypa-şägirtlik ýaly asylly ýörelgelerine pugta eýerilýändiginiň nobatdaky güwäsi boldy. Döwür bilen aýakdaş gidýän žurnalistler öz täsirli çykyşlarynda Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parasatly döwlet syýasaty, ata Watanymyzyň täze taryhy eýýamynda gazanylýan üstünlikler, ýaşlara döredilýän mümkinçilikler, Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaplarynyň ýaşlaryň durmuşyndaky orny, ýurdumyzda žurnalistikanyň ösüşi, ýaş žurnalistlere berilýän goldawlar dogrusynda giňişleýin durup geçdiler. Ýaşlaryň döredijilik taýdan kämilleşmeginde, olaryň watançylyk duýgularynyň metbugat sahypalarynda şöhlelenmeginde «Nesil» gazetine uly ornuň degişlidigi aýratyn bellenildi.

Türkmen estradasynyň ýaş zehinleri

16-njy dekabrda Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda «Ýylyň parlak ýyldyzy» atly aýdym-saz bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Asylly däbe görä, Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasynda guralýan bu çäre ýaş aýdymçylar üçin belent sepgitlere badalgadyr. Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi bilen bilelikde guralan şu gezekki bäsleşige ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan, Aşgabat we Arkadag şäherlerinden 17 — 35 ýaş aralygyndaky zehinli ýaş estrada aýdymçylary gatnaşdylar. Döredijilik bäsleşigi birnäçe tapgyrlarda geçirilip, iň zehinli aýdymçylaryň 10-sy jemleýji tapgyrda çykyş etmek üçin saýlanyp alyndy.

Aýdymly dünýäniň ýyldyzy

ŞAHSY MAGLUMAT: Doglan ýeri: Aşgabat şäheri, 10.09.1990 ý.

Zergärçilik sungaty ― milli gymmatlyk

18-nji dekabrda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň hem-de ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretariatynyň bilelikde guramagynda «Halk ussalary ― çeper döredijiligiň ussatlary» diýen at bilen maslahat geçirildi. Oňa ýurdumyzyň ähli künjeginden ussat zergärler, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de talyp ýaşlar gatnaşdy. Maslahatyň dowamynda ussat zergärler çykyş edip, halkymyzyň milli buýsanjy bolan zergärçilik sungatynyň özboluşly aýratynlyklary, gelin-gyzlarymyzyň dakynýan şaý-sepleriniň ýasalyş usullary, olaryň manylary hakynda täsirli gürrüňleri berdiler. Şeýle hem maslahatyň çäginde halk döredijiliginiň gadymdan gelýän milli nusgalaryny dikeltmekde, kämilleşdirmekde, olaryň täze görnüşlerini döretmekde bitiren işlerini nazara alyp, birnäçe ussat zergärlere «Çeper döredijiligiň halk ussasy» ady dakyldy.

Arzyly arzuwlaryň hasyl, Pyragy!

19-njy dekabrda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň jemlerine bagyşlanan «Magtymguly Pyragy — berkararlyk şygary» atly dabaraly ylmy maslahat geçirildi. Oňa ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar. Maslahatda dana şahyryň pähim-paýhas ummanynyň dünýä täsiri dogrusynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň orunbasary G.Rozyýew, Türkmenistanyň Demokradtik partiýasynyň başlygy A.Serdarow, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy Ý.Keriýew, «Edebiýat we sungat» gazetiniň baş redaktory O.Allaberdiýewa, Aşgabat şäheriniň 17-nji orta mekdebiniň müdiri, Köpetdag etrap Halk maslahatynyň başlygy O.Gaýypowa, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäher geňeşiniň bölüm müdiri U.Kakaýewa, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň direktory D.Orazsähedow, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň bölüm başlygy, taryh ylymlarynyň kandidaty A.Baltaýew, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy K.Ýazmuhammedow, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň 2-nji orta mekdebiniň mugallymy G.Abdyýew dagy çykyş etdiler. Söz ussadynyň şygyrlary hakyndaky ylmy we çeper garaý

Baş arça — täze bagtyň buşlukçysy

15-nji dekabrda ýylyny uly üstünlikler bilen jemleýän bagtyýar halkymyz we nurana geljegi gurujylar bolan ýaş nesillerimiz ýurdumyzyň Baş arçasynyň yşyklarynyň ýakylmagy bilen eşret çyragynyň täsin öwüşginlerine beslendi. «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdança milli aýdym-saz we teatr sungatymyzyň gözel görnüşlerini köňüllere nagyşlady. Aýazbaba bilen Garpamygyň Arkadag şäherinden uly dabara bilen başlanan ýoly paýtagtymyzdaky şatlykly pursatlaryň içinden geçip, olar Täze ýylyň ajaýyp nyşany — Baş arçanyň ýanyna geldiler. Jadyly ertekiler dünýäsine ýugrulan ajaýyp çykyşlar şadyýan çagalaryň saýrak dillerinde owazlandy. Baş arçanyň daşyndan çagalar bilen gol tutuşyp aýlanan Aýazbabanyň hormatly Prezidentimize, Gahryman Arkadagymyza, bütin halkymyza tüýs ýürekden aýdan gutlag sözleri 2025-nji ýylyň buşlugyny tutuş ýurdumyza ýaýdy. Aýazbabanyň jadyly taýajygy bilen Baş arçanyň ýakylan yşyklary bolsa eziz Watanymyzda Täze ýyl açralaryny täsin öwüşginleri bilen nurlandyrdy. * * *

Ýyldyzlaryň Zemindäki bäsleşigi

Sungatyň ýyldyzlary Watanyň asuda gijelerinde asmany däl-de, şowhunly toýlarynda sahnalary bezeýärler. Her Täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasynda şeýle ýyldyzlaryň has parlagy «Ýylyň parlak ýyldyzy» bäsleşiginiň ýeňijisi bolýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 16-njy dekabrynda Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň bilelikde guramagynda ýurdumyzyň ýaş estrada aýdymçylarynyň arasynda bu bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi. Oňa saýlama aýdymçylaryň onusy gatnaşdy. Olaryň içinden yhlasy, tejribesi, ýakymly owazy bilen «Ýylyň parlak ýyldyzy» diýen ada we göçme kuboga meşhur aýdymçy Gylyçdurdy Durdyýew mynasyp boldy. Bizem Gylyçdurdy Durdyýewi bu üstünligi bilen gutlap, oňa söz berýäris. — Gök asmanynda Tugy parlaýan ýurdy, depesinden nurly Güni parlap dogýan halky, elinde lowurdap duran «Ýylyň parlak ýyldyzy» atly bäsleşigiň göçme kubogy bolan aýdymçy neneň bagtly bolmasyn! Ýyldyz bolmak birwagtlar çagalyk arzuwymdy. Tebigatyň owazyny, heňini diňläp ulaldym. Bu üstünligime radioda, telewizorda ýa toýlarda aýdym aýdýan ýyldyzlaryň birine öwrülmek arzuwymyň wysaly diýip düşünýärin. Şeýle arzuw meni bu jadyly sungata alyp geldi. Ynha, bu günki gün maňa «Ýylyň parlak ýyl