"Türkmen gündogary" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Lebap welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Türkmenabat şäheri, S.A.Nyýazow şaýoly, 42
Telefon belgileri: 3-14-36, 3-26-83, 3-26-82
Email: turkmengundogary-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Ýüreklerde orun alan gyjakçy

Welaýatymyzda ençeme tanymal bagşy-sazandalar ýaşap geçipdir. Şolaryň biri-de 1926-njy ýylda Hojambaz etrabynyň Burdalyk obasynda doglan Kasym Omarowdyr. Ol öýlenip, maşgalaly bolandan soň, Saýat şäherine göçüp gelip, şol ýerde ymykly mesgen tutunyp, pagta arassalaýjy kärhanasynda sürüji bolup işlän gyjakçy, tirmeçi hem-de dessançy bagşydyr. Çagalyk döwrümde öýümize bagşy-sazandalar köp gelerdi. Gijäniň bir wagtyna çenli aýdym-saz ederdiler. Şonda bir myhmanyň elindäki täsin saz guralyndan owaz alşyna haýran galyp oturýan halatlarym ýadyma düşýär. Soňraklar bilip otursam, ol gyjakçy Kasym Omarow, nobatma-nobat aýdym aýdýanlar bolsa, ýerli bagşylar Jumabaý Berdiýew, Çary Gutlyýew, Bäşim Çaryýew ekeni.

Saglyk size ýaran bolsun!

Daş-töwerekdäki adamlary ýokançdan goraň! Eger üsgürýän bolsaňyz ýa-da gyzgynyňyz ýokary bolsa, adamlar bilen gatnaşykdan gaça duruň! Gyzgynyňyz ýokarlansa, üsgürseňiz we dem alşyňyz kynlaşsa, mümkin boldugyça wagt ýitirmän, lukmançylyk kömegi üçin ýüz tutuň!

Adam balasy — iliň lälesi

Çaga — durmuşyň güli. Halkymyz maşgalada köp çagalylygy ileri tutýar. Gadymy döwürden bäri ene-mamalarymyz şaý-sepleri çagalara owadanlyk we daşky täsirlerden goramak üçin dakypdyrlar. Çaganyň tahýasyna gözden-dilden gorasyn diýip, guş-gumrularyň käbiriniň, aýratyn-da hüwiniň ýeleklerini berkidipdirler. Tumar köplenç üçburçluk edilip, köýnegiň ýakasynyň sag tarapyna çatylypdyr. Kähalatlarda tumarlar arçadan ýa-da nar agajyndan hem ýasalypdyr. Amyderýanyň orta akymynda ýerleşýän obalarda tumarlar borjak we ýemşen atly gyrymsy agaçlardan taýýarlanylypdyr.

Taryhyň gatyna siňen gatnaşyklar

Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky haryt alyş-çalşygy senetkärçiligiň pajarlap ösmegine itergi beripdir. Halkara söwdanyň ösüp başlan ilkinji zamanlarynda hytaýly täjirler Parfiýadan owadan hem ýel deý ýüwrük ahalteke bedewleri, şeýle hem olaryň iýmini äkidipdirler. Hytaýlylaryň islegli harytlarynyň ýene biri-de üzüm eken. Ýurdumyzda gazuw-agtaryş işlerini geçiren arheologlar eneolit we irki bürünç eýýamynyň ýadygärlikleriniň medeni gatlaklaryndan üzüm dänejiklerini tapdylar. Hytaýlylar özge ýerlerden getirip, öz ýurduna hoz, nar, injir ýaly miweli agaçlary, şeýle hem sogan, käşir, noýba, hyýar ýaly gök ekinleri hem ýaýradypdyrlar. Orta Aziýalylar şetdalydyr gawun-garpyzlar, şeýle-de tazylar, elguşlar, guýrugy elek ýaly goýunlar kimin öý haýwanlaryny-da kerwenlerde alys ýerlere äkidipdirler. 

Watan

Saba säherleri aklyga we päklige beslenen gözel, Watanym! Tamdyrda bişip durka enelerimiz ýüzüne suw sepende, reýhanlara öwrülen çöregimize siňen mukaddeslik ýaly eziz sen! Saňa bolan söýgimiz edil, seniň parahat asmanyň ýaly uç-gyraksyzdyr. Sallançakdaky ak bäbekleriň gözmonjuk deý meňziniň mähri, atalarymyzyň aýdyp beren dessanlary bize Watan mukaddesligini ýatladýar. Boýlary asmana uzaýan belent binalaryňa seredip, gözümiz röwşen tapýar. Asmandan ýagýan ýagyşlaryň damjasy topragymyzyň berekedidir. Başyndaky ýaglygyndan edebiniň yşaraty gelip duran enelerimiziň dessury ezizdir bize.

Söz soltanlygy

Bir danyşmentden: «Dünýäde iň lezzetli zat näme?» diýip soranlarynda, ol: «Söz» diýip jogap beripdir. Ata-babalarymyz çeper sözi iň esasy gymmatlyk hökmünde gadyrlapdyrlar. Şonuň üçinem hikmet we sungat derejesindäki eserler döräpdir. Şol sebäpli halk döredijiligi hem söz soltanlygyna öwrülipdir. Döwletmämmet Azady, Magtymguly Pyragy, Seýitnazar Seýdi ýaly çeper söze ussat şahyrlarymyz söz soltanlygynyň ägirtleri hökmünde bakylygyň bagtyna mynasyp boldular. Parasat mülküniň eýesi Alyşir Nowaýynyň «Hamsasynyň» birinji kitaby bolan «Ýagşyzadalaryň haýranlyklary» atly eseriniň «Ajaýyp şäher» diýen bölüminde şeýle setirler bar:

Ýagşy niýet ýarym döwletdir

Şahyrana ene-mamalarymyzyň dünýäleri — durşuna ruhy hazyna. Olar her bir janly-jandaryň häsiýetini, özüne mahsus aýratynlygyny öwrenip, bular bilen baglanyşykly şahyrana söz oýnatmalaryny döredipdirler. Şol sözler bolsa, dilden-dile geçip, biziň günlerimize gelip ýetipdir. Goýun eýesine: «Etiňi iýmän, etimi iýdirmerin» diýipdir. Özem: «Garnym ýarym, ýerim ýyly bolsun! Artyk zadym bolmaz: ýüňüm ýorgan, süýdüm sargan, bir artyk zadym — ýel, ol-da eýämiň sakgalyny ýelejireder» diýipdir.

Hünärmentçiligiň irki nusgalary

Orta Aziýada aýna işlenilip bejerilendigi baradaky ýazuw ýatlamalaryna Hytaý ýyl ýazgylarynda gabat gelinýär. Olarda biziň eýýamymyzyň V asyrynyň birinji çärýeginde reňkli aýna ýasaýan ussalar barada habar berilýär. Alymlar olaryň ýerli ussalar tarapyndan öndürilendigi baradaky netijä gelýärler. Abu Bekr Muhammet ar-Raziniň  alhimiýa degişli traktatynda aýna ýasalyşy, onuň görnüşleri barada käbir maglumatlar bar. Bu eseri okap, aýnanyň ýasalyş usulynyň ýola goýluşyna akyl ýetirmek bolýar. Ýygyndyda aýnanyň dürli görnüşiniň bolandygy barada aýdylýar.

Ýantorbalar

Milli nagyşlar bilen bezelen ýantorbalar ony göterýän zenanlaryň görküne-görk goşýar. Berkligi, gözelligi bilen tapawutlanýan ýantorbalar dokmaçylyk önümleriniň hataryna girýär. Kerki etrabynyň Astanababa şäherçesiniň ýaşaýjysy, eli çeper Akjemal Abdyrahmanowa ýantorbalary dokamagyň usullary barada şeýle gürrüň berdi: — Ýantorbalar çitme, palas, kilim görnüşlerinde we kakma usulynda ýerine ýetirilýär. Palas ýantorbalar öýdüm bilen çitilýär. Şeýle ýantorbalara «buýnuzy», «bossany», «gülýaýdy» ýaly nagyşlar salynýar. Haly ýantorbalary dokamagyň tärleri köpdürli bolýar. Onuň sütüklerini emele getirmek üçin dokmaçylar iki görnüşli ýara we düwe çitimleri peýdalanýarlar.

Ussalardan galan miras

Nal ýasamak we bedew atlaryň toýnaklaryna kakmak hünäri has gadymy döwürlerden gözbaşyny alyp gaýdypdyr. Nal ikitaraplaýyn bolup, ýüzden we ýeňseden ybaratdyr. Ussalar demirleri körüge salyp, sandalda ýenjip, gerekli ölçegi alýarlar. Adatça, demirçi ussalar gyzdyrylan demri suwly gaba salýarlar. Nal ýasaýanlar bu usuly oňlamaýarlar. Munuň sebäbi şeýle: nal demrine suw degrilse, ol demriň gaty ýagdaýa öwrülmegine getirýär. Şol sebäpli gyzdyrylyp suwa salnan demirden ýasalan nal atyň toýnagynda wagty döwlegen bolýar. Bu bolsa atyň teniniň şikeslenmegine getirýär.

Şöhrata beslenýär şanly ýyllarymyz

Ata Watanymyz parahatçylyk arkaly ösüşli menzillere, şanly üstünliklere tarap ynamly gadam urýar. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda biz päk niýetler, ýagşy umyt-arzuwlar bilen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylymyzyň ilkinji gatlaryny agdaryp başladyk. Ulus-ilimiziň göwni, nurana meňzi deý ýylgyryp gelen ýylymyzyň adynda çuňňur many-mazmun jemlenýär. Çünki parahatçylyk, asudalyk, dost-doganlyk we hoşniýetlilik milli Liderimiziň diňe bir ýurdumyzyň içinde däl, eýsem, dünýä derejesinde öňe sürýän syýasatynyň, tutumly başlangyjynyň özenini düzýär. Dana pederlerimizden miras galan ýörelgelerde hem tekrarlanylyşy ýaly, halkymyz il-günüň abatlygynyň, dünýäniň parahatlygynyň gadyr-gymmatyny dünýe baýlygyndan ileri tutupdyr. Şu mukaddes ýol-ýörelge, asylly düşünje Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe has-da rowaçlanýar. Hut şonuň netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyz bu günki gün dünýä jemgyýetçiliginde parahatçylyksöýüjilikli, hoşniýetli «Açyk gapylar» syýasatyny alyp barýan ýurt hökmünde tanalýar. Türkmenistanyň daşary syýasaty hormatly Prezidentimiz tarapyndan alnyp barylýan we ileri tutulan ugurlaryň biri bolup, ol ähli halklaryň abadan, parahat ýaşaýşyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi milli Liderimiziň taýsyz tagallalary netijesinde dostlukly, özara bähbitli gat

Resmi habar

1-nji ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar häzirki wagtda köpasyrlyk dostluk gatnaşyklarynyň döwletara aragatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin berk esas bolup hyzmat edýändigini kanagatlanma bilen bellediler. Söhbetdeşler söwda-ykdysady gatnaşyklaryň oňyn ösýändigini belläp, energetika, ulag-aragatnaşyk, senagat ulgamlarynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň wajypdygyny aýratyn nygtadylar.

Täzelikler

«Lebapörisuw» abatlaýyş-ulanyş edarasynyň başarjaň ussalary tamamlanylan ýyly zähmet üstünliklerine beslediler. Olar tarapyndan öri meýdanlaryny suwlulandyrmakda öwgä mynasyp işler bitirildi. Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany ýylynda guýy ussalarynyň birleşen tagallalary arkaly täze guýularyň 2-si gazyldy. Möhüm işler Hojambaz we Çärjew etraplarynyň çäklerinde ýerine ýetirildi. Bulardan başga-da geçen ýylda guýularyň 10-a golaýynyň durky täzelenildi. Degişli işleriň agramly bölegi Çärjew etrabynyň «Serdar», Döwletli etrabynyň «Tallymerjen» maldarçylyk hojalyklarynda berjaý edildi. Edaranyň iş öndürijisi Serdar Berdiýew tarapyndan baştutanlyk edilýän guýy ussalary täze başlanan ýylda hem maldarlaryň ýakyn hemaýatkärleri bolmagy maksat edinýärler.

Düýpli özgerişlikleriň berk binýady

Ata Watanymyz Türkmenistan gün-günden ösýär, özgerýär. Özgerýän döwletde raýat hukuklary hem döwrebap derejede goralýar. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň Baş Kanuny ― Konstitusiýasy ähli türkmenistanlylaryň bagtyýar ýaşamagynyň, öndürijilikli zähmet çekmeginiň hukuk taýdan kepilnamasydyr. Gahryman Arkadagymyz: «Türkmenistanyň Konstitusiýasy kanun çykaryjylygyň çeşmesidir» diýip belleýär. Bu hakykatdan hem şeýle. Ýurdumyzyň Baş Kanuny döwlet gurluşynyň, onuň dolandyrylyşynyň raýatlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň esasy hukuk aňladyjysy hökmünde durmuş synagyndan geçdi. Oňa birnäçe gezek üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilmegi ýurdumyzyň ösüşinde syýasy, hukuk, ykdysady taýdan uly özgertmeleriň bolup geçendigi bilen baglanyşyklydyr. Soňky ýyllarda ýurdumyzda raýatlaryň durmuş taýdan goraglylygy has hem güýçlendirildi. Il bähbitli kanunlaryň ençemesi kabul edildi. Ilatyň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün edýän ol resminamalarda Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň ruhy, şeýle hem milli Liderimiziň yglan eden «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgesi öz beýanyny tapýar. Şol kanunlar raýatlaryň hukuklaryny giňeldip, jemgyýetimize demokratiýanyň çuňňur ornaşdyrylmagyny üpjün etdi, zähmet gatnaşyklarynyň hukuk taýdan kämil binýadyny goýdy. Hukuk ulgamyndaky özgerişlikler ýene-de üstünlikli dowam etdirilýär. Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan milli kanunçylyk binýadyny kämilleş

Ilatyň abadan ýaşaýşy üçin

Ýagşy umyt-arzuwlara beslenip, Täze — 2021-nji ýyl bosagamyzdan ätledi. Abadan şu gününe guwanýan, nurana geljegine çäksiz ynanýan agzybir we bagtyýar halkymyz Gahryman Arkadagymyzyň daşyna berk jebisleşip, Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylyna belent ruh bilen ynamly gadam goýdy. Täze başlanan ýylyň hem halkymyzyň bagtyýarlygyna we abadançylygyna beslenjekdigine şek-şübhe bolup bilmez. Munuň şeýledigine eýýäm 2021-nji ýylyň ilkinji günlerinden ildeşlerimiziň köpeldilen pensiýalaryny we döwlet kömek pullaryny alyp başlamagy hem aýdyň şaýatlyk edýär. «Döwlet adam üçindir!» Hormatly Prezidentimiziň şu dünýä nusgalyk ýörelgesi barha we barha dabaralanýar. Ata Watanymyzda ilatyň ähli gatlaklaryny durmuş taýdan goldamak we goramak babatynda bitirilýän işler haýran galdyryjydyr. Ine, indi köp wagtdan bäri her ýylda aýlyk zähmet haklary, pensiýalar hem-de döwlet kömek pullary, talyp we diňleýji haklary yzygiderli ýokarlandyrylyp gelinýär. Şeýle ilhalar çözgüt Gahryman Arkadagymyzyň jaýdar belleýşi ýaly, mähriban halkymyzyň mundan beýläk-de abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmeklige gönükdirilendir.

Anyk wezipelerden ugur alynýar

Geçen ýylyň 16-njy dekabrynda hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmaklarynda geçiren sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatynda degişli ulgamlaryň öňünde möhüm wezipeleri kesgitledi. Döwletimiziň içeri hem-de daşary syýasatyny wagyz etmekde, demokratik kadalary we halkymyzyň agzybirligini pugtalandyrmakda möhüm orny eýeleýän düzümleriň wekilleri berlen tabşyryklardan ugur alyp, eýýäm ýerlerde işlerini täzeçe guramaga girişdiler. Bular dogrusynda ýakynda welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda iri jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň ýolbaşçylarynyň we işjeň agzalarynyň gatnaşmaklarynda geçirilen maslahatda hem giňişleýin durlup geçildi. Maslahatda düzümleriň welaýat we etrap ýolbaşçylary il-ýurdumyzyň bähbitlerine amala aşyrylýan özgertmelere saldamly goşant goşmak, merdana halkymyzy döredijilikli işlemäge ruhlandyrmak, jemgyýetde agzybirligi we jebisligi pugtalandyrmak boýunça meýilleşdirilen işleri barada çykyş etdiler. Agamyrat  JUMAÝEW,

Täze belentliklere tarap

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy ykdysady we senagat taýdan ösen döwlete öwürmeklige gönükdirilen parasatly syýasatyna laýyklykda ýurdumyzyň ähli pudaklary, hususan-da, nebitgaz senagaty toplumy güýçli depginde ösdürilýär. Munuň üçin ýurdumyzda ägirt uly tebigy we ykdysady mümkinçilikler hem bar. «Türkmenistanyň Nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasy» hem-de «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» ýaly tutumly maksatnamalar bolsa olaryň has netijeli durmuşa geçirilmeginiň binýadyny goýdy. Milli Liderimiziň döwlet derejesindäki üns-aladasynyň netijesinde nebiti we gazy gözlemek, çykarmak, senagat taýdan gaýtadan işlemek, gaýtadan işlenilen önümleri içerki we daşarky bazarlarda ýerlemek boýunça möhüm wezipeler üstünlikli çözülýär. Ýurdumyzda iri nebit we gazhimiýa toplumlaryny gurmaklyga, nebiti we gazy innowasion tehnologiýalar esasynda gaýtadan işlemeklige uly üns berilýär. 2018-nji ýylda Balkan welaýatynyň Gyýanly şäherçesinde polimer zawodynyň we 2019-njy ýylda Ahal welaýatynda döwrebap senagat-innowasion toplumynyň — tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň gurlup, ulanylmaga berilmegi munuň aýdyň mysallarydyr.

Garagum derýasy: suw akgynly hem okgunly

Gyrkylyk yzly ymgyr çölüň göwsüni dilip, adamlaryň gollarynyň güýji, akyl-başarnygy bilen çekilen Garagum derýasyny sözüň doly manysynda diriligiň damary, ýaşaýşyň gözbaşy hasaplamak bolar. Suwuň baran ýerinde bolsa bagtyýar durmuş bar, gülläp ösüş bar. Şol sebäpli geçen asyryň altmyşynjy ýyllarynda ata-babalarymyzyň bol suwly bolmak arzuwy amala aşdy. Ägirt uly inženerçilik desgasy ýurdumyzyň günorta — günbatar sebitleriniň ekerançylyk meýdanlaryny we ilatly ýerlerini jana tenekar suw bilen üpjün etmekde uly ähmiýete eýedir. Şol sebäpli derýanyň ýagdaýy gündelik üns merkezinde saklanylýar hem-de degişli arassalaýyş we çuňaldyş işleri yzygiderli geçirilip durulýar. Bu möhüm işleri «Garagumderýagurluşyk» önümçilik birleşiginiň «Garagumsakagurluşyk» önümçilik dolanyşygynyň başarjaň hünärmenleri ussatlarça ýerine ýetirýärler.

Adamzadyň köňül nagşy

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitabyndaky pähimler Kitap akyl-paýhasy ösdürmekde ynsan üçin iň gymmatly hazynadyr. Arkadag Prezidentimiziň belleýşi ýaly, kitap adamzadyň köňül nagşydyr, ol medeni gymmatlyk hökmünde ruhy baýlyga öwrülip, adamlaryň ýüreklerine ýol salýar. Şonuň ýaly-da jemgyýetçilik aňynyň kämil, ýokary derejede ösmegi üçin zerur serişdedir. Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň ilatynyň jemgyýetçilik aňynyň ösmeginde hormatly Prezidentimiziň eserleriniň ähmiýeti uludyr. Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany ýylynda neşir edilen «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly ajaýyp eser okyjylar tarapyndan gyzgyn garşylanyldy. Hormatly Prezidentimiziň bu eseri dünýä halklarynyň hem uly gyzyklanmasyna mynasyp boldy. Munuň şeýledigine bu kitabyň ýapon, azerbaýjan, rus, türk, arap dillerine terjime edilip, halk köpçüligine ýaýradylandygy hem şaýatlyk edýär.

Aýdymyň aşygy, sazyň muşdagy

Geçen asyryň 60-njy ýyllary Öwezgeldi Tekäýew, Mämi Çaryýew, Roza Hudaýbergenowa dagynyň türkmen estradasynyň ussatlary hökmünde tanalyp başlan döwürleridi. Astanberdi Möwlamberdiýew hem şol ýyllarda «Armanda men, armanda», «Gyzyl güller, elwan güller», «Kim getirse Ýusup bilen Ahmedi» ýaly aýdymlary bilen diňleýjileriň göwnüni awlapdy. Entek jahyllykdan ýaňy saýlanan ýigidiň aýdymlary radioýaýlymlarda hoş owaz bolup ýaňlanýardy. Astanberdi aýdym-saz dünýäsine aralaşmak üçin yzygiderli öz üstünde işleýärdi. Onuň ilkinji halypasy agasy Eýýämberdi Möwlamberdiýew bolupdy. Eýýämberdi mandolin, dutar, akkardeon saz gurallarynda saz çalmagy, goşgy, aýdym düzmegi başarýardy. Ol inisine-de aýdym-sazyň inçe tilsimlerini öwretdi. Ýaşlykdan aýdym-saza höwesek Astanberdi Kerki şäheriniň medeniýet öýünde usulçy bolup zähmet ýoluna başlaýar. Arzuwdan doly gursagy ony aýdym-saz dünýäsine içgin aralaşmaga howlukdyrýardy. 1972-nji ýylda sungat ugrundan düýpli bilim almak maksady bilen Türkmen döwlet sungat institutyna okuwa girýär, aýdym aýtmagyň inçe syrlaryny, opera sungatynyň ýollaryny halypalaryndan öwrenýär. Halypasy, Türkmenistanyň halk artisti Orazgeldi Berdiýewden dirižýorlyk etmek, aýdym aýtmak boýunça kämil bilim-terbiýe alýar. Instituty tapawutlanan diplom bilen tamamlap, öz dogduk mekany Kerki şäherine dolanýar. Şäherde ýerleşýän mugallymçylyk mekdebinde aýdym-saz ugrundan talyplar