Dokapdyrlar mahmal, zerbap, ýüpegi...
Dünýäde iň oňat matalaryň Merwde, Nusaýda dokalandygy barada taryhçylar hem ýazypdyrlar. Halkymyz ýüňden, kenepden, ýüpekden we pagta süýüminden dokalan matalary giňden ulanypdyr. Ýunan taryhçysy Menandr türkmenlerde ýüpekden edilen çadyrlaryň bardygyny we olaryň her hili reňkli ýüpek matalary öndürýändiklerini belläpdir. V-VI asyrlarda Merwde «tiraž» atly öz döwrüniň iň gymmat bahaly matasy dokalypdyr. Dürli görnüşli matalardan gyrmyzy don, çäkmen we zerli don taýýarlanylypdyr. Irki döwürlerde şeýle matalary nah, zygyr, ýüň we zer ýüplükler garyşdyryp ulanmak arkaly dokapdyrlar. Araplar Horasanyň ähli syk dokalan matalaryna «merw», şol ýerde öndürilýän lybaslara «şahyjany» diýipdirler.