"Türkmen gündogary" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Lebap welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Türkmenabat şäheri, S.A.Nyýazow şaýoly, 42
Telefon belgileri: 3-14-36, 3-26-83, 3-26-82
Email: turkmengundogary-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Yllham ýaýlasy

Garly goşgyGoşgy ýazdy ýigit ojak başyndaGyş güni günuzyn öýde oturyp.Ak gar ýaly ak alkymly ak gyzyGarpamyk deý göz öňüne getirip. Gyzyň kamatyna gyş bilen gardanMeňzetme gözledi agyrdyp başyn.Ýaňaklarny nar deý gyzartjak bolupSowurdy ýüzüne şemalyn gyşyň.

Ylham ýaýlasy

Gyşyň ak gary Gyş sowuk bolsa-da öz ýakymy bar,Şat çagalar buzda typyp oýnaýar.Göwnümi göterýär gyşyň görnüşiGözüm ak garlary synlap doýmaýar.

Ylham ýaýlasy

Bagtyýarlyga buýsanç Garaşsyzlyk — ýurduň çüwen ykbaly,Bitaraplyk — halkyň bagtyýarlygy.Bu goşa sütünde, beýik binýatdaBina gül Diýaryň berkararlygy.

Maksada okgunly işler durnukly ösüşiň berk binýadydyr

29-njy ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwletimiziň durmuşyna degişli birnäçe möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna, Mejlisiň Başlygyna söz berdi. Degişli ulgamlaryň ýolbaşçylary öz gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy we hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada habar berdiler. Hasabatlaryň çäklerinde ýurdumyzda harytlaryň gelip çykan ýerleri bilen baglanyşykly meseleleri tertipleşdirmek boýunça geçirilen işler, «2030-njy ýyla çenli döwür üçin nebitgaz senagatyny ösdürmegiň maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek ugrunda ýerine ýetirilýän işler, gurluşyk we senagat toplumyna degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň düzüminde maglumat howpsuzlygy we sanly tehnologiýalar bölümini açmak boýunça ýerine ýetirilýän işler, «Türkmenhowaýollary» agentliginiň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek maksady bilen durmuşa geçirilýän çäreler, azyk we oba hojalyk önümleriniň önümçiligini artdyrmagyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň taslamasyny taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada habar berildi. Şeýle hem ýurdumyzyň ylym ulgamyny

Resmi habarlar gysga setirlerde

Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Gymmat bahaly metallar we gymmat bahaly daşlar baradaky komitetiniň ady üýtgedilip, ol Gymmat bahaly metallar we gymmat bahaly daşlar gaznasy diýlip atlandyryldy hem-de onuň Düzgünnamasy tassyklanyldy. Resminama bilen Türkmenistanyň Merkezi bankyna Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.

Bagtyýar zenanlar — Watan buýsanjy

Welaýat häkimliginde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölümi tarapyndan 2020-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň jemine bagyşlanan maslahat geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň we jemgiýetçilik guramalaryň jogapkär wekilleri, iri edara-kärhanalaryň ilkinji zenanlar guramalarynyň başlyklary, talyp ýaşlar we kümüş saçly eneler gatnaşdylar. Maslahatda Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygy bilen zenanlar barada döwlet derejesinde edilýän aladalar, ýurdumyzda hemmetaraplaýyn gazanylýan ösüşlere gelin-gyzlaryň goşýan saldamly goşandy dogrusynda giňişleýin söhbet edilip, geçen ýylyň dowamynda zenanlar birleşiginiň welaýat, etrap-şäher bölümleri tarapyndan alnyp barlan işleriň netijesi seljerildi. Şeýle-de hormatly Prezidentimiziň jemgyýetçilik guramalarynyň öňünde goýýan wezipelerini üstünlikli durmuşa geçirmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Maslahatda edilen çykyşlarda ýaş maşgalalary goldamak üçin döwlet tarapyndan döredilýän oňyn şertler we amatly mümkinçilikler dogrusynda hem giňden durlup geçildi. Halkymyzyň maşgala ojagynyň mukaddesligini goramak, onuň abadançylygyny gazanmak babatda nesilden-nesle geçip gelýän ajaýyp däp-dessurlarymyzyň, baý medeni mirasymyzyň häzirki döwürde wagyz-nesihat edilişi dogrusynda döwrüň öňde goýýan wajyp wezipelerine üns ç

Dünýä giňişligindäki sazlaşykly hyzmatdaşlyk

Dünýäde iri energetika ýurdy, Ýewraziýanyň örän möhüm ulag-üstaşyr geçiriş merkezleriniň biri hökmünde tanalýan biziň ýurdumyz öz mümkinçiliklerini parahatçylygyň, hoşniýetli goňşuçylygyň, giň möçberli we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň bähbitlerine hyzmat etmäge gönükdirýär. Türkmenistanda dünýä ykdysadyýetine çuňňur aralaşmak üçin ähli oňaýly şertler bar. Üstesine, ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýy, syýasy taýdan durnuklylygy halkara hyzmatdaşlygyny has berkitmäge ýardam berýär. Bu bolsa Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda dünýä döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň gerimini giňeldip, ýurtlary we halklary has-da ýakynlaşdyrýar. Häzirki wagtda milli ykdysadyýetimiziň innowasion ösüşleri durnukly ösüşiň berk binýadyny üpjün edýär. Ählitaraplaýyn özgertmeleriň amala aşyrylmagy ýurdumyzyň ykdysady nusgasyny kämilleşdirdi, onuň durmuş ulgamynyň degişli ugurlaryny berkitdi. Işleri ep-esli ýeňilleşdirýän döwrebap senagat kärhanalarynyň uly toplumynyň emele getirilmegi bilen milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygy has güýçlendi. Geçen ýyllarda ykdysadyýetiň pudaklarynyň ählisiniň maddy-enjamlaýyn binýady has pugtalandy. Önümçilikleriň innowasion häsiýetde ýola goýulmagy we diwersifikasiýalaşdyrylmagy önümleriň hilini we zähmet öndürijiligini ýokarlandyrdy.

Yhlasly zähmete ruhlandyryş

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň welaýat komitetinde üstümizdäki ýylda ýaýbaňlandyrylýan giň gerimli özgertmeleriň durmuşa geçirilişine bagyşlanan maslahat geçirildi. Oňa partiýanyň etrap we şäher komitetleriniň ýolbaşçylary, işjeň agzalary, öňdebaryjy kärendeçiler bilen birlikde Türkmenabadyň Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary hem gatnaşdylar. Maslahatda milli Liderimiziň başlangyjy bilen welaýatymyzda durmuşa geçirilýän hem-de Watanymyzyň durmuş-ykdysady ösüşine we obasenagat toplumynyň döwrebaplaşdyrylmagyna gönükdirilýän maksatnamalaryň, wezipeleriniň ýerine ýetirilişi barada hasabatlar diňlenildi. Hasabatlarda ýurdumyzda oba hojalyk önümçiligini bazar gatnaşyklaryna geçirmek, ýeriň hakyky eýelerini tapmak, daýhanlar üçin amatly iş şertlerini döretmek boýunça alnyp barylýan işleriň netijelerine giňişleýin seljerme berildi. Partiýanyň agzalary ýyl-ýyldan gerimi giňeldilýän bu işleriň oba hojalyk toplumyny ylmy esasda düýpli özgertmäge giň şertleri döredýändigini uly buýsanç bilen bellediler. Olar hormatly Prezidentimiziň öňde goýýan wajyp wezipelerinden we tabşyryklaryndan ugur alnyp oba hojalyk işgärlerini we daýhanlary höweslendirmek, olaryň çekýän zähmetiniň netijeliligini gazanmak ugrunda alnyp barylýan işleriň ilatyň eşretli, bolelin ýaşaýşyny we azyk bolçulygyny üpjün etmekde möhüm orna eýedigini nygtadylar.

Ýuwuş suwy we onuň ähmiýeti

Suwarymly ekerançylykda peýdalanylýan ýerleriň ählisi diýen ýaly şorlama hadysasyna sezewar bolýar. Ösümlikler üçin zyýanly duzlaryň ýeriň üstki gatlaklarynda toplanmagy netijesinde toprak şorlaşýar. Şoruň düzümindäki dürli duzlar we beýleki himiki birleşmeler ösümliklere zyýanly täsir edýär. Olar ösümligiň öýjüginiň sitoplazmasynyň düzümindäki suwy gysyp çykarýarlar. Sitoplazmada suwuň ýetmezçiliginiň ýüze çykmagy zerarly azot çalşygy bozulyp, belogyň emele gelmegi togtaýar ýa-da dargamasy güýçlenýär. Netijede emele gelýän ammiak gazy ösümlikleriň öýjüklerine zäherleýji täsirini ýetirýär. Geçirilen ylmy barlaglar gowşak şorlaşan ýerlerde gowaçanyň hasyllylygynyň 15, orta şorlaşan ýerlerde bolsa 30 göterime çenli peselýändigini görkezdi. Şeýle zyýanly täsiriň öňüni almak üçin ýerleriň şorlaşmagyna garşy göreş çärelerini netijeli geçirmek talap edilýär. Bu babatda ekerançylyk ýerlerine ýuwuş suwuny tutmak we şor suw akabalaryny gyrmançalardan arassalamak möhüm ähmiýete eýedir. Bu çäräniň maksady topragyň düzümindäki suwda ereýän zyýanly duzlary topragyň aşaky — ekinleriň kök ulgamynyň ýaýramaýan gatlagyna düşürmekdir.

Ömre ýol beriň!

Arada teleýaýlymdaky habarda çylşyrymly ýolda awtobusyň sürüjisiniň howlugyp gelýän «Tiz kömek» ulagyna ýol berşi görkezilýärdi. Ugurdaş ulaglaryň sürüjilerine azda-kände päsgelçilik döreden hem bolsa, onuň bu hereketini millionlarça tomaşaçy oňlady. Aslynda, sürüji haýsydyr bir ulaga däl-de, bir ömre ýol berdi. Her minudy, hatda sekundy hasaply «Tiz kömege» ýol berip, ýene bir adamyň bu dünýäde galmagyna sebäp bolandyr. Bu, aslynda, hemmämiziň borjumyz. Durmuşda her hili ýagdaý bolup bilýär. Kimdir biriniň garaşylmadyk ýagdaýda şikes almagy ýa-da haýsydyr bir nähoşluga ýolukmagy mümkin. Her birimiz şeýle ýagdaýlarda ilkinji kömegi bermegi başarmalydyrys. Eýsem, haýsy ýagdaýda nähili kömek bermeli? Bu sowalyň jogaby her birimize gerek bolup biler. Şonuň üçinem bular barada ýörite hünärmeniň ― welaýat Gaýragoýulmasyz «Tiz kömek» merkeziniň bölüm müdiri Nigara Hasanowanyň berjek maslahatlary bilen gyzyklandyk.

Melhemlik otlar

Adamyň saglygy ― iň uly baýlyk,Mydama saglygy ýar etsin Halyk.Türkmen topragynyň mährine garyp,Saglygmyzy gorar melhemlik otlar. Eý, sahy tebigat, men saňa gurban,Her otuň tenekar, her çöpüň derman!Synam melhem tapar, has giňär dünýäm,Müň bir derde ýarar melhemlik otlar.

Öýken maşklary

Eýsem, öýken maşklary haçan gerek?! Öýken tutuş bedenimizi kislorod bilen üpjün edýän ýeke-täk agzadyr. Muňa mysal edip, öýken maşklarynyň arassa howada gezelenç etmek, ylgamak ýaly görnüşlerini görkezip bileris. Mahlasy, şeýdilende hem-ä şähdimiz açylar, hem-de öýkene kislorod baryp, ähli içki agzalarymyzyň sagdyn işlemegine ýardam bolar. Şeýle-de uludan dem almak dartgynlylygy azaldýar, degna ulgamyny, ýagny, tutuş bedeni rahatlandyrýar. Emma ýiti sowuklama kesellerini geçiren raýatlaryň ýörite öýken maşklaryny her gün azyndan üç gezek etmegi zerurdyr. Çünki sowuklamadan soňra öýken adaty ýagdaýyndan ep-esli kiçelýär. Onuň giňelmegine bolsa diňe öýken maşklary kömek edip bilýär. Bu ýagdaýda aşakda görkezilen maşklary ýerine ýetirmekligi maslahat berýäris. Geliň, bu maşklaryň her biriniň nähili ýerine ýetirilişi barada aýratyn durup geçeliň! Birinji maşk. (Dim-dik durmak). Bu maşkda dik durup, minutda 40-60 gezek dem almaly. Bu bolsa öýkene 100 litr kislorod diýmekdir. Diýmek, çalt dem almagyň öýkeniň giňemegine uly ähmiýeti bardyr.

Müň derdiň dermany

Ýurdumyzda tebigatyň täsinliklerine, melhemlik ösümliklere baý ýerler örän köp. Gadymy Jeýhunyň ýakalary hem şolaryň hatarynda. Bu sebit Günüň bol şöhlesinden ganan melhemlik buýan ösümliginiň hem mekanydyr. Mälim bolşy ýaly, buýanyň ynsan saglygyna peýdasy örän kändir. Aýratyn-da dem alyş ýollaryna em bolýan bu ösümligiň gadyr-gymmaty bilen bu günki gün bütin dünýä gyzyklanýar.

«Dagdanly taýmaz...»

Dünýä halklarynyň medeniýetinde şowlulyk getirýän, daşarky ýaramaz täsirlerden goraýan dürli hili şekilleriň, esbaplaryň asylyp goýulýandygyny bilýänsiňiz. Biziň halkymyzda dagdan, düýe ýüňi, alaja ýaly zatlar ýakymsyz täsirlerden, gözden-dilden goraglylygy aňladýar. Şunuň bilen baglanyşyklylykda bir rowaýat bar. «Öňem bir adamyň gözi degýän ekeni. Nazary düşen, mähri giden zatlary derrew bir kemçilik ýa dert tapynýan ekeni. Bu ýagdaýy onuň obadaşlary-da, özi hem bilýän ekeni. Ol öz bolşundan müýnürgäp, töweregindäkilere: «Meniň gözüm degegen-dä» diýýärmişin. Şol adamyň bir gezek owadan kejebeli, daýaw düýäniň ýoldan gelýändigine gözi düşýär. Seretmäýin diýse-de bolmandyr. Gyzyl-ýaşyl öwüşgin atýan kejebä, düýäniň daýawlygyna ol aňkarylyp galypdyr. Ýanyndaky adamlar hem bu ýagdaýy synlap, indi näme bolarka diýip, geň galyp seredişipdirler. Kejebeli düýe onuň nazary düşenden, entirekläp, bir silkinen ýaly edipdir-de, ýene öňki kaddyna gelipdir. Seredip görseler, düýäniň owsarynyň ýanynda kiçijik dagdan agajy barmyşyn». Şondan hem «Dagdanly taýmaz, taýsa-da gaýmaz» diýen nakyl döräpdir.

Gyş aýlary ýüze nähili ideg etmeli?

Hünärmenler we lukmanlar gyşyň sowuk we şemally howalarynda ýüzümiziň derisine idegiň artdyrylmalydygyny belleýärler. Olaryň aýtmaklaryna görä, gyş aýlary ýüzüň derisiniň gurap, ýag ýetmezçiligi duýulýar, şeýle-de antioksidantlar we käbir derini iýmitlendirijiler kemelýär. Bu bolsa deriniň gyzaryp, ýarylyp, hatda onuň wagtyndan öň garramagyna hem sebäp bolup bilýär. Şol sebäpden bu aýlarda derini iýmitlendiriji E, C, A ýokumlara baý bolan önümler bilen iýmitlenmegimiz we ýörite ýüz üçin ýapgylary ulanmagymyz gerekdir. Geliň, bu barada hünärmenleriň berýän maslahatlaryny belläp geçeliň! 2 nahar çemçe gaýmaga 1 ýumurtganyň sarysyny goşup, gowy garmaly. Onuň üstüne 1 çaý çemçe käşir suwuny goşmaly. Taýýar garyndyny ýüze çalyp, 20 minut saklamaly. Soňra ýüzi mylaýym suw bilen ýuwmaly. Bu ýapgy ýüzi iýmitlendirýär we ýalpyldadýar.

Ýagşylyk guýup kalplara

Hormatly Prezidentimiz türkmen edebiýatynyň ösdürilmegine, edebi gymmatlyklarymyzyň baýlaşdyrylmagyna goşant goşan halypa ýazyjy-şahyrlarymyzyň ömür-döredijiliginiň öwrenilmeginiň we ilata ýetirilmeginiň hökmanylygy barada elmydama nygtaýar. Milli Liderimiz bu barada geçen ýylyň dekabrynda wideoaragatnaşyk görnüşinde ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň we habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmaklarynda geçiren iş maslahatynda hem ýörite belläp geçdi. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ajaýyp eserleri bilen hakydalara siňen halypalarymyz bolsa barmak basyp sanardan köp. Şahyr Möwlamy hem şolaryň biri. Çeper döredijilik bilen meşgullanýan adamlaryň edebiýat meýdanyna gelşi her kimde her hili bolýar. Bu ýagdaý Türkmenistanyň halk ýazyjysy Öwlüýäguly Möwlamowyň — Möwlamynyň döredijilik ýolunda hem şeýle bolupdy. Şu günler segsen bäş ýyllyk ýubileýi bellenilýän Öwlüýäguly aga baryp orta mekdepde okan ýyllarynda çaklaňja goşgular bilen «Halaç pagtaçysy», «Mydam taýýar» gazetlerinde çykyş eden hem bolsa, edebiýatyň ala meýdanyna bilini guşap girmäge howlukmandy. Bu ýagdaý hatda ol 1955-nji ýylda paýtagtymyzdaky şol wagtky M.Gorkiý adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň dil we edebiýat fakultetiniň talyby bolan döwründe-de şonlugyna galypdy. Dogry, şol ýyllarda onuň iki-ýeke talyplyk döwründäki goşgulary göze ilip başlapdy. Ýöne bu entek döredijilik gözlegleriniň örüsini ke

Baş maksadymyz — sagdynlyk

Ýurdumyzda sporty ösdürmek, köpçülikleýin bedenterbiýe hereketine giň gerim bermek boýunça tutumly işler alnyp barylýar. Ýaş sporty söýüjileriň sanyny artdyryp, olary sagdyn durmuş endiklerine ugrukdyrmak döwrüň möhüm wezipeleriniň biridir. Bu işleri netijeli guramakda «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň işgärleri-de yhlaslaryny gaýgyrmaýarlar. Olaryň Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany ýylynda alyp baran işleri we Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda öňlerinde durýan wezipeleri barada bu guramanyň welaýat bölüminiň başlygynyň orunbasary Akmyrat Çopanow şeýle gürrüň berýär: — Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany ýylynda hünärmenlerimiz orta we ýörite hünär okuw mekdeplerinde, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda bilim alýan ýaşlaryň arasynda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty giňden wagyz etdiler. Sportuň dürli görnüşleri boýunça toparlary jemläp, ýaryşlary, sportuň milli görnüşleri we halk oýunlary boýunça bedenterbiýe-sport çärelerini, «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly milli Spartakiadanyň çäklerinde dürli sport çärelerini geçirdiler. Olara çagalaryň, ýetginjekleriň ýüzlerçesi gatnaşyp, özleriniň ukyp-başarnyklaryny görkezdi. Hünärmenlerimiziň hem-de bilim bölümleriniň işgärleriniň guramaklarynda orta mekdepleriň okuwçylarynyň, Seýitnazar Seýdi adyn

Jümle-jahan habarlary

LG-den ýene bir smartfon Günorta Koreýanyň meşhur LG kompaniýasy «CES 2021» tehnologiýa sergisinde «LG Rollable» atly açylyp ýygnalýan ekranly smartfonyny hödürledi. Kompaniýa bu smartfony şu ýylyň dowamynda satuwa çykarjakdygyny mälim etdi. Kompaniýanyň hünärmenleriniň habar bermeklerine görä, smartfonyň ekrany üç derejeli bolup, eplenilende onuň ölçegi 2428x1080 piksele, açylanda bolsa 2428x1600 piksele deň bolar. Şonuň ýaly-da täze önümiň 2428x1366 piksel ölçegli wideo görmek üçin aralyk görnüşi hem bolar. Bu smartfonyň ekrany 6,8 dýuýma (1 dýuým 2,54 santimetr) deň bolup, açyk ýagdaýynda bolsa onuň ululygy 7,4 dýuýma çenli artar. Şeýle hem smartfon kuwwatly batareýa bilen üpjün ediler. LG geljek ýylda bükülýän ekranly smartfony öndürmegi hem maksat edinýär. Kompaniýanyň täze önümleri hünärmenlerde we alyjylarda gyzyklanma döredýär.

Milli ykdysadyýetimiziň pudaklary şanly ýylymyzyň şöhratyna beslenýär

28-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, Lebap welaýatynyň we Aşgabat şäheriniň häkimleri, şeýle hem saglygy goraýyş we derman senagaty ministri gatnaşdylar. Iş maslahatynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, obasenagat toplumynda düýpli özgertmeleri amala aşyrmak bilen baglanyşykly hem-de eziz Diýarymyzyň Garaşsyzlygynyň şu ýyl belleniljek şanly 30 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga beriljek desgalardaky işleriň ýagdaýy baradaky meselelere garaldy.

Resmi habarlar gysga setirlerde

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen general-maýor Durdyýew Şadurdy Amanmuhammedowiç işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygy — Serhet goşunlarynyň serkerdebaşysy wezipesinden boşadyldy. * * *