"Türkmen gündogary" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Lebap welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Türkmenabat şäheri, S.A.Nyýazow şaýoly, 42
Telefon belgileri: 3-14-36, 3-26-83, 3-26-82
Email: turkmengundogary-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Resmi habarlar gysga setirlerde

Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Türkmenistanda ýerleşýän geografik obýektiň çäklerinde aýratyn häsiýetleri şol obýekt üçin mahsus bolan tebigy we (ýa-da) etnografik şertleri bilen kesgitlenilýän harydy haýyşnamaçynyň öndürýändigini tassyklaýan resminamany bermäge ygtyýarly döwlet edaralarynyň sanawy tassyklanyldy. * * *Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Türkmenistanda gurulýan we durky täzelenilýän möhüm hem-de aýratyn möhüm binalaryň we desgalaryň taslamalarynyň bahalaryny kesgitlemek üçin Pudagara toparyň düzümi tassyklanyldy. «Türkmenistanda gurulýan we durky täzelenýän möhüm hem-de aýratyn möhüm binalaryň we desgalaryň meseleleri hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2009-njy ýylyň 13-nji aprelinde çykaran 10347-nji Kararynyň (Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň 2009-njy ýyldaky 3-4-nji ýygyndysynyň 209-njy maddasy) birinji böleginiň Türkmenistanda gurulýan we durky täzelenýän möhüm hem-de aýratyn möhüm binalaryň we desgalaryň taslamalarynyň bahalaryny kesgitlemek üçin Pudagara toparynyň düzümini tassyklamak baradaky bölegi güýjüni ýitiren diýip ykrar edildi.* * *Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başly

Oguzhandan gelýän döwletli ýörelge

Hormatly Prezidentimiziň halkymyza «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabyny sowgat etmegi geçen ýylyň iň ýakymly wakalarynyň birine öwrüldi. Bu kitapda hormatly Prezidentimiz ençeme müňýyllyklaryñ dowamynda kemala gelen türkmeniň dünýä nusgalyk ajaýyp sypatlary barada edebi-filosofik mazmunda çuňňur manyly söhbet edýär. Eseriň eýýäm daşary ýurt dillerine hem terjime edilip, giň okyjylar köpçüligine hödürlenilmegi onuň ähmiýetiniň juda uludygyny tassyklaýar. Türkmen halkynyň ruhy dünýäsi bilen içgin gyzyklanýan her bir adamyň bu eseri okap, tutuş adamzadyň ösüş taryhynda öçmejek yz goýan halkyň milli gymmatlyklary hakynda giňişleýin düşünje alýandygy düşnüklidir. Okyjylaryň uly söýgüsine eýe bolan kitapda durmuşyň gönezligi, zeminiň abatlygy, ebedi ýaşaýşyň ugurlary, ylym-bilimiň ähmiýeti, sagdyn durmuş ýörelgeleri, zähmetsöýerlik, myhmansöýerlik, dost-doganlyk gatnaşyklary, agzybirlik, başlan işiňi abraý bilen tamamlamak ýaly düşünjeler barada giňişleýin gürrüň berilýär. Şeýle sazlaşyklylykda eseriň gymmatyny has beýgeldýän ýene bir ýagdaýa ünsi çekesimiz gelýär. Ýagny halkymyzyň döreden paýhasly jümleleri, rowaýatlary, tymsallary we nakyllary jemgyýetde asylly ýörelgäni ornaşdyrmagyň ähmiýetli gurallarydyr. Şolaryň netijeli peýdalanylmagy eseri has-da baýlaşdyrýar. Milli Liderimiziň bu ajaýyp eserinde tebigat we adam gatnaşyklary hakyndaky düşünje hem dürli wakalaryň ü

Dalaşgärleri hödürlemek başlandy

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygy bilen ähli ugurlar boýunça tutumly maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunuň netijesinde döwletimiziň syýasy, ykdysady we hukuk binýady barha berkeýär. Milli Liderimiziň sargytlaryndan ugur alnyp, jemgyýetiň we döwletiň iň gymmatly hazynasy bolan adamyň bähbitlerini, hukuklaryny we azatlyklaryny goramak hem-de kanunçylygymyza halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryny ornaşdyrmak ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda ähli ugurlarda guwandyryjy üstünliklere eýe bolunýar. Ýurdumyzda milli Liderimiziň taýsyz tagallalary bilen amala aşyrylýan özgertmeleriň ählisi ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da özgertmäge, bagtyýar geljegini üpjün etmäge, Watanymyzyň halkara abraýyny artdyrmaga gönükdirilendir.

«Gyzylgumuň» ýaşyl maýsalary

Diňe Hojambazda däl, welaýatymyzyň ähli etraplarynda şeýle: ilatly ýerleriň jümmüşinden geçýän awtomobil ýollaryň tas ählisiniň diýen ýaly goşa «kenaryny» ekin meýdanlary bezeýär. Olaryň arasynda bugdaýly meýdanlar, gowaçaly atyzlar, gökdür bakja ekinleri ekilen ýerler hem bar. Soň tä barjak ýeriňe barýançaň, tebigatyň gözelliginden, zähmetiň joşgunyndan göwnüň ganatlanar gider. Türkmenabatdan Hojambaz etrabynyň merkezine uzaýan awtomobil ýoluň ugrunda, etrabyň «Gyzylgum» daýhan birleşiginiň çäklerinde hem gözleriň manzara düşýär. Ýaşyl maýsaly meýdanlar obanyň bir çetinden başlap, derýa ýakasyna, çölüň jümmüşine çenli uzaýar. Tüweleme, olaryň boý alşy hem hiç neneň däl. Jeýhunyň mele suwundan ganyp, döküni kemsiz ýetirilen maýsalar mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30-njy ýylynyň berekedini buşlaýar.

«Mekanyň» agyz suwy

Etrapdaky «Mekan» agyz suw desgasy öňümizdäki martda 6 ýaşyny doldurýar. Desganyň işläp gelýän alty ýyly ýerli ýaşaýjylara, belki, altmyş ýyllyk höziri bagyşlady. Çünki ýerasty çeşmelerden suwy göni alyp içäýmek hem ýaramly welin, ony ýörite ulgam arkaly arassalap içmegiň nepi gas güýçli. Bir gije-gündizde 1500 kub metr suwy arassalamaga mümkinçiligi bolan desga daýhan birleşigiň üç obasynda 620-ä golaý hojalygy arassa agyz suwy bilen üpjün edýär. Desga gözbaşyny 2 kilometre golaý uzaklykda ýerleşýän dik guýularyň bäşisinden alýar. Her biriniň çuňlugy 35 metr bolan guýularyň suwy ýörite turbalar bilen desga çenli getirilýär. Bu ýerde suwy birinji we ikinji süzgüçler «kabul edýärler». Olaryň ikisi hem şol bir wezipäni ýerine ýetirýär. Olar sagatda 100 kub metre çenli suwy arassalamaga ukyplydyr.

Döwrebap hyzmatlaryň gurşawynda

Hojambaz etrap aragatnaşyk bölümi indi iki ýyla golaý wagtdan bäri täze binada işläp gelýär. Mälim bolşy ýaly, bölümiň täze binasy 2019-njy ýylyň aprel aýynda dabaraly ýagdaýda açylyp, ulanylmaga berlipdi. Täze binadaky döwrebap mümkinçilikler etrabyň ýaşaýjylaryna ýokary hilli aragatnaşyk hyzmatlaryny bermäge we olaryň görnüşlerini barha köpeltmäge mümkinçilik berýär. Bu ýerde «Altyn asyr» mobil operatory, poçta aragatnaşyk bölümi, Internet, öý telefonlary, elektron poçtadyr beýleki hyzmatlar üçin operatorlaryň 9-sy uzakly gün müşderiler bilen işleşýär. Sanalan ulgamlarda işleriň sanly görnüşe geçilmegi bolsa, olaryň netijeliligini has-da artdyrýar.

Hem obanyň, hem göwünleriň bezegi

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň sebitlerinde döwrebap bilim we terbiýeçilik ojaklaryny gurmak baradaky tagallalarynyň miwesi Jeýhunyň sag kenaryndaky etrapda hem kän. Etrabyň her bir obasynda täze mekdeplerdir çagalar baglaryna, sport mekdepleridir hassahanalara ýa-da beýleki desgalara gözüň düşýär. Hojambazdaky döredijilik saparynda biziň nobatdaky duralgamyz şol desgalaryň biri ― etrapdaky 25-nji orta mekdep. 640 okuwça niýetlenilen mekdep 2014-nji ýylda açylyp, ulanylmaga berlipdi. Boroşly we Gawurdy obalarynyň çagalary üçin iň döwrebap mümkinçilikleri bagyşlan mekdep indi ýedi ýyldan bäri bu obalaryň binagärlik görküni hem artdyryp dur.

Düzgünler berjaý edilmelidir

Biz hususy awtoulaglaryň sanynyň ýylsaýyn artýandygynyň şaýatlary bolýarys. Bu bolsa halkymyzyň bolelinlikde ýaşaýandygynyň aýdyň mysallarynyň biridir. Birwagtlar hemmeler üçin elýeterli bolmadyk ulaglar indi her maşgalada diýen ýaly bar. Munuň özi halkymyzyň eziz Arkadagymyzyň döredip berýän eşretlerinden ýerlikli peýdalanyp, onuň hözirini görýändikleriniň subutnamasydyr. Bu guwandyryjy ýagdaý bilen bir hatarda biz ildeşlerimiziň aglabasynyň awtoulaglary dolandyrmagyň kadalaryny dogry berjaý edýändikleriniň hem şaýatlary bolýarys. Olaryň öz üstüne düşýän jogapkärçilige gowy düşünýändikleri we ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý edýändikleri, ulaglaryny gurat saklaýandyklary bizi begendirýär. Ýöne gynansak-da, ýol hereketiniň düzgünlerini äsgermezlik edýän sürüjiler hem tapylýar. Gullugymyzyň işgärleri şeýle ýagdaýlaryň öňüni almak üçin aladalanýarlar we şeýle sürüjiler bilen düşündiriş işlerini geçirýärler.

Şygyrlar çemeni

Halkym Öňün-soňun müň ölçerip, geňeşip,Güneşli ülkede ornaşan halkym.Topragyny jandan ileri söýüp,Erkana ýurt üçin göreşen halkym. Goňşy-golam bilen bir göwre-bir jan,Sarpaly gatnaşan, duz-emek bolup,Eger-de bir kişi bolsa perişanHasratyny des-deň paýlaşan halkym.

Jümle-jahan habarlary

Ýanardagdan emele gelen ada

Sagdyn iýmitlenmek — sagdyn ýaşaýyş

Sagdyn iýmitlenmek saglygy berkitmegiň we keselleriň öňüni almagyň iň gowy serişdesidir. Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň maglumatlaryna laýyklykda ýokanç däl keseller, şol sanda semizlik, onuň bilen bagly ýürek-damar, süýjüli diabet, dowamly öýken keselleri we howply täze döremeler ýokumlaryň, gerekli maddalaryň ýetmezçiligi, iýmitlenmegiň kadalarynyň bozulmagy bilen baglydyr. Soňky ýyllarda dürli keselçilikleriň garşysyna göreşmek boýunça ýurdumyzda köp işler amala aşyryldy. Bu ugurda hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen duzuň ýodlaşdyrylmagy gazanyldy. Düzümi demir hem-de foliý turşusy bilen baýlaşdyrylan unuň önümçiligi ýola goýuldy we degişlilikde ýod ýetmezçiligi we ganazlyk keselleriniň durnukly öňi alyndy.

Özgertmeleriň depgini ýokary derejede alnyp barylmalydyr

4-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň rektorlarynyň gatnaşmaklarynda gurluşyk-senagat toplumyny ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi. Hormatly Prezidentimiz bu maslahatda ýokary ösüş depginini saklamak, toplumyň ähli kärhanalarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak, umuman, ýubileý ýylynda döwletiň maksatnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen amala aşyrylýan özgertmeleriň depginini artdyrmak üçin işleri ýokary guramaçylyk derejesinde alyp barmaga degişli meselelere serediljekdigini belledi we maslahata gatnaşyjylaryň hasabatlaryny hem-de tekliplerini diňledi.

Önümçilik kuwwatlyklaryny toplumlaýyn ösdürmek ugrunda

3-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, degişli ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň rektorlarynyň gatnaşmaklarynda oba hojalygyny ösdürmek boýunça sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyny açyp, ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda geçen ýylyň dowamynda alnyp barlan işleriň netijelerine serediljekdigini bellemek bilen, agrosenagat toplumynyň döwletimiziň ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň biridigini nygtady. Şoňa görä-de biziň bu ugurda gazanýan üstünliklerimiz, ýurdumyzda azyk bolçulygyny we halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek köp derejede bu pudagyň netijeli ösdürilmegine baglydyr.

Resmi habarlar gysga setirlerde

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Orazgeldiýew Esenmyrada berk käýinç yglan edildi.* * *Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri Baýramdurdyýew Magtymgula berk käýinç yglan edildi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek oňa soňky gezek duýduryldy.* * *Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygy Baýjanow Güýzgeldä käýinç yglan edildi.* * *Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekip, bu ministrligiň merkezi edarasynyň gurluşyny tassyklady.* * *Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekip, bu ministrligiň merkezi edarasynyň gurluşyny tassyklady.* * *«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda «Türkmenhimiý

Ählumumy abadançylygyň bähbidine

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda hemişelik Bitaraplygymyzyň ýörelgeleri soňky ýyllarda has işjeň häsiýete eýe boldy. Ýurdumyzyň bu hukuk derejesiniň dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy berkarar etmäge, durnukly ösüşi gazanmaga we hyzmatdaşlygyň netijeli nusgalaryny işjeňleşdirmäge esaslanýandygy guwandyryjy hakykatdyr. Çünki agzybir türkmen halky birnäçe asyrdan bäri bu ajaýyp ýörelgelere daýanmak arkaly dünýä jemgyýetçiliginde öz mynasyp ornuny has hem berkitmekde uly üstünlikleri gazandy. Halklaryň, milletleriň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda we ýygjamlaşdyrmakda Türkmenistanyň öňe sürýän başlangyçlarynyň halkara möçberinde giň goldaw tapmagynyň düýp manysynda ynsanperwerlik we hoşniýetlilik düşünjeleri orun alýar.

Administratiw iş ýöredişiň hukuk binýady

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygy bilen ýurdumyzda adyl kazyýetligiň hiliniň ýokarlandyrylmagy, kazyýet önümçiliginiň kämilleşdirilmegi ugrunda düýpli özgerişlikler durmuşa geçirilýär. Yzygiderli kämilleşdirilýän milli hukuk ulgamynyň berk binýady bolan Esasy Kanunymyzdan başlap milli kanunçylygymyzyň ýörelgeleýin kadalary adalatyň berkarar bolmagynyň, milli demokratiýanyň dünýä ýüzüne ýaň salmagynyň aýdyň nusgasy bolup hyzmat edýär. Raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny goramak babatda «Administratiw önümçilik hakynda» Türkmenistanyň Kanuny ýurdumyzyň dolandyryş edaralary tarapyndan administratiw namalarynyň kabul edilmegi, ýerine ýetirilmegi ýa-da ýatyrylmagy bilen bagly amala aşyrylýan önümçiligiň hukuk esaslaryny, ýörelgeleridir kadalaryny kesgitleýär. Şeýle hem bu Kanun adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň berjaý edilmegine, kanunyň hökmürowanlygyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Şonuň bilen baglylykda kazyýetlerde administratiw işlere garamagyň hukuk esaslaryny kesgitlemek hem-de häzirki döwrüň talaplaryna, halkara ülňülerine laýyklykda «Türkmenistanyň Administratiw iş ýörediş kodeksini tassyklamak we herekete girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Administratiw iş ýörediş, öz gezeginde, döwletiň we raýatyň arasyndaky hukuk gatnaşyklaryndan gelip çykýan jedeller boýunça kazyýet önümçiliginiň tertibini, k

Jemgyýetiň sagdynlygynyň goragynda

Ýaňy-ýakynda Russiýanyň ýene bir sanjymy ― «EpiWakKorona» Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň ýanyndaky dermanlyk serişdelerini bellige almak we döwlet hil gözegçiligi merkezi tarapyndan bellige alyndy. Merkeziň seljermeleriniň netijeleri boýunça bu sanjyma degişli şahadatnama hem berildi. Türkmenistan Russiýa Federasiýasyndan soň «EpiWakKorona» sanjymyny bellige alan dünýäde ilkinji döwlet bolup durýar. Bu sanjym dostlukly ýurduň sarp edijileriň hukuklaryny we adamlaryň abadançylygyny goramak babatda gözegçilik boýunça federal gullugynyň «Wektor» wirusologiýa we biotehnologiýa döwlet ylmy merkezinde işlenilip taýýarlanyldy. Sanjyma bellige alyş şahadatnamasynyň gowşurylmagy bilen bu serişdäni ýurda satyn almaga we peýdalanmaga ygtyýar berilýär. «EpiWakKorona» sanjymy synagdan geçirilip, onuň ýokary howpsuzlyk derejesine eýedigi tassyklanyldy.

Tehnikalar ekişe taýýar

Hormatly Prezidentimiziň ýakynda üstümizdäki ýylyň pagta hasyly baradaky Karara gol çekmegi bilen, etrap tehniki hyzmat ediş kärhanalarynda işleriň depgini has-da güýçlendirildi. Welaýatymyzyň beýleki etraplarynda bolşy ýaly, Döwletli etrap tehniki hyzmat ediş kärhanasynda hem ekiji tehnikalaryňdyr enjamlaryň abatlygy doly gözden geçirildi. Etrapdaky merkezi ussahanada we Dostlukdaky, Daşrabatdaky bölümlerde tehnikalardyr enjamlar täze möwsüme doly taýýar edildi. Şu ýyl gowaça ekişinde etrap tehniki hyzmat ediş kärhanasyna degişli tehnikalaryň onlarçasy işlediler. Olaryň ählisi milli Liderimiziň tagallasy bilen soňky ýyllarda satyn alnan tehnikalardyr.

Ylmy gözleglere ugrukdyrylýar

Gahryman Arkadagymyzyň örän jaýdar nygtaýşy ýaly, ýaşlar Watanymyzyň güýji-kuwwaty, abraý-mertebesi hem-de beýik geljegidir. Şu nukdaýnazardan milli Liderimiziň asylly başlangyçlary bilen ýurdumyzda türkmen ýaşlarynyň dünýä ülňülerine laýyk gelýän ylym, bilim edaralarynda okamaklary, saýlap alan hünärinde kämilleşmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Ýaňy-ýakynda kabul edilen «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» hem bu ugurda alnyp barylýan işleriň has-da giň gerim almagynda wajyp ädim bolup durýar. Çünki jemgyýetiň ösüşi, onuň aýdyň geljegi ýaş nesliň kämil aň-düşünjeli, bilimli-terbiýeli bolmagyna baglydyr.

Arkadagyň kitaby — kalplaryň gymmatlygy

Golaýda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň hem-de Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde yglan eden «Gahryman Arkadagyň kitaby umumadamzat gymmatlygydyr» atly bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi. Bäsleşik bagtyýarlyk döwrüniň bagtly zenanlarynyň we kärdeşler arkalaşyklarynyň işjeň agzalarynyň arasynda hormatly Prezidentimiziň ýiti pähim-paýhasyndan syzylyp çykan «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň çuňňur mazmunyny wagyz etmek maksady bilen geçirildi. Halkymyzyň milli ýörelgelerine, asylly däp-dessurlaryna bagyşlanan bu kitap ata Watanymyzyň asyrlar aşyp gelen taryhy tejribesiniň döwrebap usulda baýlaşdyrylýandygyny görkezýär.