"Türkmen gündogary" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Lebap welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Türkmenabat şäheri, S.A.Nyýazow şaýoly, 42
Telefon belgileri: 3-14-36, 3-26-83, 3-26-82
Email: turkmengundogary-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Resmi habarlar gysga setirlerde

Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Aşgabat şäherinde «Altyn kölüň» kenarynda 2021 — 2024-nji ýyllarda dynç alyş zolagyny gurmak bellenildi. Gurluşyk we binagärlik ministrligine:

Maksat — özgertmeler ýoly bilen öňe gitmek

Ýyllar ýyllardan zyýada. Sebäbi tamamlanýan her bir ýyl halkymyzyň çekýän tutanýerli zähmetiniň netijesinde gazanylýan uly-uly ösüşlere, düýpli özgerişliklere, ýatda galyjy taryhy wakalara beslenýär. Şonuň netijesinde Garaşsyz we hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýäde gülläp ösýän, ilaty abadan we eşretli durmuşda ýaşaýan ýurt hökmünde giňden ykrar edilýär. Olar barada geçen anna güni hormatly Prezidentimiziň geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde jikme-jik durlup geçildi. Onda 2020-nji ýylda hem-de şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine garaldy. Döwlet Baştutanymyz giňişleýin mejlisde eden çykyşynda dünýä ykdysadyýetinde ýagdaýlaryň ýaramazlaşmagy sebäpli ýüze çykan kynçylyklara garamazdan, ýurdumyzda geçen ýylda ýokary ösüş depgininiň saklanyp galandygyny kanagatlanma bilen belledi. Halkymyzyň tutanýerli zähmet çekmegi netijesinde milli ykdysadyýetde tamamlanan ýylda düýpli ilerlemeler üpjün edildi: jemi içerki önümiň ösüşi 5,9 göterime barabar boldy. Oňyn ösüşler ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda bolup geçdi. Şeýle guwandyryjy görkezijiler hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzy senagatlaşdyrmaga, ykdysady ösüşiň ýokary depginlerini gazanmaga, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini düýpli ýokarlandyrmaga gönükdirilen çuňňur oýlanyşykly maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi netijesinde gazanyldy.

Internet ulgamynyň elýeter nyrhnamalary

Hormatly Prezidentimiz ýakynda ýurdumyzyň ulag we aragatnaşyk ulgamynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlap geçiren iş maslahatynda toplumyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, 2020—2021-nji ýyllar üçin maksatnama laýyklykda hem-de elektron söwdasynyň, Internet hyzmatlarynyň, uzak aralykdan işlemegiň we okatmagyň giňden ýaýramagy bilen baglylykda aragatnaşyk hyzmatlarynyň hilini we geçirijilik ukybyny gowulandyrmalydygyny aýtdy. Milli Liderimiz bu maslahatda maglumat tehnologiýalarynyň dünýädäki ösüşine laýyklykda ykdysadyýetiň pudaklaryna häzirkizaman tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmak babatda halkara tejribesi esasynda edilýän hyzmatlaryň görnüşlerini giňeltmegi, ilata hödürlenilýän Internet we beýleki aragatnaşyk hyzmatlary üçin nyrhlara gaýtadan seretmegi, ilat köpçüligine Internet ulgamynyň giňden elýeterli bolmagyny üpjün etmegi tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiziň bu tabşyryklaryndan ugur alýan «Türkmentelekom» we Aşgabat şäher telefon ulgamy (AŞTU) aragatnaşyk kärhanalary müşderileri üçin internet hyzmatlarynyň nyrhlaryny ep-esli arzanlatdy. Bu barada kompaniýalaryň resmi web sahypalarynda maglumatlar ýerleşdirildi. Şeýle hem aragatnaşyk kompaniýalary Türkmenistanyň guramalary, kärhanalary we bilim edaralary üçin bahalary hem has elýeter etdi. Gahryman Arkadagymyzyň ýörite karary bilen «Türkmenaragatnaşyk» agentligi döwletimizde sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça ygtyýar

Baglar gülledi

Golaýda gazetimiz bilen ýygy aragatnaşyk saklaýan kerkili bilim işgäri Ödegeldi Kulyýew redaksiýa jaň edip, etrapda baglaryň gülläp başlandygyny we tebigatyň täze keşbini surata düşürendigini habar berdi. Ol öňki ýyllarda, adatça, badamyň ir gülleýändigini, ýöne şu ýyl ilkinji bolup erigiň gülländigini hem sözüniň üstüne goşdy. Bu habar bereketli türkmen topragyna şahandaz bahar paslynyň golaýlap gelýändigine şaýatlyk edýär. Gyşyň soňky aýynda howanyň ýyly gelmegi tebigatyň ir janlanmagyna getirdi. Ýene-de sanlyja günlerden bolsa halk senenamamyz boýunça çarwa gyşy tamamlanyp, hut döwri başlanýar. Ol 21-nji fewraldan 22-nji marta çenli dowam eder. Bu döwür daýhanlaryň ýaz-meýdan işlerine gyssanmaly döwrüdir. Welaýatymyzyň babadaýhanlary häzirki günlerde ýeralmadyr beýleki gök ekinleriň ekişini guramaçylykly alyp barýarlar. Baglaryň güllemegi bolsa sygyr ýylynyň bereketli boljakdygynyň ýene bir subutnamasydyr.

Saz­la­şyk­ly ösüş­le­riň mi­we­le­ri

Üs­tü­miz­dä­ki ýy­lyň «Türk­me­nis­tan — pa­ra­hat­çy­ly­gyň we yna­nyş­ma­gyň Wa­ta­ny» diý­lip at­lan­dy­ryl­ma­gy hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­da dur­ma­gyn­da Türk­me­nis­ta­nyň üs­tün­lik­li alyp bar­ýan içe­ri we da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň iş ýü­zün­dä­ki be­ýa­ny­dyr. Şu ýy­lyň şy­ga­ry­nyň Ga­raş­syz, Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 73-nji mej­li­sin­de ka­bul edi­len «2021-nji ýyl — Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly» at­ly Ka­rar­na­ma bi­len my­na­syp ut­gaş­ýan­dy­gy aý­ra­tyn bel­lär­lik­li­dir. Ýyly­my­zyň baş şy­ga­ryn­da ýaş­la­ry Ga­raş­syz, Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­na çäk­siz buý­sanç hem-de söý­gi ru­hun­da ter­bi­ýe­le­mek ba­ra­da­ky pi­kir­le­riň hem öz be­ýa­ny­ny tap­ýan­dy­gy­ny aýt­mak ge­rek. Hä­zir­ki wagt­da ýur­du­myz hem­me­ta­rap­la­ýyn saz­la­şyk­ly ös­ýän, öz mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti, me­de­ni­ýe­ti, öz­baş­dak içe­ri we da­şa­ry sy­ýa­sa­ty bo­lan, dün­ýä­de giň­den yk­rar edi­len pa­ra­hat­çy­lyk­sö­ýü­ji döw­let hök­mün­de ta­nal­ýar. Türk­me­nis­ta­nyň yk­dy­sa­dy bin­ýa­dy­nyň ber­ke­me­gin­de we hal­ka­ra ab­ra­ýy­nyň has-da art­ma­gyn­da Bi­ta­rap­lyk hu­kuk de­re­je­si­niň äh­mi­ýe­ti örän ulu­dyr. Pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak adam­zat üçin iň ze­rur dü­şün­je­ler bo­lup, hä­zir­ki wagt­da bi­ri-bi­ri bi­len aý­ryl­maz bag­la­ny­şyk­ly bu ýö­rel­ge­ler hyz­mat­

Halkyň bagtyýarlygynyň gözbaşy

Üstümizdäki ýylda agzybir türkmen halky ýene bir uly baýrama ― mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýuna garaşýar. Bu şanly sene mynasybetli geçilen 30 ýyllyk özgerişlikli, ýakymly ýatlamaly, belent sepgitli ýyllara göz aýlamak, gör, neneň buýsançly! Ol ýyllar halkyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokary derejä ýetiren, ýurdumyzyň dünýä jemgyýetçiliginde öz ornuny berkiden, hemişelik Bitaraplygyny ykrar etdiren ýyllardyr. Watanyň ýokary göterilen derejesiniň şaýady bolýan ýüzlerçe möhüm ähmiýetli buýsançly wakalary, şöhratly günleri özünde jemleýän şol ýyllar ýurdumyza şan-şöhrat getirdi we halkyň röwşen geljegine bolan ýagty ynamy oýardy. Garaşsyzlygyň we dünýäde ykrar edilen baky Bitaraplygyň erkinlik, parahatçylyk howasyndan dem alyp ýaşaýan halkymyza indi diňe buýsançly we guwançly ösüşler, öňegidişlikler ýaran. Asyrlarboýy arzuwlanyp ýetilen mukaddes Garaşsyzlygymyz, sözüň doly manysynda, halkymyzyň özygtyýarlylygynyň, bagtyýarlygynyň gözbaşydyr. Onda ýurduň ösen kuwwaty bilen birlikde halkyň parahat, bolelin, bagtyýar durmuşy görnüp dur. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly syýasaty bilen özgeren ýurdumyzyň bu günki gözel keşbine-de, äleme ýaýran at-owazasyna-da tutuşlygyna Garaşsyzlygyň ruhy siňendir. Türkmenistan özygtyýarlylygyny gazanan ilkinji gününden başlap garaşsyz ösüşiň ähli mümkinçiliklerini üstünlikli durmuşa geçirmek bilen, adam hakyndaky aladany ilkinji orunda goý

Bilim ulgamynda

Kämillik ýoly bilen Ösüp gelýän ýaş nesliň Gahryman Arkadagymyzyň bagyş eden beýik döwrüne mynasyp adamlar bolup ýetişmegini gazanmak üçin bilim ojaklarynda maksatlaýyn işler alnyp barylýar. Bu wajyp işe biz hem yhlasly gatnaşýarys. Işimizde okatmagyň öňdebaryjy usullaryna, kämil tehniki serişdelere giňden daýanýarys. Meniň özüm okadýan dersim boýunça internet ulgamynyň üsti bilen elektron okuw kitaplaryndan, gollanmalaryndan ýerlikli peýdalanýaryn. Çuňňur bilim almaga ýardam berýän şeýle peýdaly usullaryň okuwçylara hem elýeterli bolmagyny gazanmak üçin ýadawsyz aladalanýaryn. Mekdebimiziň informatika okuw otagyndaky kompýuterleriň internet ulgamyna birikdirilmegi okuwçylara zerur bolan ylmy çeşmelere aralaşmaga we gerekli maglumatlary almaga amatly şertleri döredýär.

Olar sežde edýär gözelliklere

Her bir maşgala ojagyny ýyladýan ýörelge bolýar. Biz şu makalamyzda öz döredijilikleri bilen diňe bir öz maşgala ojagyny däl, eýsem, gözellige teşne ýürekleri hem ýyladýan, sungata göwün beren bagtyýar maşgala barada söhbet etmegi makul bildik. Çagalar köplenç ata-enesiniň hünärini dowam etdirmäge döwtalap bolýarlar. Sungatyň taryhyna nazar aýlasak, suratkeşler maşgalalarynyň az däldigine göz ýetirýäris. Şolaryň biri bolan suratkeşler Umarowlaryň maşgalasynda hem esasy däp — döredijilikli zähmet çekmek.

Milli edep mekdebi

Halkymyzyň gözbaşyny iňňän irki döwürden alyp gaýdýan toý däp-dessurlary ata-babalarymyzdan we ene-mamalarymyzdan bize miras galan milli edep mekdebidir. Bu ýörgünli däp-dessurlarda, esasan, il-günüň agzybirligini, birek-birege sylag-hormatyny berkitmek, maşgala abadançylygyny gazanmak ýaly mukaddes ýörelgeler öňe sürlüp, ýagşydan-ýagşy niýet-arzuwlar edilýär. Häzirki döwrümizde hem giň gerimde dowam etdirilýän bu milli ýörelgelerimiz şahandaz halkymyzyň asyrlarboýy owadanlyga, gözellige we ruhubelent ýaşaýşa bolan gatnaşygyny äşgär edýär. Gadymy döwürden bäri dowam edip gelýän milli toý däplerimize laýyklykda gyz durmuşa çykarylanda atasy ak pata berýär. Gyza pata berlende, köplenç, arzuw-islegler şahyrana, çeper söz bilen şeýle beýan edilýär:

Ömür-örküm aýdym bilen sazymdyr

Tanymal bagşy-sazandalaryň haýsy biriniň ömür ýoluna ser salsaň, olaryň köpüsiniň döredijiliginiň mekdep ýyllarynda hereket eden aýdym-saz gurnagyndan baş alyp gaýdýandygyna göz ýetirýärsiň. Lebaply onlarça bagşy-sazandalaryň sungatdaky ilkinji ädimleri hem mekdep ýyllaryndan gözbaş alýar. Mekdep gurnagyndan aýdym-saza imrigen sazandalaryň biri-de Allanazar Hudaýnazarow bolmaly. Ol ilkinji halypasy hökmünde mekdebiň aýdym-saz gurnagynyň ýolbaşçysy, mugallym Juma Annamämmedowy hormat bilen ýatlaýar. Medeni-köpçülik çärelerinde eden çykyşlary, bagşy Haýytly Mämmetdurdyýew bilen ýakyndan tanyş bolmagy onuň ykbalyny aýdym-saza baglaýar. Mandolina, skripka saz gurallarynda saz çalyp başlamagy onuň sungata bolan höwesini has-da artdyrýar. Skripkanyň gyjaga ýakynlygy Allanazarda şu milli saz guralyny çalmaga söýgi döredýär. Skripkanyň käbir basuwlarynyň, saz öwüşginleriniň gyjakda ulanylmagy sazyň labyzlylygyny artdyrýar.

Ylmy gözlegleriň şowly netijeleri

Milli Liderimiziň ýurdumyzda sanly ulgamyň ornuny giňeltmek boýunça edýän tagallalary öz miwesini berýär. Bu tagallalaryň bir ugry dürli maksatly Internet saýtlaryny döredip, şolaryň üsti bilen maglumat goruny dolandyrmakdan ybaratdyr. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýakynda geçirilen iş maslahatlarynyň birinde hem nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzda dürli web-saýtlaryň 500-den gowragy döredilip, bellige alyndy. Bu işiň begendiriji tarapy, saýtlary döretmäge ýaş programmaçylaryň ýakyndan gatnaşýandygydyr. Dürli ugurlar boýunça gollanmalardyr maglumat gorlaryny web-saýt görnüşine geçirmäge synanyşyk diňe bir ýörite bilimli hünärmenleriň däl, eýsem, mekdep okuwçylarynyň ylmy-taslama gözleglerinde hem göze ilýär. Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 41-nji orta mekdebiň okuwçylary hem şeýle maksatly tutumlaryň birnäçesine girişdiler. Şu ýazgylarymyzda şolaryň ikisi bilen gysgaça tanyşdyrmagy makul bildik.

Sporty ösdürmekde möhüm tapgyr

Indi Garaşsyz Türkmenistan halkara sport ýaryşlarynda diňe bir üstünlikli çykyş etmek bilen çäklenmän, eýsem, dürli derejeli ýaryşlary, dünýä çempionatlaryny özünde ýokary guramaçylykly geçirmekde hem ýeterlik tejribe toplady. 2017-nji ýylda sebitde deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesinde ýokary derejede geçirilen V Aziýa oýunlary, 2018-nji ýylda paýtagtymyzda agyr atletika boýunça geçirilen dünýä çempionaty muny doly tassyklaýar. Ýurdumyzda geçirilýän iri sport çäreleriniň guramaçylyk ýagdaýynyň we geçirilişiniň dünýäniň iri köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, tälimçileriniň ýokary bahasyna mynasyp bolmagynyň ilkinji sebäbi-de bu meseläni hormatly Prezidentimiziň hut özüniň üns merkezinde saklamagydyr. Bu guwandyryjy hakykat üstümizdäki ýylda hem şeýle bolar. Bilşimiz ýaly, Türkmenistan şu ýyl welotrek boýunça dünýä çempionatynyň we Dewisiň kubogyny almak boýunça halkara tennis ýaryşynyň saýlama tapgyryny geçirmäge uludan taýýarlyk görýär. Ýakynda hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda geçiriljek bu iri halkara ýaryşlaryna taýýarlyk görlüşi we desgalarda türgenleşikleriň alnyp barlyşy bilen tanyşmagy, bu ugurda degişli tabşyryklary bermegi türkmen sportuny ösdürmekde we dünýä ýaýmakda, türgenlerimizi goldamakda we ruhlandyrmakda möhüm tapgyr boldy. Olimpiýa şäherçesiniň 6 müň orunlyk üsti ýapyk Welotrek sport toplumy şu ýylyň güýzünde welosport boýunça dünýä türgenleriniň

Jümle-jahan habarlary

Simsiz kuwwatlandyryjy

Ýylyň ähli paslynda saglygyňyzy goramak üçin lukman maslahatlary

Ýurdumyzda ilatyň saglygyny goramak, dürli ýokanç keselleriň öňüni almak maksady bilen degişli çäreler döwlet derejesindäki talaplara laýyk geçirilýär. Pasyllaryň çalyşmagy bilen bagly ýüze çykyp biläýjek möwsümleýin ýiti respirator keselleriniň öňüni almak üçin howa şertlerine görä gün tertibini dogry alyp barmak zerurdyr. Şu maksat bilen her birimiz: Bedeniň kesele garşy göreşijilik ukybynyň ýokary bolmagyny gazanmak üçin sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmeli. Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanyp, sagdyn iýmitlenmeli. Ir säher bilen we agşamara arassa howada ýarym sagat pyýada ýöremeli. Ýöne derläp, öl saçly daşaryk çykmaly däl.

Döwlet dolandyryş ulgamy yzygiderli kämilleşdirilýär

11-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki giňişleýin mejlisini geçirdi. Oňa ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleri hem çagyryldy. Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibini yglan edip, döwlet dolandyryş ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, Hökümetiň işini has-da gowulandyrmak maksady bilen Ministrler Kabinetiniň düzümine Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýene-de bir orunbasarynyň wezipesini girizmek, ony Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalygyna hem-de Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy wezipesine bellemek barada karara gelendigini aýtdy.

Ileri tutulýan milli maýa goýum taslamalary işjeňleşdirilmelidir

10-njy fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň ykdysadyýet, maliýe-bank toplumynda 2020-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri we geljek ýyl üçin kesgitlenilen anyk wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysadyýet toplumyna gözegçilik edýän orunbasary, birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň, bank düzümleriniň ýolbaşçylary, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriň rektorlary gatnaşdylar.

Resmi habarlar gysga setirlerde

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen Baýmyrat Ilmyradowiç Annamämmedow Türkmenistanyň senagat we gurluşyk önümçiligi ministri wezipesine bellenilip, ol Türkmenistanyň senagat we gurluşyk önümçiligi ministriniň orunbasary wezipesinden boşadyldy.* * *Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen Allanur Nurgeldiýewiç Altyýew Türkmenistanyň oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri wezipesine bellenilip, ol Türkmenistanyň oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministriniň daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri boýunça orunbasary wezipesinden boşadyldy. * * *Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen Meredow Myratgeldi Resulowiç işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy. * * *Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen Baýrammyrat Ýaýlymowiç Atamanow Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektory wezipesine bellenilip, ol Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň rektory wezipesinden boşadyldy. * * *Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen Parahat Orazmuhamedowiç Orazow Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň rektory wezipesine bellenilip, ol Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň okuw işleri boýunça prorektory wezipesinden boşadyldy. * * *Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pug

Durnukly ösüşiň ugry bilen

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygy bilen ata Watanymyz köpugurly halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine we berkidilmegine giň ýol açýar. Sebit we goňşy ýurtlaryň arasynda özara peýdaly gatnaşyklary ýola goýmakda ýeterli tejribe toplan Türkmenistan indi has alysdaky döwletler bilen hem özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýylyň-ýylyna barha ösdürýär. Dürli ugurlar boýunça ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlyklary ýola goýmaga gyzyklanma bildirýän taraplar bilen bu ugurda bar bolan mümkinçilikleriň netijeli peýdalanylmagy-da hoşniýetli gatnaşyklaryň çuňlaşdyrylmagyna we giňeldilmegine şert döredýär. Gahryman Arkadagymyzyň içeri we daşary syýasatynyň maksada okgunly we üstünlikli durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň senagatynyň ösdürilmegine-de özüniň oňyn täsirini ýetirýär. Bu bolsa Türkmenistanyň ykdysady kuwwatynyň güýçlenmegine, bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmegiň ýola goýulmagyna giň şert döredýär. Sanlyja ýylyň içinde dünýä bazarynda geçginli we ýokary hilli önümleri bilen ygtybarly hyzmatdaş hökmünde özüni tanadan Türkmenistanda bu depgini gowşatmazlyk maksady bilen uzakmöhletleýin maksatnamalaryň kabul edilmegi we meýilnamalaryň işlenilip taýýarlanylmagy aýratyn bellärliklidir. Muňa mysal edip, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018 ― 2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny», «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011 ― 2030-njy

Aşgabat — gözelligiň ajaýyp nusgasy

Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine ählihalk tarapyndan saýlanylan gününden başlap, ýurdumyzy düýpli özgertmek, döwrebaplaşdyrmak we oňyn özgertmeleri amala aşyrmak baradaky giň möçberli maksatnamalary öňe sürdi, şol ugur ýurdumyzyň çar künjüni gurşap almak bilen, häzirki wagtda özüniň ajaýyp miwelerini berýär, bu bolsa Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň dünýä ýüzündäki at-abraýynyň we şan-şöhratynyň artmagyna giň ýol açýar. Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzda düýpli özgerişlikleri durmuşa geçirmek bilen, gurluşyk boýunça möhüm ähmiýetli taslamalaryň ýokary hilli we öz wagtynda ýerine ýetirilişini, binagärlik çözgüdiniň berjaý edilişini üns merkezinde saklaýar. Şöhratly taryhymyzdan belli bolşy ýaly, Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň, gözel paýtagtymyz bolsa ýurdumyzyň ýüregi hasaplanylýar.

Täze saýt ― täze mümkinçilikler

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň bilim ojaklarynda sanly ulgamlardan giňden peýdalanmak baradaky tabşyryklaryna jogap edip, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň resmi web saýty açyldy. Ol «Baş sahypadan», «Täzelikler», «Fakultetler», «Ylym», «Dalaşgärler üçin», «Biz barada» we «Habarlaşmak» sahypalardan ybarat. www.tdmugi.edu.tm salgysynda ýerleşýän resmi saýtyň «Baş sahypasyny» institutyň resmi nyşany we surat galereýasy bezeýär. Şeýle hem bu ýerde beýleki sahypalaryň gysgaça görnüşleri ýerleşdirilipdir. «Baş sahypanyň» aşaky bölümleriniň birinde institut barada umumy maglumatlar bar. Bu maglumatlarda onuň fakultetleriniň, hünärleriniň, mugallymlarynyň we talyplarynyň umumy sany görkezilýär.