Resmi habarlar gysga setirlerde

12 Fewral 2021
1815

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen Baýmyrat Ilmyradowiç Annamämmedow Türkmenistanyň senagat we gurluşyk önümçiligi ministri wezipesine bellenilip, ol Türkmenistanyň senagat we gurluşyk önümçiligi ministriniň orunbasary wezipesinden boşadyldy.
* * *
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen Allanur Nurgeldiýewiç Altyýew Türkmenistanyň oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri wezipesine bellenilip, ol Türkmenistanyň oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministriniň daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri boýunça orunbasary wezipesinden boşadyldy.
* * *
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen Meredow Myratgeldi Resulowiç işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy.
* * *
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen Baýrammyrat Ýaýlymowiç Atamanow Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektory wezipesine bellenilip, ol Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň rektory wezipesinden boşadyldy.
* * *
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen Parahat Orazmuhamedowiç Orazow Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň rektory wezipesine bellenilip, ol Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň okuw işleri boýunça prorektory wezipesinden boşadyldy.
* * *
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmakda, medeniýeti ösdürmekde, döwlet we jemgyýetçilik işinde gazanan uly üstünlikleri hem-de Garaşsyz döwletimiziň we mähriban halkymyzyň öňünde bitiren hyzmatlary, köp ýyllaryň dowamynda çeken halal, yhlasly we göreldeli zähmeti nazara alnyp, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň başlygy Bekdurdy Amansaryýew Türkmenistanyň «Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin» diýen ordeni bilen sylaglanyldy.
* * *
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen Bekdurdy Amansaryýew pensiýa gitmegi sebäpli Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň başlygy wezipesinden boşadyldy.
* * *
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen Merdan Amanjanowiç Gazakbaýew Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň başlygy wezipesine bellenilip, ol «Watan» gazetiniň baş redaktory wezipesinden boşadyldy.
* * *
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen Tawus Baýramowna Kakaýewa «Watan» gazetiniň baş redaktory wezipesine bellenildi.
* * *
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen Baýramdurdyýew Magtymguly işde goýberen kemçilikleri üçin Türkmenistanyň oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri wezipesinden boşadyldy.
* * *
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen Maşaripow Jumanazar Allanazarowiç işde goýberen kemçilikleri üçin Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň häkimi wezipesinden boşadyldy.
* * *
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen Atajan Joraýewiç Rozyýew Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň häkimi wezipesine bellenildi.
* * *
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen Gylyjow Batyr işde goýberen kemçilikleri üçin Lebap welaýatynyň Döwletli etrabynyň häkimi wezipesinden boşadyldy.
* * *
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen Erkin Ýaňybaýewiç Açylow Lebap welaýatynyň Döwletli etrabynyň häkimi wezipesine bellenilip, ol Lebap welaýatynyň Döwletli etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy.
* * *
«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny» amala aşyrmak boýunça alnyp barylýan işleri talabalaýyk ýerine ýetirmek, bu ugurda geçirilýän işlere gözegçiligi güýçlendirmek, şeýle hem welaýatlary we Aşgabat şäherini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň we häkimleriň jogapkärçiligini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda:

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Çary Baýramowiç Gylyjow Ahal welaýaty;
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Baýramgeldi Orazgeldiýewiç Öwezow Balkan welaýaty;
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Gadyrgeldi Müşşikowiç Müşşikow Daşoguz welaýaty;
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanow Lebap welaýaty;
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Esenmyrat Orazgeldiýew Mary welaýaty;
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şamuhammet Durdylyýew Aşgabat şäheri boýunça jogapkär edilip bellenildi.
* * *
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen Rejep Şamyradowiç Çarygulyýew başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmekden hem-de Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy.
* * *
«Türkmenistanyň prokuraturasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy maddasyna laýyklykda Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda ýustisiýanyň geňeşçisi Döwlet Akmuhammedowiç Täşliýew başga işe geçmegi sebäpli Türkmenistanyň Baş prokurorynyň orunbasary, Baş müdirligiň müdiri wezipesinden boşadyldy.
* * *
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen Döwlet Akmuhammedowiç Täşliýew Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygynyň orunbasary wezipesine bellenildi.
* * *
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen Toýly Öwezgulyýewiç Mälikow Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygynyň orunbasary wezipesine bellenildi.
* * *
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen Sähetmyrat Gurbangeldiýewiç Kakyşow Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň başlygynyň orunbasary wezipesine bellenildi.
* * *
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen Begenç Hojagulyýewiç Goçmollaýew Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministriniň orunbasary wezipesine bellenildi.
* * *
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen Serdargeldi Orazdurdyýewiç Kuljanow «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň başlygynyň orunbasary wezipesine bellenildi.
* * *
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen Maral Rejepmyradowna Durdyýewa başga işe geçmegi sebäpli Lebap welaýatynyň häkiminiň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasary wezipesinden boşadyldy.
* * *
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen Jennet Orazmamedowna Geldymamedowa Lebap welaýatynyň häkiminiň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasary wezipesine bellenildi.
* * *
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň hem-de Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň işini has-da kämilleşdirmek, şeýle hem döwlet emlägine, şol sanda maliýe serişdelerine kanunçylyga laýyklykda eýelik edilişine, peýdalanylyşyna we ygtyýar edilişine gözegçiligi güýçlendirmek maksady bilen Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesi girizildi we ol şol bir wagtda Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy hem-de Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzasy bolup durýar.
Şeýle hem resminama laýyklykda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetinde gözegçilik bölümi açyldy we onuň düzümi tassyklanyldy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, garamagyndaky ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işine gözegçiligi gowşadandygy üçin Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Müşşikow Gadyrgeldi Müşşikowiçe käýinç yglan edildi.
* * *
Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri Serdarow Muhammetgeldi Nurgeldiýewiçe berk käýinç yglan edildi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek oňa soňky gezek duýduryldy.
* * *
Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin Türkmenistanyň Merkezi bankynyň başlygy Annadurdyýew Merdan Öwezowiçe berk käýinç yglan edildi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek oňa soňky gezek duýduryldy.
* * *
Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin Türkmenistanyň «Türkmenistan» döwlet täjirçilik bankynyň başlygy Hajyýew Meýlisgeldi Çarygeldiýewiçe berk käýinç yglan edildi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek oňa soňky gezek duýduryldy.
* * *
Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin Türkmenistanyň «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik bankynyň başlygy Jumagylyjow Jumagylyç Pirmuhammedowiçe berk käýinç yglan edildi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek oňa soňky gezek duýduryldy.
* * *
Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy Jepbarow Rahimberdi Jepbarowiçe berk käýinç yglan edildi.
* * *
Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin Türkmenistanyň Döwlet ösüş bankynyň başlygy Baýramow Serdar Agamyradowiçe berk käýinç yglan edildi.
* * *
Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň başlygy Aganiýazow Sahymyrat Abdyrahmanowiçe berk käýinç yglan edildi.
* * *
Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin «Halkbank» paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy Arabow Myrat Sapardurdyýewiçe berk käýinç yglan edildi.
* * *
Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy Täçmuhammedow Täçmuhammet Ýazmuhammedowiçe berk käýinç yglan edildi.
* * *
Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin «Rysgal» paýdarlar täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy Gurbandurdyýew Serdar Hojanazarowiçe käýinç yglan edildi.