Kerki etrabyndaky çörek kärhanasynyň zähmet adamlary ilaty çörek we çörek önümleri bilen bolelin üpjün edip, golaýlaşyp gelýän täze ýyly mynasyp üstünliklere besleýärler.
Çörek bişirijiler «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda çörek we çörek önümleriniň 4095 tonnasyny ilata ýetirdiler. Bu ýerde öndürilen önümleriň tagamy we hili ildeşlerimiziň göwnünden turýar. Kärhananyň baş ykdysatçysy Babajan Musaýew çörek we çörek önümleriniň onlarça görnüşiniň taýýarlanylýandygyny, olaryň «Höwesli», «Altyn däne», «Şöhlejik» ýaly görnüşleriniň ilatyň uly isleginden peýdalanýandygyny aýdýar. Çörek bişirijileriň yhlasly zähmetiniň netijesinde ilatyň saçaklarynda çörek we çörek önümleriniň bolçulygy gazanylýar.