"Türkmen gündogary" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Lebap welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Türkmenabat şäheri, S.A.Nyýazow şaýoly, 42
Telefon belgileri: 3-14-36, 3-26-83, 3-26-82
Email: turkmengundogary-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Gymmaty egsilmeýän eser

Hormatly Prezidentimiziň täze neşir edilen «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly düýpli ensiklopedik eseriniň XII jilti bütin halkymyzda uly gyzyklanma döretdi. Diýarymyzyň ajaýyp ýerleriniň owadan suratlary, ösümlikleriň atlarynyň rus-latyn-türkmen sözlügi we dermanlyk serişdeleri ýygnamagyň senenamasy kitabyň mazmunyny has-da baýlaşdyrýar. Kitabyň XII jilti 2 bapdan, 348 sahypadan ybaratdyr. Onuň birinji baby «Dermanlyk ösümlikleriniň häsiýetnamasy», ikinji baby «Maglumatnama» diýlip atlandyrylýar.

Saçaklaryňyz toýlara ýazylsyn!

Saçak keramata, mukaddeslige deňelýär. Saçak egsilmez berekediň çeşmesidir, bitewiligiň, agzybirligiň nyşanydyr. Çünki biz oňa Güneşe çalymdaş mele-myssyk çöregi dolaýarys. Saçagy mukaddeslige deňeýän pederlerimiz onuň başynda özüňi alyp barmagyň kadalaryny hem döredipdirler. Türkmençilikde çagyrylmazdan öň saçak başyna gelmeklik, saçak başynda eliňi ýere diräp oturmaklyk, nahary çep eliň bilen iýmeklik halanylmaýar. Bu talaplar dürli yrymlaryň, rowaýatdyr hekaýatlaryň, tymsallaryň üsti bilen ýaş nesillere öwredilipdir. Saçak başynyň kadalary perzentleriň ýaşlygyndan gursagyna guýlup, aňyna berk ornap, nesilden-nesle geçirilip, biziň günlerimizde-de derwaýyslygyny ýitirmän gelýär. Halkymyzyň saçak ýazmak ýörelgesi gelen myhmana goýýan çäksiz hormatyny aňladýar. Myhman hem özüne edilen hezzet-hormata: «Saçagyň berekedi artsyn!», «Saçaklaryňyz hemişe toýlara ýazylsyn!» diýen ýaly ýagşy dilegleri edýär. Bu bolsa sahawatly saçagyny göwni ýaly giňden açan adama egsilmez rysgal-bereket dilemegi, onuň öýüniň, maşgalasynyň abat bolmagyny aňladýar. Halkymyzyň saçak ýazmagynda şeýle çuň we uly many bar. Myhmanyň öňünde saçak ýazylmagy birek-birege sarpanyň, sahawatlylygyň, gadyr-gymmatyň we päk ýürekliligiň alamatydyr. Türkmen üçin saçaga sarpa goýmak maşgala, ynsana hormat goýmagyň alamaty hasaplanylýar. Çünki her bir türkmen gelen myhmana saçak ýazmak arkaly oňa öz sylag-sarpasyny, yn

Reňkleriň täsiri

Taryhy çeşmelerde «Ata-babalarymyz gadymy döwürde öz daş-töweregini Günüň hereketine görä dört tarapa bölüpdirler. Her tarapa bir at dakyp, olary özboluşly häsiýet, nyşan we reňk bilen tapawutlandyrypdyrlar. Mysal üçin, oguzlar gündogara gök reňk berip bahary, günorta gyzyl reňk berip tomsy, günbatara ak reňk berip güýzi, demirgazyga gara reňk berip gyşy aňladypdyrlar» diýlip bellenilýär. Diýmek, gadymyýetde pederlerimiz reňkleriň üsti bilen dürli pursatlary aňlatmagy başarypdyrlar. Şeýlelik bilen ýaşyl reňk il arasynda ýaşlygy, umyt-arzuwy aňladýar. Gyzyl reňk Günden gözbaş alyp, toý-baýramyň, şan-şöhratyň reňki hasaplanylsa, ak reňk milli däp-dessurlarymyza laýyklykda «Ak zat alnyňa ýagşy» diýlip, tämizlige deňelýär. Türkmenleriň toý däp-dessurlarynda diş çykaran çaganyň üstünden ak patragyň, täze gelen gelniň üstünden ak nogulyň seçilmegi hem şonuň üçin bolsa gerek. Munuň özi halkymyzyň durmuşynda reňkleriň uly mana eýedigini görkezýär. Şöhratly taryhymyzda hem reňkler hakyndaky dürli düşünjeler halkyň edim-gylymlarynda, däp-dessurlarynda öz beýanyny tapýar.

Milli terbiýede halk döredijiliginiň ähmiýeti

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe milli aňyýeti baýlaşdyrmakda, halkyň ruhy ýaşaýşyna oňyn täsir etmekde edebiýatyň, sungatyň we medeniýetiň ähmiýeti örän uludyr. Şonuň üçin hem ýaşlary terbiýelemekde halkymyzyň ruhy we milli gymmatlyklaryndan, edebi mirasymyzdan ugur alynýar. «Çagany — ýaşdan, edebi — başdan» diýlişi ýaly, halkymyz çagalara kiçiliginden ertekidir goşgularyň, sanawaçlaryň üsti bilen terbiýe berýär. Çaga terbiýesini edebiýatdan üzňe göz öňüne getirmek asla mümkin däl. Her bir maşgalada çaga milli mirasymyz, sungatymyz we edebiýatymyz arkaly Watany söýmek, ata-enä hormat goýmak ýaly gylyk-häsiýetler öwredilýär. Köküni gadymyýetden alyp gaýdýan, dürli döwürlerde taraşlanylyp, Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüne gelip ýeten milli edebiýatymyz, medeniýetimiz geljegimiz bolan ýaşlary terbiýelemekde, olary ylymly-bilimli adamlar edip ýetişdirmekde örän gymmatly gollanmadyr. Türkmen halkynyň akyl hazynasynyň esasy bölegi onuň asyrlaryň dowamynda döreden nakyllary we atalar sözleridir. Ähli zady durmuş terezisinde ölçemegi başaran ata-babalarymyz adamyň sözüne, hereketine, oturyp-turşuna seredip, onuň terbiýesine baha beripdirler. Şeýlelikde ajaýyp terbiýeçilik ähmiýetli eserleri döredip, nesillere miras goýupdyrlar.

Kämilligiň ýolunda

Türkmenabadyň Çagalar çeperçilik mekdebinde ýaşlaryň zehinlerini ýüze çykarmaga we ösdürmäge ýardam edilýär. Häzirki wagtda mekdepde çagalaryň iki ýüz otuza golaýy surat çekmegiň, haly dokamagyň, heýkel, küýze ýasamagyň usullaryny içgin öwrenýär. Okuwçylaryň günsaýyn kämilleşmekleri, höwesleriniň artmagy üçin bu ýerde tejribeli mugallymlar netijeli iş alyp barýarlar. ― Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygy bilen ýurdumyzda ýaşlaryň ylymly-bilimli bolmaklary, giň dünýägaraýyşly hem-de döwrebap terbiýelenmekleri üçin ähli şertler döredilýär. Ýaşlaryň kiçilikden zähmete höwesli, saýlan hünärlerinde ussat hem-de işbaşarjaň bolmaklary üçin welaýatlaryň ählisinde, şol sanda paýtagtymyzda Çagalar çeperçilik hem-de sungat mekdepleri açylyp, ulanylmaga berildi. Olarda çagalaryň bilim, terbiýe almaklary, hünär öwrenmekleri üçin zerur bolan ähli mümkinçilikler bar. Biz hem okuwçylaryň saýlan ugurlarynda barha kämilleşmeklerini gazanmak maksady bilen halypa suratkeşler, nakgaşlar bilen ýakyn aragatnaşyk saklaýarys. Geçirilýän bäsleşiklerde okuwçylarymyzyň gazanýan üstünlikleri bolsa bizi diýseň begendirýär we has yhlasly zähmet çekmäge ruhlandyrýar ― diýip, mekdebiň müdiri Rüstem Bazarow guwanç bilen gürrüň berýär.

Gar nädip emele gelýärkä?

Gar tozgajyklary gyş paslynyň bezegi we nyşany hasaplanylýar. Bu tozgajyklar ýerde bugaryp, ýokary galan suwuň bölejikleridir. Olar asmana göterilip, sowuklygy 40 gradus bolan bulutlara ýetende doňup, gar tozgajyklaryna öwrülýär. Şunlukda ýere gar ýagýar. Garyň 95 göterimi howadan düzülendir. Gar tozgajyklary alty burçly kristal bölejikleriniň şekilini emele getirýär. Olar ýokardan aşak gaýdanda 0,1 millimetr diametrli bolup, howa bilen garyşyp ýere düşýänçä ulalýar. Taryhda garyň diňe bir ak däl, eýsem, gyzyl, ýaşyl, gök, çal, hatda gara reňkli bolup ýagan wagtlaryna-da gabat gelnipdir. 1969-njy ýylda Täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasynda Şwesiýada gara reňkli gar ýagypdyr. Barlaglaryň netijesine görä, garyň gara reňke boýalmagy daşky gurşawyň hapalanmagy bilen baglanyşykly bolupdyr. 1887-nji ýylda ABŞ-nyň Montana ştatynyň ýaşaýjylary iň uly gar tozgajygynyň ýaganyny synlapdyrlar. Onuň ölçegi 15x8 dýuým ýagny, 28 santimetre deň bolupdyr.

Kanagatly kişi

Ýaşulularyň aýtmaklaryna görä, Halaç etrabynyň Etbaş obasynyň bir çetinde Hudaýguly atly ezber bagban ýaşapdyr. Onuň uly bagy bar eken. Miweli daragtlar hasyl berip başlandan soň obanyň käbir ýaş-ýeleňleri gijelerine baga girip, bibaşlyga ýüz urup başlapdyrlar. Ýere garylyp depgilenilen miweleri, döwlüp ýerde ýatan şahalary görüp, bagbanyň nebsi agrapdyr. Ol obanyň kethudasynyň ýanyna baryp, her günki ýagdaýy bolşy-bolşy ýaly gürrüň beripdir, ýöne ogrynyň kimdigini bilmek islemeýändigini aýdypdyr. «Olar öz obamyzyň oglanlarydyr, soň men olary ömürlik ýadymdan çykaryp bilmän kösenerin. Şonuň üçin hem sizden bir haýyşym bar. Kime alma, erik, garaly, üzüm ýa-da başga miwe gerek bolsa ýanyma gelibersin. Men olara daýhanyň, Hudaýyň haky üçin mugtuna bererin. Ýöne gijelerine gelip, agaçlaryň şahalaryny döwmesinler. Şu habary adamlara ýetirip berseňiz!» diýip, haýyş edipdir. Obanyň kethudasynyň we ýaşulularyň kömegi bilen bu habar tizden il arasyna ýaýrapdyr. Şondan soň ogurlyk edilmändir. Uly-kiçi bagbanyň ýanyna gelip, gerek miwesini sorap mugtuna, köpräk gerek bolsa arzan bahadan satyn alyp başlapdyr.

Ezberlere — ýeňiş hemra

Golaýda Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesinde erkekleriň we zenanlaryň arasynda badminton boýunça Türkmenistanyň açyk çempionaty boldy. Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi bilen Türkmenistanyň badminton federasiýasynyň bilelikde guramaklarynda geçirilen bu ýaryşa türgenleriň 30-a golaýy gatnaşdy. Üç günläp dowam eden ýaryşda türgenler jübütleýin hem-de şahsy görnüşde bäsleşdiler. Zenanlaryň arasynda lebaply Rozygül Jumaniýazowa has şowly çykyş etdi. Ol jübütleýin görnüşde Ýana Sarkisýan bilen çykyş edip, altyn medala mynasyp boldy. Şahsy görnüşde-de Rozygül ikinji orny eýeläp, kümüş medal gazandy.

Saglyk size ýaran bolsun!

Şahsy arassaçylyk düzgünlerini berk berjaý ediň, gündelik ulanýan öý goşlaryňyzy we zähmet gurallaryňyzy hem päkize saklaň! Elleriňizi sabyn bilen ýuwuň, zyýansyzlandyryjy serişdeler bilen tämizläň! Ýüzüňizi ellemegi endik edinmäň!

Jümle-jahan habarlary

Dünýäniň iň uly drony Amerikanyň «Aevum» hususy kompaniýasy dünýädäki iň uly drony öndürdi. «Ravn X» atly bu dron emeli hemralary ýer togalagynyň orbitasyna çykarmak üçin ulanylar. Doly özbaşdak işleýän, uçarmansyz dron 1,6 kilometr uzynlykdaky uçuş-gonuş zolaklaryndan uçmaga we özbaşdak gonmaga ukyplydyr. Kompaniýanyň hünärmenleriniň bellemeklerine görä, «Ravn X» dronynyň uzynlygy 24 metre, ganatlarynyň uzynlygy bolsa 18 metre barabar bolup, ol islendik howa şertlerinde uçmaga ukyplydyr.

Belent maksatlara tarap ynamly gadamlar bilen

30-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Täze ýylyň öňüsyrasynda Ruhyýet köşgünde Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň şu ýyl üçin bilelikdäki soňky mejlisini geçirdi. Şeýle hem mejlise Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleri çagyryldy. Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa söz berildi. Ol döwlet Baştutanymyzyň geljek ýylyň şygaryny we nyşanyny kesgitlemek boýunça öňde goýan wezipeleriniň ýerine ýetirilişi barada maglumat berdi. 2021-nji ýyly «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýip yglan etmek hakyndaky teklip öňe sürüldi hem-de Täze ýylyň nyşanynyň taslamasy milli Liderimiziň garamagyna hödürlenildi.

Resmi habarlar gysga setirlerde

30-njy dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşler ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklaryň depginli ösýändigini bellediler. Syýasy partiýalaryň hem-de kanun çykaryjy edaralaryň arasyndaky özara gatnaşyklary işjeňleşdirmäge, mundan beýläk göni aragatnaşyklary hem-de alyşmalary höweslendirmäge taýýarlyk beýan edildi.

Rysgal bolup geldi, bagt bolup geldi

welaýatymyzyň ilaty köne ýyl bilen hoşlaşyp, Täze, 2021-nji ýyly uly dabaralar bilen garşy aldy Güneşli Diýarymyzda «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýen şygar astynda geçen köne ýyly taryha ugradyp, Täze — 2021-nji ýyly garşylamaklyga bagyşlanan toý-dabaralar uludan tutulýar.

Täzelikleriň ýyly boldy

Ýyllaryň şöhraty goýnunda bitirilen işleriň derejesi bilen ölçelýär. Taryha altyn harplar bilen ýazylan 2020-nji ýylda hem ýurdumyzyň edara-kärhanalarynda bitirilen işler, ýola goýlan täze önümçilikler barada aýdara-diýere zat kän. Gazetimiziň baýramçylyk sanynda biziň welaýatymyzdaky edara-kärhanalaryň önümçilik täzelikleriniň käbirini ýatlap geçmegi makul bildik. Merkezi Aziýada iň uly keramiki-bezeg önümlerini öndürýän kärhana. Hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk şanly toýunyň bosagasynda «Döwletli döwran» hojalyk jemgyýeti tarapyndan Halaç etrabynda açylan täze kärhanada keramiki-bezeg önümleriniň ýylda 200 müň tonna golaýyny öndürmäge mümkinçilik bolar. Muny täze kärhanadaky işleriň ilkinji depgini hem tassyklaýar. Işläp başlanyna heniz bir aý hem geçmedik kärhanada her gün 500 ― 550 tonna çenli önüm öndürilýär. Robot tehnologiýasy bilen işleýän kärhananyň önümlerine eýýäm daşary ýurtlardan isleg hem kän.

Täze ýylyň eýjejik bagty

Çagakak ürç edip okaýan Täze ýyl goşgularymyzyň biri: «Täzeden täze bagtyAlyp gelen Täze ýyl...»

Arassaçylyk saglygyň girewidir

Elmydama elleriňi arassa saklamaly, sabyn bilen ýygy-ýygydan ýuwmaly we zyýansyzlandyryjy serişdeleri ulanmaly. Agyz-burun örtügini