"Türkmen gündogary" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Lebap welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Türkmenabat şäheri, S.A.Nyýazow şaýoly, 42
Telefon belgileri: 3-14-36, 3-26-83, 3-26-82
Email: turkmengundogary-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Baýrakly basgançaklarda

Türkmenistan ― parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynyň ilkinji günleri şatlykly, buýsançly wakalara beslenýär. Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan ýurdumyzyň zehinli ýaşlarynyň birnäçesine Gulbaba adyndaky Çagalar baýragy gowşuryldy. Farap etrabyndaky 18-nji orta mekdebiň 5-nji synp okuwçysy Aýlar Semenderowa hem şu baýraga mynasyp bolmak bagty miýesser etdi. Aýlar küşt oýnamagy gowy görýär. Ol orta mekdepde-de derslerine gowy ýetişýär, sportuň bu görnüşi bilen hem yzygiderli meşgullanýar. Olaryň tutuş maşgalasy küştüň muşdaklary.

Garly gün

Göwnüme bolmasa, täze ýylyň hökümini ýöredip başlan ilkinji pursatlaryndan bäri her gün diýen ýaly saba-säher bilen akja garyň sepelemeginde üýtgeşik bir hikmet bar ýaly. Näme üçindir gyş günleri akja gar ýagan çagynda men üýtgeşik bir gudrata duşaýjak ýaly täsin duýgulary başdan geçirýärin. Ine, onsoň şeýle pikir-hyýallarym bilen şu gün hem işe barmaly wagtymdan biraz öňräk öýden çykdym-da, şol gudrata duşmak üçin gar basan ap-akja ýodadan ýöräp başladym. Säheriň şu çagynda şäher şeýle bir ak, şeýle bir ak, birje syýa degmedik akja kagyza meňzeýärdi. Eliňe galam alyp, ajaýyp sungat eserini döredibermeli...

Arassaçylyk saglygyň girewidir

Her bir adam şahsy arassaçylyk düzgünlerini doly we dogry berjaý etmelidir. Şeýle edilse, onda birnäçe ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni alyp bolar. Keseller hapa ellerden, talabalaýyk bişirilmedik iýmit önümlerinden we arassalanylmadyk suwdan hem geçýär. Ýokanç kesellerden goranmak üçin hem-de sagdyn we berk bedenli bolmak üçin biziň her birimiz kadaly iýmitlenmelidiris, zähmet we dynç alşy sazlaşykly gurap, yzygiderli fiziki maşklar bilen meşgullanmalydyrys.

Durnukly ösüşi üpjün etmegiň ýolunda

8-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen täze, 2021-nji ýylda sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň ilkinji mejlisini geçirdi. Oňa Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleri hem gatnaşdy. Mejlisde döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmegiň meýilnamalary, şeýle hem şanly senäniň — Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy we şu ýylyň şygary mynasybetli geçirilmegi meýilleşdirilen çäreleriň maksatnamalary üns merkezinde boldy.

Resmi habarlar gysga setirlerde

Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021—2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy hem-de şol maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy. Degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri Döwlet maksatnamasynyň amala aşyrylmagyny üpjün etmäge borçly edildi.

Täzelikler

Türkmenabat şäherinde ýerleşýän «Lebapetönümleri» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň zähmet adamlary täze ýylyň ilkinji günlerini zähmet üstünliklerine besleýärler. Olar welaýatymyzyň ilatynyň saçaklarynda et we et önümleriniň bolçulygyny döretmäge uly goşant goşýarlar. Geçen ýylda bu ýerde 60 tonna 580 kilogram et we et önümleri öndürildi. Jemgyýetiň baş hasapçysy Atajan Jumabaýew şu ýyl bu görkezijiniň 100 tonna ýetirilmeginiň meýilleşdirilýändigini aýdýar. Şu günlerde ilatyň saçagyna şöhlat önümleriniň 18 görnüşi ýetirilýär. Ýarym kakadylan birinji derejeli «Daşrabat», «Hazar», «Aşgabat», «Köýtendag» ýaly şöhlat önümleriniň gaýnadylan görnüşleri, guş etinden taýýarlanylan «Saýatly» şöhlaty, «Sähra» ýaly büzmeçler ýokary hilliligi bilen tapawutlanýar. Talap edilýän kadalara laýyklykda taýýarlanylýan önümleriň hili alyjylaryň göwünlerine ýaraýar. Welaýat boýunça döwlet we hususy eýeçiligindäki söwda dükanlarynda ýerleşdirilen paýdarlar jemgyýetiniň sowadyjylarynyň 280-si önümleri alyjylara terligine ýetirmek üçin ulanylýar.

Nurana ertirleriň synmaz sütüni

Senenamamyzda ХXI asyryň 21-nji ýylynyň hasabynyň ýöräp ugranyna eýýäm bir hepdeden gowrak wagt geçdi. Gelen ýylyň ilkinji alamatlarynyň ýakymynyň her kimiň hem ýyly duýgularyny yzarlamagy tebigat bilen ynsanyň arasyndaky sazlaşygyň netijesi diýsek ýalňyş bolmasa gerek. Aslyýetinde, şeýle sazlaşyk milli senenamamyzdaky taryhy wakalar bilen biziň ýürek buýsanjymyzyň arasynda hem bar. Ol öz milli aýratynlygy boýunça ýokary gymmatlyk derejesine göterilen beýik sazlaşykdyr, aňyýetimiziň ruhy çeşmesi hökmündäki belentligi boýunça elýetmez çyragdyr. Bu mukaddeslikleriň gözbaşynda milli Liderimiziň durmagy bolsa türkmen döwletini parahatçylykly ýaşaşmagyň we özara ynanyşmagyň bütindünýä sazlaşygynyň öňbaşçylarynyň hataryna çykarýar.

Ösüşli ýollarda ynamly gadamlar

Soňky ýyllarda ýurdumyzyň ähli pudaklarynda üstünlikli amala aşyrylýan özgertmeleriň we depginli ösüşleriň ajaýyp miweleri eşretli ertirimize bolan ynamy has-da artdyrýar. Halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşyny üpjün etmekde gazanylýan üstünlikler bolsa hatarlanyp, biri-biriniň üstüni ýetirip dur. Ýylyň ýyldan zyýada bolşy ýaly, 2020-nji ýyl tutuş halkymyz üçin hem, ýurdumyz üçin hem buýsançly wakalara baý ýyllaryň biri boldy. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen yglan edilen «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýyly ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşy bilen baglanyşykly dürli syýasy wakalary özünde jemledi. Hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk ýubileýi mynasybetli ýylyň tutuş dowamynda geçirilen çäreler, duşuşyklar, halkara maslahatlary ýurdumyzyň bu hukuk derejesiniň halkara ähmiýetini has hem artdyrdy. Bilşimiz ýaly, üstünlikli jemlenilen ýylymyzda hormatly Prezidentimiziň tutumly başlangyçlary esasynda Halk Maslahatynyň hukuk ýagdaýyny kämilleşdirmek bilen baglanyşykly Konstitusion özgertmeleriň nobatdaky tapgyry geçirildi. «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Konstitusion Kanunyň halk köpçüligi tarapyndan makullanylmagy we kabul edilmegi ýylyň ýatda galyjy pursatlarynyň biri boldy. Bu Konstitusion kanuna laýyklykda döwlet häkimiýetiniň kanun çykaryjy wekilçilikli edarasynyň iki palataly gurluşynyň döredilmegi bilen bagly milli parlamentimi

Tehnikalar taýýarlyk hatarynda

Ýurt Garaşsyzlygy ýyllarynda ykdysadyýetiň beýleki pudaklary bilen birlikde oba hojalyk pudagynda hem düýpli özgerişlikler bolup geçdi. Pudaga ýolbaşçylyk edilişiniň kämilleşdirilmegi, daýhan birleşikleriniň giňden goldanylmagy, ýer eýeleriniň ýokary öndürijilikli zähmet çekmekleri üçin giň mümkinçilikleriň döredilmegi netijesinde ene toprakdan alynýan önümleriň möçberleri düýpli artdyryldy. Şonuň netijesinde ýurdumyzda ilaty zerur azyk önümleri bilen üpjün etmek wezipesi üstünlikli çözülýär. Hormatly Prezidentimiz pudagyň meselelerine uly döwlet syýasatynda ilkinji derejeli üns bermek bilen, möhüm çözgütleri kabul edýär. Oba hojalyk önümlerini öndürijilere tehnikalary we iş gurallaryny satyn almak üçin banklardan ýeňillikli, uzak möhletli karz serişdeleri uly möçberlerde berilýär. Şonuň netijesinde oba hojalygyna tehniki taýdan hyzmat edýän kärhanalaryň we daýhan birleşikleriniň tehnika parky düýpli täzelenýär. Bu bolsa kuwwatly tehnikalaryň daýhanlaryň hakyky daýanjyna öwrülmegini şertlendirdi. Hut biziň welaýatymyzyň ekerançylyk meýdanlarynda hem ABŞ-nyň, Germaniýanyň, Gollandiýanyň, Türkiýäniň we dünýäniň senagat taýdan ösen beýleki döwletleriniň meşhur kompaniýalarynda öndürilen ygtybarly we ýokary öndürijilikli tehnikalaryň güýjünden giňden peýdalanylýar. Ýeri gelende olara wagtly-wagtynda tehniki hyzmat etmek, abatlamak işleriniň üstünlikli ýola goýulýandygyny bellemek

Hem döwletliligiň, hem ömrüň ýörelgesi

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitabynyň «Zeminiň abatlygy ― ýaşaýşyň ebediligi» diýlip atlandyrylýan ikinji bölümi 50 sahypa çemesi aralygy eýeleýär. Ýöne şol sahypalaryň jümmüşine siňip başlaýarsyň welin, pikirleriň giden bir ummanyny boýlap ýörene dönýärsiň. Pikirler rowaýatlar, rowaýatlar durmuş hakykaty bilen utgaşyp, seni şeýle bir özüne baglaýar welin, wagtal-wagtal gözleriňi setirleriň arasyndan aýryp, «Asyl, şeýle eken-ow!» diýip, çuňňur oýa çümýärsiň. «Zeminiň abatlygy» diýlen düşünjä şygyr ýa-da kyssa eserlerinde kän gabat gelendiris. Ýöne «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» okyjyny bu düşünjäniň çuňlugyna ýene bir ýola nazar aýlamaga imrindirýär. Zemin ― ähli janly-jandarlaryň, şol sanda adamzat bilen tebigatyň biri-biri bilen sazlaşykda ýaşaýan ýeri. Şonuň üçin onuň abatlygyny gazanmak hem adamyň, hem tebigatyň goýnundaky beýleki ýaşaýjylaryň iň mukaddes borçlarynyň biri. Milli Liderimiz bu düşünjä «Dünýäniň owadanlygy, tebigy deňagramlylygyň hemişelik saklanmagy» diýip, kesgitleme berýär.

Gadymy Amul

Amyderýanyň orta akymy taryhy ýadygärliklere örän baý ýer hasaplanylýar. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda bellenilişi ýaly, welaýatymyzyň çäginde orta asyrlar zamanynda gülläp ösen şäherleriň onlarçasy bolupdyr. Olaryň käbiri biziň günlerimize çenli gelip ýetipdir. Şol ýadygärlikleriň biri-de gadymy Amul galasydyr. Kuşanlylaryň agalyk eden döwründe Amyderýanyň orta akymynda ýerleşen bu şäheriň ady ýazuw çeşmelerinde soňrak agzalyp başlansa-da, ol alymlaryň aýtmaklaryna görä, Beýik Ýüpek ýolunyň hereket edip başlan döwründen has ir, ýagny biziň eýýamymyzdan öňki II asyrda döräpdir. Alymlar Amul şäherinde tapylan arheologiki tapyndylary öwrenip, şäheriň ýaşyny takmynan, 2100 — 2200 ýyl töweregi diýip çak edýärler. Bu şäher Amyderýanyň çep kenarynda, derýanyň 12 kilometr günorta-günbatarynda ýerleşýär. Amul orta asyrlarda 200 gektara golaý meýdany eýeläpdir. Amulyň golaýynda örän amatly derýa geçelgesi bolupdyr. Mundan iki müň ýyl ozal hem syýahatçylar, ötegçiler, söwdagärleriň ýükli kerwenleri Hytaýdan Horezme, Hindistana, Aziýanyň beýleki ülkelerine, Gündogar Ýewropa ýurtlaryna gatnap, Amyderýanyň üsti bilen suw we gury ýer arkaly söwda edipdirler. Şol sebäpli Amul Beýik Ýüpek ýolunyň gury ýer hem-de suw gatnawynyň çatrygyndaky iri merkeze öwrülipdir. Taryhçy Makdisiniň ýazgylarynda bellenilişi ýaly, X asyrda Amul şäheri zygyr,

Howa ýagdaýyny nazarda tutmaly

Sürüjiler ýylyň islendik paslynda hem ulaglaryny howa ýagdaýyny nazarda tutup, bellenilen düzgünlere laýyklykda dolandyrmalydyrlar. Bu kada gyş paslynda has möhüm ähmiýete eýe bolýar. Sebäbi howanyň sowamagy, ygallaryň ýagmagy ýollaryň sürçek bolmagyna getirýär. Şeýle günlerde ümrüň döremegi bolsa sürüjilerden we herekete beýleki gatnaşyjylardan örän ünsli we seresap bolmagy talap edýär. Şeýle tebigy hadysa dörände garagörnümiň ýeterlik däldigine gabara çyralaryna goşmaça ýakyn aralyga yşyk berýän çyralar, ümre garşy çyralar we yzky ümre garşy çyrajyklar ýakylyp bilner. Ümre garşy çyralar şu aşakdaky ýagdaýlarda ulanylýar: — garagörnümiň aýyl-saýyl däl ýagdaýynda aýratynlykda, şeýle hem ýakyn ýa-da uzak aralyklara yşyk berýän çyralar bilen bilelikde;

Edep-ekramyň gözbaşy

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe halk hakydasynda müdimilik orun alan milli terbiýeçilik mekdebimiz ýaş nesli watançylyk ruhunda kemala getirmek üçin esasy ýörelgedir. Bu terbiýeçilik mekdebinde hoşniýetlilik we dostluk tuguny parladan ata-babalarymyzyň ajaýyp nusgalyk häsiýetleri orun alandyr. «Çagany — ýaşdan, edebi — başdan» diýen danalarymyzyň pähimlerinde nygtalyşy ýaly, biziň ene-mamalarymyz çagany dünýä inen ilkinji günlerinden başlap terbiýelemegi dogry hasap edipdirler. Asyrlaryň synagyndan geçen milli terbiýe mekdebinde ýaşlarda ahlak edep kadalarynyň kemala gelmegi bilen bir hatarda, olaryň ykbalyna täsir etjek zehinini açmaga-da üns beripdirler. Çünki has ir döwürlerde-de çaganyň basyrylgy tebigy zehinini oýunlaryň üsti bilen açmaklyk asylly ýörelgä öwrülipdir. Bäşdaş, bukuldym, topargaçdy, gurjakgoş ýaly oýunlar nesil terbiýesiniň jogapkärçilikli tarapyny açyp görkezýär.

Ak alkyşlar mukam bolup ýaňlanýar

Milli Liderimiziň ýaş nesliň heniz mekdep okuwçysyka belli bir hünäriň başyny tutmagy, ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny açmak bilen bagly bildirýän talaplary welaýatymyzyň Döwletli etrabynda hem netijeli durmuşa geçirilýär. Etrapdaky çagalar sungat mekdepleriniň ikisinde jemi 24 bölüm hereket edip, olarda çagalaryň 260-a golaýy sungatyň dürli ugurlary boýunça bilim alýar. Etrap merkezindäki çagalar sungat mekdebinde ýaşlaryň 103-sine bilim berilýär. Bu mekdepde 10 bölüm hereket edip, onda çagalar dutar, gargy tüýdük ýaly milli saz gurallarymyz bilen birlikde klarnet, fleýta, plektrli dutar, fortepiano ýaly saz gurallaryny, şeýle-de sungatyň bagşyçylyk, nakgaşçylyk ýaly görnüşlerini özleşdirýärler. Sungat mekdebinde olara 20-den gowrak mugallym bilim berýär. Mugallymlaryň arasynda hemişelik şu mekdeplerde işleýänleri hem, başga mekdeplerden gelýän utgaşdyryjy mugallymlar hem bar. Bu ýerde tejribe ýüki ýetik halypalaryň hem, ýokary we ýörite hünär okuw mekdeplerini ýakynda tamamlan ýaşlaryň hem bardygyny aýtmak gerek. Ýeri gelende aýtsak, etrapdaky çagalar sungat mekdepleriniň ikisiniň hem ýaş mugallymlary bu mekdepleriň ozalky uçurymlarydyr. Bu gün sungat ýoluna ilkinji gadam goýan mekdeplerinde işlemek, ýaş nesliň sungata bolan söýgüsini artdyrmak olar üçin belent mertebe.

Ynsan saglygyna melhem şypahana

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda halkymyzyň saglygyny goramak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen açylyp, ulanylmaga berlen şypahanamyzda-da raýatlarymyzyň saglygyny dikeltmekde, keselleriň öňüni almakda uly işler alnyp barylýar. Jeýhunyň sag kenarynda — Farap etrabynyň Hanoba geňeşliginiň Goýgala obasynda ýerleşýän bu ajaýyp şypahananyň tebigy suwunyň bejeriş täsiri 1958-nji ýyldan bäri mälimdir. Ol şol ýerde geologiýa-barlag ekspedisiýasy tarapyndan gözleg işleri geçirilende, 900 metr çuňlukdan öz akymyna çykýan mineral suwly guýynyň ýatagy açylmagy sebäpli ýüze çykaryldy. Mineral suwuň ýylylygy bütin ýylyň dowamynda 39 gradus bolup, onuň düzüminde 32-den gowrak elementiň bardygy anyklanyldy. Suwuň adam bedenine şypaly täsir edýändigi ylmy esasda tassyklanyldy.

Tebigat geýinip akja köýnegin, ýyly garşylady gözellik bilen

Tebigatyň ähli pasly biri-birinden owadan. Hamala, olar biri-biri bilen owadanlykda bäsleşýän ýaly. Edil şu günler bolsa gözel tebigatymyz has-da owadanlyga beslenipdir. Dogrusy, ol geýinip akja köýnegin, ýyly garşylapdyr gözellik bilen. Gar reňkli ulagymyz günorta gitdigiçe, görýän gözelligiňe aklyň haýran galýar. Ulagy saklap, tebigat bilen gaýybana gürleşesiň, onuň goýnunda surata düşesiň gelýär. Tebigat saýlap-saýlap, şeýle bir owadan köýnegini geýipdir welin, edil durmuşa çykjak gyzy ýadyňa salýar. Onuň akja köýneginde ýiti ýylpyldylar öwşün atyp, çar ýana şöhle saçýar.

Saglygymyz — baýlygymyz

Elleriňizi sabyn bilen ýuwuň, zyýansyzlandyryjy serişdeler bilen tämizläň! Öýden daşary çykanyňyzda agyz-burun örtügini dakynyň!

Jümle-jahan habarlary

«A-68» aýsbergi ikä bölündi Ýewropanyň kosmiki gullugy (EKA) dünýäniň iň uly «A-68» aýsberginiň ikä bölünendigini habar berdi. Indi alymlar äpet buz bölekleriniň hereketini yzarlamaly bolarlar. Aýsbergiň ikä bölünmeginiň sebäbi heniz belli däl. Emma alymlar onuň Günorta Georgiýanyň kenarynyň onlarça kilometrlik ýalpaklygyna tarap ýüzmegi zerarly bu ýagdaýa gelendigini çaklaýarlar. Aýsbergiň ýalpaklyga golaýlaşmagy we onuň ummanyň düýbüne degmegi zerarly bu äpet buz böleginiň bölünmegine alymlar öňräkden bäri garaşýardylar. Şeýle hem olar soňky birnäçe günüň dowamynda «A-68-iň» sagat diliniň ugruna hereket edip aýlanandygyny-da belleýärler. Umumy meýdany 4200 inedördül kilometr bolan bu buz bölegi indi ep-esli kiçeldi. Onuň bölünip aýrylan bölegi 175 inedördül kilometre barabardyr. Alymlar «A-68-iň» ýuwaş-ýuwaşdan has kiçi böleklere-de bölünmeginiň mümkindigini çaklaýarlar. Emma munuň üçin ýene ençeme ýyllaryň gerek boljakdygy hem anyk.

Hyzmatdaşlygyň gerimi giňeldilýär

7-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze işe başlan Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şin Sung-çuly kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda deňhukuklylyk we özara bähbitlilik esasynda ýola goýlan köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy. Iki ýurduň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek boýunça gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişine möhüm ähmiýet berildi.

Resmi habarlar gysga setirlerde

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Mun Çže Inden hat gelip gowuşdy. Onda: «Jenap Şin Sung-çuly Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine belleýändigimi Siziň Alyhezretiňize hormat bilen habar berýärin. Jenap Şin Sung-çuluň özüniň belent abraýy hem-de ýokary ukyplylygy bilen biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlugy mundan beýläk-de berkitmek we özara bähbitleri ilerletmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynanýaryn» diýlip bellenilýär. * * *