Garly gün

13 Ýanwar 2021
2546

Göwnüme bolmasa, täze ýylyň hökümini ýöredip başlan ilkinji pursatlaryndan bäri her gün diýen ýaly saba-säher bilen akja garyň sepelemeginde üýtgeşik bir hikmet bar ýaly. Näme üçindir gyş günleri akja gar ýagan çagynda men üýtgeşik bir gudrata duşaýjak ýaly täsin duýgulary başdan geçirýärin.

Ine, onsoň şeýle pikir-hyýallarym bilen şu gün hem işe barmaly wagtymdan biraz öňräk öýden çykdym-da, şol gudrata duşmak üçin gar basan ap-akja ýodadan ýöräp başladym. Säheriň şu çagynda şäher şeýle bir ak, şeýle bir ak, birje syýa degmedik akja kagyza meňzeýärdi. Eliňe galam alyp, ajaýyp sungat eserini döredibermeli...

Ranogül BAÝNAZAROWA,
Köýtendag etrabynyň Magdanly şäherindäki çagalar sungat mekdebiniň mugallymy.