Arassaçylyk saglygyň girewidir

13 Ýanwar 2021
1954

Her bir adam şahsy arassaçylyk düzgünlerini doly we dogry berjaý etmelidir. Şeýle edilse, onda birnäçe ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni alyp bolar.

Keseller hapa ellerden, talabalaýyk bişirilmedik iýmit önümlerinden we arassalanylmadyk suwdan hem geçýär. Ýokanç kesellerden goranmak üçin hem-de sagdyn we berk bedenli bolmak üçin biziň her birimiz kadaly iýmitlenmelidiris, zähmet we dynç alşy sazlaşykly gurap, yzygiderli fiziki maşklar bilen meşgullanmalydyrys.