"Türkmen gündogary" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Lebap welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Türkmenabat şäheri, S.A.Nyýazow şaýoly, 42
Telefon belgileri: 3-14-36, 3-26-83, 3-26-82
Email: turkmengundogary-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Köpetdag — täsinliklere baý mekan

Türkmen — Horasan daglarynyň demirgazyk şahasy bolan Köpetdagyň özboluşly ösümlik dünýäsi bar. Dagyň eňňitlerinde we jülgelerinde ösümlikleriň 1500-e golaý görnüşi ösüp, olardan 300-si diňe şu ýerlerde duş gelýär. Olar barada Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynyň ylym bölüminiň başlygy Ahmetjan Sadykow şeýle gürrüň berýär: — Gojaman Köpetdag tebigy özboluşlylygy we aýratynlygy bilen tapawutlanýar. Onuň köp bölegi gurak subtropiki howa zolagynda ýerleşýär. Dagyň landşafty, esasan, daşly dag ulgamyndan, meýdanynyň ujypsyz bölegi bolsa toýunsow dag pesliginden ybaratdyr. Sebitdäki uzynlygy we çuňlugy dürli-dürli bolan dag jülgeleriniň köpüsinde ýylboýy akýan suw akabalary bar. Bu bolsa ýerli ösümlikleriň häsiýetli aýratynlyklaryny kesgitleýär.

Guşlar

Mundan 150 million ýyl öň — ýura döwründe ilkinji guşlar peýda bolupdyr. Guşlaryň nesil başlangyjy ylymda entek belli däl. Çaklamalara salgylansaň, olar gadymky süýrenijilerden — ýura döwri başlamazyndan öňürti triýasda ýaşap geçen psewdozuhilerden gelip çykypdyr. Guşlaryň köpüsi howada uçmaga uýgunlaşandyrlar. Olaryň dünýäde 9 müňe golaý görnüşi bolup, olar pingwinler, düýeguşlar, tersaýakşekilliler, gaýbuşlukçylar, gotanşekilliler, leglekşekilliler, gyzylgazşekilliler, gazşekilliler, laçynşekilliler, towukşekilliler, durnaşekilliler, çulukşekilliler, kepderşekilliler, totuguşlar, ikatýokşekilliler, baýguşşekilliler, gündizkörşekilliler, atgarlawaçşekilliler, guş-syçanlar, trogonlar, gökgarlakşekilliler, doňuzguşşekilliler, serçeşekilliler ýaly toparlara bölünýärler. Guşlaryň bedeniniň ýelek bilen örtülenligi, uçmaga ukyply bolýanlygy, bedeniniň gyzgynlygynyň hemişe bir derejede ýokary (37,80 — 45,50) bolýanlygy, ýüreginiň dört kameralydygy, ýumurtga (1-24 çenli) guzlap köpelýänligi, öň aýaklarynyň ganata öwrülendigi olaryň esasy aýratynlygydyr. Guşlaryň iri sütükleri (ganat, guýruk, örtük ýelekleri) we ýelekleri bolýar. Guşlar örän özüneçekiji, guwandyryjy, ruhuňy göterijidir. Olar oňurgaly haýwanlaryň arasynda has bezemenleridir. Ýakymly owazlary, görnüşleriniň dürlüligi we sany boýunça gury ýerde ýaşaýan haýwanlaryň olar bilen bäsleşip biljekleri ýok. Guşlar zeminiň ähli ý

Janly-jandarlar dünýäsi

Haýwanat dünýäsinde iň az ýaşaýan jandar suw siňegidir. Onuň 1 günlük ömri bar. * * *

Sazak

Türkmenistanyň tebigatynyň özboluşly ösümlik we haýwanat dünýäsi bar. Gözel tebigatymyzyň ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamak maksady bilen döwletimizde goraghanalar we çäkli goraghanalar hereket edýär. 1928-nji ýylyň oktýabr aýynda Repetegiň daş-töweregindäki tebigatyň ajaýyplygyny goramak maksady bilen Repetek döwlet biosfera goraghanasy döredildi. Onuň tutýan meýdany 34600 gektara barabar bolup, bu ýerde çöl landşaftynyň ähli görnüşleri bardyr. Häzirki wagtda goraghananyň ösümlik dünýäsi 189 görnüşli bolup, şolardan sazak köpýyllyk agaç ösümligidir. Onuň köki çölde suw gatlagyna ýetýänçe, 18—20 metre çenli ösýär. Bu ösümlik jöwzaly yssa çydamly bolup, şahalarynda tiken görnüşli ösüntgileri bardyr. Sazak Garagumda iň köp ýaýran we tomsuň yssy hem-de gurak günlerinde öz durkuny saklaýan ösümlikleriň biridir. Sazak tokaýlyklary hem türkmen tebigaty, Garagum sährasy, onuň ösümlik dünýäsi ýaly müňýyllyklaryň dowamynda köpdürlüligini saklap, ýurdumyzyň esasy baýlygy, dünýäniň ylmy jemgyýetçiliginiň uly gyzyklanma bildirýän gymmatlygy bolup durýar.

Saýýaralar hakynda

Aýda gyzgynlyk käte 120 derejä, Marsda we beýleki saýýaralarda 400—500 derejä, sowuk bolsa 273 derejä çenli ýetýär. Ýeriň atmosferasy Günden gelýän zyýanly şöhleleri saklap, peýdalylaryny ýere goýberýär. Arşdan gelýän zyýanly şöhleler we meteoritler atmosferanyň içine girip bilmeýärler, girseler-de ýanyp ýok bolýarlar. * * *

Garynjalar — peýdaly jandarlar

Halkymyz bu jandarlary zähmetsöýerligiň, agzybirligiň, güýçlüligiň nyşany hasaplaýar. Muňa «Garynja gara günde...» diýilmegi hem şaýatlyk edýär. Eýsem, müçesi kiçi bolsa-da, öz agramyndan ep-esli agyr ýüki göterip, gije-gündiz gars kakyp ýören jandarlar hakynda nämeleri bilýäris? Biziň ýurdumyzda garynjalaryň 107 görnüşi duşýar. Olaryň 52-si daglarda we dag-eteklerinde, 29-sy derýalaryň jülgelerinde, 26-sy bolsa çöllük ýerlerde duş gelýär.

Türkmeniň milli mukaddeslikleri

Milli Liderimiziň pähim-paýhasyndan dörän «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitaby ýaş nesli watansöýüjilik, wepadarlyk, ynam-ygrarlylyk ruhunda terbiýelemekde iňňän gymmatly gollanmadyr. Şundan ugur alyp, kitapdaky şu dürdäne pähimleri okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik. Zeminiň abatlygy — dünýäniň owadanlygy, tebigy deňagramlylygyň hemişelik saklanmagy.

Zenan gözelliginiň gözbaşy

Ata Watanymyzda zenanlara goýulýan sylag-sarpa belentdir. Gahryman Arkadagymyz mährem enelerimizi, gül ýüzli gelin-gyzlarymyzy beýik mertebe bilen arzylaýar. Olar baradaky aladany birjik-de ünsden düşürmeýär. Ýurdumyzda Halkara zenanlar güni mynasybetli zenanlaryň uly topary Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly ady, «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglanylýar. Köp çagaly enelerimize ähli amatlylyklary bolan döwrebap ýaşaýyş jaýlary berilýär, şeýle-de pul sowgatlary gowşurylýar. Mähir-muhabbete ýugrulan bu aladalaryň ählisi zenanlarymyzy diýseň guwandyrýar, buýsandyrýar. Ýurdumyzda gender deňligi ileri tutulýar. Şonuň esasynda zenanlar erkekler bilen deň hatarda ähli ugurlarda zähmet çekýärler. Bu hormata biz — zenanlar hem mynasyp jogap bermelidiris. Ýagny, haýsy kärde zähmet çekýändigimize garamazdan, milliligimizi, edepliligi gözden salmaly däldiris. Çünki zenan edebi gözelligiň gözbaşydyr. Zenan edepli, agras, mylakatly bolanda, şol öýüň gözelligi hem düýbünden başgaça bolýar. Şol bir wagtyň özünde-de zenanlara öýüň tämizligi, biş-düş, çaga terbiýesi, olara görüm-görelde bolmak hem mahsusdyr. Öýe girmänkäň, öýüň arassaçylygyndan öýde nähili bikäniň bardygyny aňmak bolýar. Şol öýuň myhman kabul edişi hem öý bikesine gönüden-göni baglydyr.

Terbiýeçilik ähmiýetli eserler

Hormatly Prezidentimiziň ajaýyp eserleri her bir işde bolşy ýaly, dil baýlygymyzy, milli mirasymyzy ösdürmekde hem ählimiz üçin nusgalyk mekdepdir. Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan ajaýyp kitaplar ýaş nesle bilim-terbiýe bermekde biziň esasy gollanmamyza öwrüldi. Çagalar bagynda körpeler bilen geçýän sapaklarymyzy, terbiýeçilik ähmiýetli çärelerimizi milli Liderimiziň ajaýyp kitaplarynyň çuňňur many-mazmunyndan ugur alyp geçýäris. Ata Watanymyzyň geljegi hasaplanylýan körpe nesli döwrebap, edepli-terbiýeli edip ýetişdirmekde hormatly Prezidentimiziň «Döwlet guşy», «Mertler Watany beýgeldýär», «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitaplaryny aýratyn bellemek gerek. Bu kitaplardaky paýhasly jümleleri, nakyllardyr atalar sözlerini çagalara giňişleýin düşündirmek bilen, olaryň ýagşy dost tutunmaklaryny, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermeklerini, milli medeniýetimize sarpa goýmaklaryny, gaýduwsyz, belent adamkärçilikli bolmaklaryny ündeýäris. Biz şol eserler boýunça geçirýän bäsleşiklerimizde sahna oýunlaryny guraýarys. Çagalar milli Liderimiziň ajaýyp eserlerindäki jümleleri ýatdan aýdýarlar. Geçirýän baýramçylyk çärelerimize biz çagalaryň ene-atalaryny hem çagyrýarys. Olar öz çagalaryna berilýän döwrebap terbiýeden hoşal bolýarlar. Sebäbi her bir ata-ene perzendiniň ylymly-bilimli, zehinli, halkymyza gerekli ynsan bolup ýetişmegini a

Saglyk — abatlyk

Soňky ýyllarda köpçülikleýin bedenterbiýe we sport ildeşlerimiziň her biriniň durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Bu ýurtda sagdyn jemgyýetiň binýadyny berkitmekde, ynsan saglygyny goramakda we keselleriň öňüni almakda möhüm şertleriň biridir. Ýurdumyzda sport görnüşleriniň, sport desgalarynyň we toplumlarynyň sany bilen birlikde sporty söýüjileriň-de, ussat türgenleriň-de sany barha köpelýär. Bu bolsa sportuň uzak asyryň dowamynda adamzadyň döreden özboluşly güýmenjesi bolmagyndan, ynsan durmuşyna gözellik, rowaçlyk we bagtyýarlyk çaýýan gymmatlyk derejesine çenli özgerendigini görkezýär. Bu hakykata biz gündelik durmuşymyzda doly göz ýetirýäris. Ýurdumyzyň sport ulgamynda döredilýän mümkinçiliklerden ruhlanyp, ýylyň-ýylyna öz kämillik derejelerini artdyrýan türkmen türgenleri dünýäniň sport arenasynda Watanymyzyň abraýyny has-da belende galdyrýarlar. Şeýle türgenleriň sanyny yzygiderli artdyrmak biziň esasy wezipämizdir. Biz sporta ählihalk derejesinde uly ähmiýet berýän milli Liderimiziň göreldesine eýermek bilen, türgenleriň diňe bir bedenini taplamak we olaryň ukyp-başarnyklaryny artdyrmak bilen çäklenmän, eýsem, olaryň hemmetaraplaýyn kämil şahsyýet hökmünde kemala gelmekleri babatda hem alada edýäris. Bu bolsa jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmeklige, şol sanda ýaşlary bedenterbiýe we sport hereketine giňden çekmeklige, olaryň ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylýa

Täzelikler

Diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem, dünýä bazarlarynda barha ösýän islegleri kanagatlandyrmaga gönükdirilen ýokary hilli önümleri öndürýän kärhanalaryň birisi Halajyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky nah-ýüplük egriji fabrigidir. Bu ýerde dürli ölçegdäki nah ýüplükleriň bäş görnüşi öndürilýär. Fabrigiň işçileri ýokary hilli senagat önümlerini öndürmekde geçen ýyllarda baý iş tejribesini topladylar. Yhlasly we tutanýerli zähmetiň netijesi bolan önümlere Russiýa, Türkiýe, Polşa ýaly ýurtlar we dünýä meşhur firmalaryň onlarçasy aýratyn uly isleg bildirýärler. Ykdysatçy Bäşim Orazow geçen ýylda öndürilen önümleriň 16 million manatlyga golaýynyň daşary ýurtlara eksport edilendigini aýdýar. Ýakymly täsirleri galdyran ýylda fabrik boýunça meýilleşdirilen 36 million 426 müň manatlygyň ýerine 41 million 958 müň manatlyk nah ýüplük öndürildi. Kärhananyň işçileri Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylyny hem üstünliklere beslemek üçin ruhubelent zähmet çekýärler. * * *Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň welaýat komitetiniň guramagynda 2021-nji ýylyň «Türkmenistan ― parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegi mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi.

Durnukly ösüşiň miweleri

Täze — 2021-nji ýylymyz turuwbaşdan şanly wakalara beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň welaýatymyza iş saparyny amala aşyran günleri sebitde we dünýäde parahatçylygy berkitmäge, goňşy we beýleki ýurtlar bilen biri-birine ynanyşmak arkaly özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen möhüm taryhy ähmiýetli wakalar bolup geçdi. Owganystan Yslam Respublikasynyň Akina şäherinden Andhoýa çenli uzynlygy 30 kilometre barabar bolan demir ýol, Kerkiden Şibirgana çenli 153 kilometrlik elektrik geçiriji, şonuň ýaly-da Ymamnazar — Akina hem-de Serhetabat —Turgundy ugry boýunça optiki-süýümli halkara ulgam, «Malaý» gaz känindäki täze gaz gysyjy desga işe girizildi. Bu şanly wakalar sebitde we dünýäde durnukly ösüşi üpjün etmek arkaly parahatçylygy berkitmek boýunça asylly başlangyçlary öňe sürýän ata Watanymyzyň halkara abraýynyň barha artýandygyny ýene bir gezek äşgär etdi. Bitaraplyk we «Açyk gapylar» syýasatyny ýöredýän Türkmenistanyň Owganystanyň durnukly ykdysady ösüşini üpjün etmegi nazarlaýan taslamalary maliýeleşdirmäge işjeň gatnaşmagy biziň ýurdumyzyň öz mümkinçiliklerini parahatçylygyň, hoşniýetli goňşuçylygyň, giň möçberli we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň bähbitlerine hyzmat etmäge ugrukdyrýandygyny görkezýär. Munuň goňşy ýurduň ykdysadyýetiniň dikeldilmegine, parahatçylygyň berkidilmegine ýardam etjekdigi ikuçsuzdyr. «Malaý» gaz ýatagynda gaz gysyjy desganyň

Döwre şan beren iki gün

Bu iki gün barada heniz kän ýazylar, kän-kän gürrüň ediler. Ýöne şunça ýazgy, şunça gürrüň iki güne sygan wakalaryň beýanyna az geler. Ýaşalyp ýörülse, söze sygmaýan pursatlar kän bolýar. Ynha, hormatly Prezidentimiziň geçen hepdede welaýatymyza amala aşyran iş saparyny gypynçsyz şeýle pursatlaryň hatarynda goýup bolar. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW:

Şekillere siňen gözellik

Pasyllaryň hersiniň özboluşly owadanlygy, özüne çekiji ajaýyp bir keşbi bar. Gyşda tutuş barlyk ak gar bilen örtülse, bahar gelende, tebigat janlanýar, meýdanlar al-ýaşyl begrese bürenýär. Jöwzaly tomusda miwelerini bolluk bilen eçilen baglaryň ýapraklary tyllaýy güýz gelende älem-jahanyň ýüzüni altynsow reňke boýaýar. Pasyllaryň tebigata eçilýän tükenmez bu üýtgeşik gözellikleri islendik ynsany özüne bendi edýär. Ol aýratyn hem döredijilik bilen meşgullanýanlary biparh goýanok. Welaýatymyzyň Çagalar sungat we çeperçilik mekdepleriniň suratkeşleri hem şeýle gözellikleri öz eserlerinde şekillendirmekden uly lezzet alýarlar. Biz muňa «Arkadagly Watan ― türkmeniň bagty, Bitaraplyk saçýar ýollara ýagty» ady bilen geçirilen sergi bäsleşiginde hem ýene bir gezek göz ýetirdik. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň bilelikde yglan eden bu bäsleşigi ukyp-başarnykly ýaşlary ýüze çykardy. Biz bu döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileriniň birnäçesiniň ýürek buýsanjyny beýan edýäris. Selbi  RUSLANOWA,Dänew etrabynyň Seýdi şäherindäki ýöriteleşdirilen 19-njy orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy:

Tutumly taslamalar — Şanly ýylymyzyň rowaçlygynyň buşlugy

Eziz Arkadagymyzyň Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynyň ilkinji günlerinde welaýatymyza amala aşyran iş saparynyň dowamynda halkara derejesindäki möhüm ähmiýetli desgalaryň birbada bäşisine — Akina—Andhoý menzilleriniň arasyndaky 30 kilometrlik demir ýolunyň, Kerki — Şibirgan ugry boýunça güýjenmesi 500 kilowolt bolan 153 kilometrlik elektrik geçiriji ulgamyň, Ymamnazar —Akina we Serhetabat —Turgundy optiki-süýümli halkara ulgamyň, şeýle hem Çärjew etrabynyň çägindäki «Malaý» gaz käninde ýyllyk kuwwaty 30 milliard kub metre barabar bolan täze gaz gysyjy desganyň işe girizilmegine ak pata bermegi ulus-ilimiziň göwün guşuny ganatlandyryp, ruhuny belende göterdi. Şu günler diňe bir welaýatymyzyň durmuşynda däl, eýsem, dünýä jemgyýetçiliginde hem tolgundyryjy duýgulary döredip, hakydalarda öçmejek yz goýan taryhy wakalara şaýat bolmagyň şatlygy ildeşlerimiziň uludan-kiçisiniň kalbyny egsilmez buýsanja besleýär. Bu taryhy waka mynasybetli geçen şenbe güni welaýat häkimliginde welaýatymyzyň iri jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, edara-kärhanalaryň ýolbaşçylarynyň, il sylagly ýaşulularyň hem-de kümüş saçly eneleriň gatnaşmaklarynda hoşallyk maslahaty geçirildi. Maslahaty welaýat häkimi Şöhrat Amangeldiýew açyp, hormatly Prezidentimiziň welaýatymyza Şa gadamynyň düşmegi bilen ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýy

Işine ussat mugallym

Hormatly Prezidentimiziň saýasynda ýaşlaryň ylym-bilim almaklary üçin döredilýän mümkinçilikleriň gerimi ýylsaýyn giňeýär. Dünýä ylmynyň ösüşinden, döwrüň şu günki talabyndan ugur alyp, hemmetaraplaýyn kämil ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek bolsa mugallymlaryň paýyna düşýär. Taryhymyzy çuňňur öwrenip, ýaş nesliň zamanabap bilim almagy üçin yhlas edýän mugallymlaryň biri-de Dänew etrabyndaky 35-nji orta mekdebiň taryh mugallymy Alyşer Narkulyýewdir. Ol okuwçylaryň her bir sapagy doly özleşdirmekleri, taryhymyzy içgin öwrenmekleri üçin meýilnama boýunça okuw gezelençlerini guraýar. Okuwçylar taryhymyzy içgin öwrenmek bilen, guralýan okuw gezelençleriniň dowamynda sapakda öwredilýän maglumatlaryň üstüni doldurýarlar, adamzat gymmatlyklaryny, geçmişimiziň ýeke-täk nusgasyna öwrülen maddy ýadygärliklerimizi synlamaga mümkinçilikler alýarlar. Öwrenýän maglumatlary olaryň Watanymyza bolan buýsanç duýgularyny artdyrýar.

Sazlaşykly ýaşaýyş ýörelgesi

Ekoabadançylygy üpjün etmek meselesi taryha giren geçen ýyla mahsus bolan ajaýyp sypatlaryň biri hökmünde ýadymyzda galdy. Ildeşlerimizde daş-töweregimizi gurşap alýan tebigata aýawly garaýşyň kemala gelmegi, agaç nahallaryny oturdyp, tebigy baýlyklarymyzy köpeltmäge şahsy goşant goşmaga ymtylýanlaryň sanynyň artmagy ata-babalarymyzyň tebigat bilen sazlaşykly ýaşaşmak boýunça ýörelgeleriniň has dabaralanýandygyny görkezdi. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen daşky gurşawy, tebigatymyzy goramak döwlet syýasatynda ileri tutulýan möhüm ugurlaryň birine öwrüldi. Ýurdumyzda tebigaty goramak, onuň baýlyklaryndan rejeli peýdalanmak, biologiki dürlüligi baýlaşdyrmak boýunça geçen ýylda giň möçberli işler amala aşyryldy. Döwlet Baştutanymyzyň mähriban Watanymyzyň tebigatyny has gözelleşdirmek, daragtlaryň, ösümlikleriň nahallaryny oturdyp, ekologik durnuklylygy gowulandyrmak hem-de ýurdumyzyň demirgazyk sebitlerinde çölleşmäniň garşysyna göreşmek boýunça öňde goýýan wezipeleri geçen ýylda üstünlikli durmuşa geçirildi.

Goşgular çemeni

ArkadagWatanymyz kuwwatlandy, galkyndySaýaňyzda sahawatly Arkadag!Daşyňyza jebisleşdi halk indi,Milletiň Gün kibi çoýýaň Arkadag! Pyragyň arzuwyn edensoň amal,Berkarar döwletim tapyndy kemal,Öwüsýär üstümizde bagtyýar şemal,Şoň üçin ýürekden söýýäs Arkadag!

Sag başym — soltan başym

Bir gezeklik agyz-burun örtügini 2 sagatdan artyk ulanmak maslahat berilmeýär. Birek-birek bilen 2 metr howpsuz aralygy saklaň!

Jümle-jahan habarlary

Sagano — bambuk tokaýlygy Sagano bambuk tokaýlygy Ýaponiýanyň iň gözel ýerleriniň biridir. Ol ýurduň Kioto şäheriniň günbatar eteginde, Araşiýama seýilgähinde ýerleşýär. Bu tokaýlygyň tutýan umumy meýdany 16 inedördül kilometre barabar bolup, onda gös-göni ösýän bambuklaryň müňlerçe düýbi bardyr. Täsin tokaýlygy XIV asyrda ussat bagban Muso Soseki döredipdir. Bu ýer diňe bir adatdan daşary gözelligi bilen däl, eýsem, şemalyň ýuka bambuk baldaklary bilen galtaşmagy netijesinde döreýän özboluşly sesiň ýaňlanýandygy bilen hem meşhurlyk gazandy. Sagano tokaýlygyna gelýänler gulaga ýakymly owazyň rahatlandyryjy täsiriniň bardygyny belleýärler. Şol sebäpli bu täsin ýer ýurduň ilatynyň we dünýäniň jahankeşdeleriniň arasynda uly meşhurlykdan peýdalanýar.