Täzelikler

18 Ýanwar 2021
1620

Diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem, dünýä bazarlarynda barha ösýän islegleri kanagatlandyrmaga gönükdirilen ýokary hilli önümleri öndürýän kärhanalaryň birisi Halajyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky nah-ýüplük egriji fabrigidir. Bu ýerde dürli ölçegdäki nah ýüplükleriň bäş görnüşi öndürilýär.

Fabrigiň işçileri ýokary hilli senagat önümlerini öndürmekde geçen ýyllarda baý iş tejribesini topladylar. Yhlasly we tutanýerli zähmetiň netijesi bolan önümlere Russiýa, Türkiýe, Polşa ýaly ýurtlar we dünýä meşhur firmalaryň onlarçasy aýratyn uly isleg bildirýärler. Ykdysatçy Bäşim Orazow geçen ýylda öndürilen önümleriň 16 million manatlyga golaýynyň daşary ýurtlara eksport edilendigini aýdýar. Ýakymly täsirleri galdyran ýylda fabrik boýunça meýilleşdirilen 36 million 426 müň manatlygyň ýerine 41 million 958 müň manatlyk nah ýüplük öndürildi. Kärhananyň işçileri Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylyny hem üstünliklere beslemek üçin ruhubelent zähmet çekýärler.
* * *
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň welaýat komitetiniň guramagynda 2021-nji ýylyň «Türkmenistan ― parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegi mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi.