Önümçilik kuwwatlyklaryny toplumlaýyn ösdürmek ugrunda

5 Fewral 2021
965

3-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, degişli ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň rektorlarynyň gatnaşmaklarynda oba hojalygyny ösdürmek boýunça sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi.

Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyny açyp, ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda geçen ýylyň dowamynda alnyp barlan işleriň netijelerine serediljekdigini bellemek bilen, agrosenagat toplumynyň döwletimiziň ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň biridigini nygtady. Şoňa görä-de biziň bu ugurda gazanýan üstünliklerimiz, ýurdumyzda azyk bolçulygyny we halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek köp derejede bu pudagyň netijeli ösdürilmegine baglydyr.